Garaşsyzlyk – baky bagtym, buýsanjym!

15 Sentýabr 2021
613

Heňňam üçin 30 ýyl uzak wagt däl, emma ynsan üçin alys menzil. Bu menzilde wajyp meseleleri çözmäge, öz ukyp-başarnygyňy kämilleşdirmäge, döwür üçin, ýurt üçin, Gahryman Arkadagymyz üçin hyzmat etmäge ajaýyp pursatlar döreýär. Döwlet berkararlygy döwür bagtyýarlygyny nesillere baky peşgeş edýär. Raýatlaryň kalbynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana bolan mukaddes söýgini, ebedi alkyşy ýaşadýar. Şeýle ynsanlaryň döwlet, halk, mukaddes Garaşsyzlyk üçin ak ýürekden zähmet çekýändigi, halallygy, ynsaplylygy, agzybirligi ýaran edinip ýaşaýandygy nygtalmaga mynasypdyr.

Garaşsyzlyk — türkmen halkynyň alnyndan bagtyýarlygy buşlap dogan täze Gün. Garaşsyzlyk — Türkmenistan atly ýurdy dünýä kartasynda ebedi şöhlelendiren gymmatly buýsanç. Garaşsyzlyk — milletiň asyrlarboýy arzuwlap gezen ynam-ygtykatynyň, ýagşy arzuw-dilegleriniň beýik wysaly. Ata Watanymyzyň özygtyýarly we özbaşdak ösüş ýoluna gadam basmagy mähriban halkymyz üçin ägirt uly ähmiýeti bolan taryhy wakadyr. 1991-nji ýylyň güýzünde türkmen halkynyň öz garaşsyz döwletini gurmak barada asyrlaryň dowamynda ýaşap gelen mukaddes arzuw-islegleriniň hasyl bolandygyny, ýurdumyzyň taryhynda täze zamananyň başlanandygyny doly esas bilen aýdyp bolar. Garaşsyzlyk ýolunda geçilen her bir gün özboluşly şan-şöhratly we taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý boldy. Bu wakalar ata Watanymyzyň täze depgin bilen öňe barýandygyny aýdyň görkezdi. Şeýdibem, dünýä jemgyýetçiliginiň syýasy giňişliginde Türkmenistan diýen täze döwlet döredi. Bu gün dünýäde ykrar edