"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Terbiýe we taryh

Terbiýe meselesi müdimilik häsiýete eýe. Çünki adam terbiýäniň üsti bilen öz nesliniň has gowy ýaşamagy ugrunda alada edýär. Gowy ýaşamak diýmek bolsa, durmuşyň ähli sapaklaryndan mynasyp baş alyp çykmak, parahat, bagtyýar durmuşda ýaşaýan döwrüňde bagtyýarlyga guwanmagy, buýsanmagy başarmak diýmekdir. Şonuň üçin nesiller kalbynda ýagşy günlere bolan ajaýyp umytlaryny tug edinip, maksatlaryna ýetmek üçin hereket etmelidirler. Ine, şu we beýleki ajaýyp häsiýetleri jemlemek milli terbiýe mekdebiniň kämilligini talap edýär. Gahryman Arkadagymyz hem 2021-2022-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ýaş nesilleri bilen şeýle nusgalyk milli terbiýä beslenen umumy okuw sapagyny geçdi. Bu okuw sapagynyň düýp many-mazmunynyň terbiýe bilen gös-göni baglanyşyklydygy onuň taryhy ähmiýetini ýokarlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň okuw sapagynyň başyny: «Men şu gün siziň bilen duşuşyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda umumy sapak geçmek barada karara geldim» diýen sözler bilen başlamagy-da muňa aýdyň mysal boldy.

Garaşsyzlyk – baky bagtym, buýsanjym!

Heňňam üçin 30 ýyl uzak wagt däl, emma ynsan üçin alys menzil. Bu menzilde wajyp meseleleri çözmäge, öz ukyp-başarnygyňy kämilleşdirmäge, döwür üçin, ýurt üçin, Gahryman Arkadagymyz üçin hyzmat etmäge ajaýyp pursatlar döreýär. Döwlet berkararlygy döwür bagtyýarlygyny nesillere baky peşgeş edýär. Raýatlaryň kalbynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana bolan mukaddes söýgini, ebedi alkyşy ýaşadýar. Şeýle ynsanlaryň döwlet, halk, mukaddes Garaşsyzlyk üçin ak ýürekden zähmet çekýändigi, halallygy, ynsaplylygy, agzybirligi ýaran edinip ýaşaýandygy nygtalmaga mynasypdyr. Garaşsyzlyk — türkmen halkynyň alnyndan bagtyýarlygy buşlap dogan täze Gün. Garaşsyzlyk — Türkmenistan atly ýurdy dünýä kartasynda ebedi şöhlelendiren gymmatly buýsanç. Garaşsyzlyk — milletiň asyrlarboýy arzuwlap gezen ynam-ygtykatynyň, ýagşy arzuw-dilegleriniň beýik wysaly. Ata Watanymyzyň özygtyýarly we özbaşdak ösüş ýoluna gadam basmagy mähriban halkymyz üçin ägirt uly ähmiýeti bolan taryhy wakadyr. 1991-nji ýylyň güýzünde türkmen halkynyň öz garaşsyz döwletini gurmak barada asyrlaryň dowamynda ýaşap gelen mukaddes arzuw-islegleriniň hasyl bolandygyny, ýurdumyzyň taryhynda täze zamananyň başlanandygyny doly esas bilen aýdyp bolar. Garaşsyzlyk ýolunda geçilen her bir gün özboluşly şan-şöhratly we taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý boldy. Bu wakalar ata Watanymyzyň täze depgin bilen öňe b

Ýol asudalygy — il asudalygy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli işler amala aşyrylýar. Şonuň bilen baglylykda ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegini gazanmak maksady bilen, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk bilen baglanyşykly podpolkownik Şirgeldi Öräýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynda, Harby awtomobil gözegçiliginiň gözegçileriniň gatnaşmagynda harby bölümleriň, edara-kärhanalaryň awtomobil gullugynyň müdirleri, tehniki barlag goýberiş nokadynyň müdirleri hem-de harby awtoulaglaryň sürüjileri bilen täsirli wagyz-nesihat çäresi guraldy. Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýollarymyzda hereketiň howpsuz bolmagyny üpjün etmekde sürüjileriň, edil şonuň ýaly-da, beýleki herekete gatnaşyjylaryň üstlerine uly jogapkärçiligiň düşýändigini belläp, ýörite taýýarlanan wideoşekilleri görkezip, peýdaly maslahatlar berdiler. Goý, Watanymyzyň asudalygyny goraýan merdana Watan goragçylary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzyň eşretli durmuşy hem-de röwşen geljegi üçin ýadawsyz aladalar edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Ezber sürüjiler

Ýaňy-ýakynda podpolkownik Muhammetberdi Kakajanowyň serkerdelik edýän harby bölüminde kapitan Saparmurat Bazarowyň ýolbaşçylygynda ýaş sürüjiler bilen geçirilen okuw ýygnynyň çäginde sürüjiler bilen sürüş gönükmesi ýerine ýetirildi. Sürüş gönükmesi geçirilmezden öň, harby gullukçylara harby tehnika erk etmegiň inçe tärleri, päsgelçilikden geçmegiň aýratynlyklary, harby tehnikada ýüze çykýan ýagdaýlar barada görkezme okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy ýaş sürüjilerde uly täsir galdyrdy. Sürüşiň dowamynda harby gullukçylar gönükmäniň şertine laýyklykda bellenilen aralygy doly we üstünlikli geçmegi başardylar. Esger Umid Raşidow bu ýörişde beýlekilerden has tapawutlanmagy başardy. Ahmet NAZAROW, maýor.

Kanuny düşünjeler artdyrylýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe watançy, gaýduwsyz, peder aslyna wepaly ýigitleri ýetişdirmäge iňňän uly ähmiýet berilýär. Olary ata Watanyň mukaddes goragyna ruhlandyrmaga harby gulluga gadam basan ilkinji pursatlaryndan girişilýär. Döwlet serhet gullugymyzyň düzümlerinde harby gulluga gelen ýaş esgerleri harby hünärden kämil derejede baş çykarar ýaly edip ýetişdirmek babatyndaky çärelere giň gerim berilýär. Şolaryň hatarynda harby bölümleriň okuw merkezlerinde harby hünäriň syrlaryny ele almaga girişen esgerleriň arasynda geçirilen «Düzgün-nyzam kanuny berjaý etmekden başlanýar» atly bäsleşigi hem agzamak bolar. Gyzykly geçen bu bäsleşikde emin agzalary bäsleşigiň ähli şertleri boýunça taýýarlanan sowallaryň çylşyrymlylygyna, manylylygyna, şeýle hem esgerleriň bu sowallary gysga wagtda dogry çözüşlerine hem-de oňa köpçülikleýin işjeň gatnaşyşlaryna baha berdiler. Bäsleşigiň ýeňijilerini birbada aýan etmek eminler toparyna ýeňil düşmedi. Şeýle-de bolsa, ökdeden ökdäniň bolşy ýaly, harby gulluga gelen esgerleriň has ukyplylary bäsleşigiň ýeňijileri bolmagy başardylar. Olara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Arassa howa — ömrüňe dowam

Tebigatyň perzendi bolan ynsana iň gerekli zatlaryň biri-de — howadyr. Has dogrusy, tämiz howadyr. «Howa» diýmek — «nepes» diýmek, «dem» diýmek. Halkymyzda «nepesiňi durlamak», «demiňi dürsemek» diýen ýaly düşünjeler hem adamyň ruhy we beden sagdynlygy bilen berk baglydyr. Tebigat düzülgi duran dutar mysaly. Onuň mylaýym äheňde owaz edip durmagy-da belli bir derejede adama bagly. Ynsan bilen tebigatyň gatnaşygynyň üzülen ýa-da gowşan halatynda bizi gurşap alýan ähli zatlara zeper ýetýär. Hut şonuň üçinem, adama näzik hem özdiýenli tebigata bolan gatnaşykda iňňän seresap bolmak hökmany. Çünki ol özüniň ýekeje hereketi bilen tebigatyň onlarça, hatda ondan hem köpýyllyk gözelligine täsir edip bilýär.

Arkadagymyzyň geçen okuw sapagy

Bilim — bagtyýarlygyň binýady, okgunly ösüşleriňdir özgerişlikleriň gözbaşy. Bilim — atadan ogla miras galyp biljek iň gymmatly baýlyk. Hakykatyň heňňam hekaýatlary munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen subut edýär. Hut şoňa görä-de, gadymy halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda türkmen nesilleriniň edep-terbiýesi, aň-düşünjesi bilen baglanyşykly meseleleri döwrüň iň derwaýys wezipesine öwrendigine taryh gözli şaýat. Ýaşlarymyzyň ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine bagyş etmelidiklerini sargyt edýän hormatly Prezidentimiz täze, 2021-2022-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda umumy sapak geçen pursatlarynda, biz halkymyzyň bilim, terbiýe bilen baglanyşykly asylly ýörelgesiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir gezek şaýady bolduk.

Sanly ulgam — şu günüň we geljegiň ösüşi

Berkarar döwletimiziň röwşen geljegini özüniň aýdyň ýoly bilen ýöredýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün bagtyýarlyk döwrümizde dünýä derejesinde ösýän hem özgerýän Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz örän baý wakalary bilen diňe geçmiş taryhyň däl, eýsem, geljek üçin hem öz döwrüniň mizemez eşretlerini halkymyza bakylyk miwesi hökmünde goýup gelýär. Ata-baba arzuwlap gelen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bu ýyl — hormatly Prezidentimiziň paýhas nurundan sünnälenip çykan parasatly hem öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz şanly 30 ýyly arka atýar, şanly 30 ýyllyk ýubileýini uly baýram, uly toý edip belleýär! Beýik özgertmeler döwrümizi bize peşgeş beren milli Liderimiziň döwlet baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda öň görülmedik ösüşlere ýetildi. Oba hojalygy, ylym-bilim, ykdysadyýet, maliýe, gurluşyk we senagat önümçiligi, söwda gatnaşyklary ýaly ulgamlaryň ählisinde hem uly netijelere eýe bolundy.

Kadaly iýmitlenmek

Saglygyň sakasy talabalaýyk iýmitlenmäge baglydyr. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Bedene zerur önümler ýetmese, ösüş, täzeleniş düzgüni bozulýar. Iýmit bilen alynýan belok esasy orunda durýar. Dokumalar, öýjükler, beden agzalary, fiziologik maddalar — gan, limfa belogyň gatnaşmagynda täzelenýär, özgerýär, ösýär. Uglewodlar bedende madda çalşygyny kadalaşdyrmakdan daşary güýç-gaýrat, ýylylyk çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ýag beloga, uglewoda garanyňda ýylylygy iki esseden hem agdygrak bölüp çykarýar. Bedene derwaýys suw, duz, witaminler bolup, mikroelementler ösüşi, madda hem suw-duz çalşygyny sazlaşdyrýar. Adam olaryň ählisini ýeterlik mukdarda almaly. Gün içinde dört-bäş gezek, dürli-dürli naharlardan az-azdan naharlanmaly. Gapdalyndan gök önümler, miweler iýilse, şerbetler, arassa suw içilse has-da peýdaly. Naharlananyňda hem iýmitler howlukman, oňat çeýnelip, ýuwdulmalydyr. Aşgazan mäzleriniň çykarýan şiresiniň zerur jisimleri işläp taýýarlaýşy bozulmaz ýaly, nahar wagty iş-aladalary unutmaly. Çaýy nahardan ýarym sagat geçeninden soň içmeli.

Mähriban mesgen

Süýt reňkli «Žiguli» obanyň çetinden giriberende sürüjiniň gapdalynda oturan elli-elli bäş ýaşlaryndaky saçy çalaran adam sürüjä ýüzlendi: — Şu ýerde saklaý!

Iň beýik simfoniýa

Iň beýik simfoniýa hakynda eşidip görüpmidiňiz?! Eşidip görmedigem bolsaňyz, onuň iň beýik, iň mukaddes, iň keramatly simfoniýadygyny bilmezden diňläb-ä görensiňiz, elbetde. Öňde biriniň diýşi ýaly: «Garga «gagyldasa», serçe «jürküldedi». Gaz «garkyldady», jikjiki «jik-jik» etdi. Käkilik saýrap-saýrap, gülüň töwereginde perwazlar urdy porhana dönüp. Toty suhangöýlük bilen heň aldy şirwan perdeden. Diňe ölüminiň öň ýany bir ýola owaz edýän guwa näme diýersiň, şol hem kemlikden galyp barýan mysaly soňky aýdymyna gygyryp galdy. Aý, garaz, nätjek baryny birme-bir sanap. Sesleri gyrylýança, jan-jiger boluşdylar. Ýöne olaryň azaby ýel äkiden peşmege döndi. Nobaty alan bilbil hem bir şeýdalyk kyldy, bogazynda heňleriň şirinini gaýnatdy». Eger-eger hiç guşuň saýraýşam bu simfoniýanyň belentligine göterilip bilmedi... Bu mukam — bir sadalykdan dörän beýiklik. Onuň eden açyşlary ylmyň çäginden juda-juda alyslarda. Asyrlar aşyp, alymlaryň müňlerçe nesli çalşanam bolsa, heniz-henizler-ä bu beýik simfoniýany hiç kim doly öwrenip bilmedi. Öwrenibem biler öýdemok. Bu simfoniýanyň näderejede beýikdigini, şeýledigi üçin ýyldyzlaryň sanyna akyl ýetiren alymyňam bu simfoniýany öwrenip bilmejekdigini düşündirmek isläp näler yhlas etsemem, bärden gaýdaryn men. Muňa gözüm ýetip durka-da ýazasym gelýär ýöne. Süňňüne keramat siňdiren bu syrly mukamyň jadysy özüne kökerýär meni. Millionlarça ýagşy niý

Arassaçylyk saglygyň girewidir

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähim-paýhasdan ugur alýan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, abadançylygyny has-da ýokarlandyrmak üçin alyp barýan syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hem, il-günüň saglygydyr. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek bilen birnäçe ýokanç keselleriň, esasan hem häzirki wagtda duş gelýän ýiti respirator keselleriniň öňüni alyp bolýar. Arassaçylyk düzgünlerine — şahsy gigiýenany berjaý etmek, ýaşaýan, işleýän otaglaryň arassaçylygyny berjaý etmek baradaky aşakdaky talaplar girýär: - Elleri elmydama arassa saklamaly, onuň üçin nahar iýmezden öň we daşardan geleniňizden, islendik bir zady elläniňizden soň, elleriňizi sabyn bilen akar suwuň aşagynda gowy ýuwmaly. Elleri zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalap durmaly;

Buýsançnama

Aziýanyň merjeni,Paýtagtym Aşgabadym!Gözellikleriň, görküň,Ylhamym, joşgun badym. Älemiň çar künjüne,Ýaýrandyr şan-şöhratyň.Buýsanç bilen tutulýar,Kalba ýakymly adyň.

Ýurdumyz asuda, ilimiz abat

Öňňin, ýagny 7-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda döwletiň howpsuzlygyny, jemgyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy. Mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary özleriniň garamagyndaky düzümlerde alnyp barlan işler, öňde durýan wezipeler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdiler. Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak harby özgertmelerde ileri tutulýan wezipeleriň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga mundan beýläk-de aýratyn ähmiýet bermegiň wajypdygyny nygtap, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin möhüm çäreleri görmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Ekologiýa, saglyk we welosport

Geçen ýekşenbe güni hormatly Prezidentimiz adaty däbe eýerip, beden maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç etdi. Şeýle hem milli Liderimiz ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Döwlet Baştutanymyz welosipedli ýörişiň dowamynda bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlygyny, dag etekleriniň ajaýyplyklaryny we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ak mermerli Aşgabadyň göze gelüwli binalaryny synlady. Halkyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugrudyr. Milli Liderimiz sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesini jemgyýetde giňden ornaşdyrmagy esasy wezipeleriň biri hökmünde yglan etdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped güni ýurdumyzda we bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy. Munuň özi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga, jemgyýetde ekologiýa derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýändigini alamatlandyrýar.

Watany söýmegiň belent nusgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp günleriniň biri bolup, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan şu ýylyň 1-nji sentýabry biziň ählimiziň kalbymyzda hemişelik orun aldy. Biz hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçiren şol günki umumy okuw sapagy, Watany söýmegiň belent duýgularyna beslenmek bilen, diňe bir ýurdumyzyň ýaşlary üçin däl-de, eýsem, her bir raýatymyz, hususan hem, Watan goragçylary üçin watansöýüjiligiň belent nusgasy boldy diýip buýsanç bilen aýdyp bileris. Döwlet Baştutanymyzyň geçiren okuw sapagynyň dowamynda ýaşlara ündän sargytlarydyr nesihat-pentleri bolsa, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy belent we çäksiz söýmegiň, oňa wepaly bolmagyň, ýurdumyza päk ýürekden gulluk etmegiň, onuň at-abraýynyň arşa galmagy üçin joşgunly zähmet çekmegiň ajaýyp beýany bolup, Watanymyzyň ýaşuly-ýaşkiçi hemmesiniň ruhy-ahlak belentliginiň, ömrüniň çuňňur manysynyň, geljege bolan ynam-ygtykatynyň berk daýanç sütünini emele getirdi. Mähriban Arkadagymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi gorap saklamagyň, ony pajarlap ösdürmegiň we halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrmagyň özeninde, ilki bilen, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegi baş ýörelge edip goýýar. Bu hakda milli Liderimiz okuw sapagynyň dowamynda: «Eýsem, Bitaraplyk bize näme berdi? Bitaraply

«Biz näm bolsak, şo bolaly, bolsa bolýar eziz Watan!»

Dünýä belli alymlaryň biri: «Hereketler sözlerden has güýçli «gürleýär» diýýär. Bu, hakykatdan-da, şeýle! Jigerbendi üçin islendik jebre her wagt häzir bolup duran eneler gijesini gündiz edip ulaldan balasyny sözlemän hem söýýär ahbetin. Bu ahwal perzendiň enä bolan söýgüsi babatda-da şeýle. Göbek ganymyz daman mukaddes topragymyzyň öňünden «ene» sözüni getirip, «ene toprak» diýip atlandyrmagymyz hem, hut şu ahwalat bilen berk baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan-da, şahyryň: Biz näm bolsak, şo bolaly,Bolsa bolýar eziz Watan! —

Bagtyň özüne ýetdirmeýän bagt

Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli baştutanlygynda her bir güni şanly ösüşlere, beýik ýeňişleredir toý-baýramlara beslenýän eziz ýurdumyz ähli ulgamlarda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň belleniljek aýynyň ilkinji gününde eziz Watanymyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçirildi. Täze okuw ýylynyň başlanmagy ylma-bilime teşne bolan biz — talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň ýüreklerini täze güýç, täze ruh, täze ynam bilen okamaga ruhlandyrdy. Milli bilim ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garaýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinden hem häzirki wagtda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary hem-de ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde harby talyplaryň, harby okuwçylaryň ýokary hilli bilim-terbiýe almaklary, hünär öwrenmekleri üçin döwrebap şertler döredilýär. Harby hünärmenleriň taýýarlanylyşyna, hünär ussatlygyny artdyrmaklaryna, olara berilýän bilimiň hiline, netijeliligine aýratyn üns berilýär. Şol sanda okuw işine kompýuter, multimedia serişdeleri, internet we elektron kitaphana ulgamlary giňden ornaşdyrylýar, sanly bili

Nusgalyk görelde kämillige badalga

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynyň her bir gününde ýetilýän sepgitler, ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler biziň her birimizi çäksiz buýsandyrýar, bagtyýarlyk döwrümiziň many-mazmunyny has-da artdyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar güni hem şeýle uly taryhy ähmiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ata Watanymyzyň mekdep okuwçylary we talyp ýaşlary bilen bilim-terbiýeçilik maksatly umumy okuw sapagyny geçmegi täze, 2021–— 2022-nji okuw ýylynyň ajaýyp başlangyjy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň geçiren bu sapagy ýurdumyzda nesilleriň sazlaşykly ösüşine we terbiýesine aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ýollar asuda — iller abadan

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni biz — merdana Watan goragçylary üçin ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Her ýylda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň yglan edilmegi milli Liderimiziň raýatlarymyz hakynda edýän ýadawsyz aladalarynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Her bir ynsanyň öz saglygyny goramakda ýol hereketiniň düzgünlerini bilmegi zerurdyr. Ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegi, köçelerde ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýän esasy şertleriň biridir. Ynsan saglygynyň goralmagynyň esasy bölegi ýol hereketiniň kadalaşdyrylmagyna baglydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň amal edilýändigini halkymyz her bir ädimde görýär. Bu aýyň çäklerinde polkownik Röwşen Aýazowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynda ýerleşýän harby bölümleriň, edara-kärhanalaryň sürüjileri bilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçirilýän maslahatlar we wagyz-nesihat çäreleri işjeň ýagdaýda amala aşyrylýar.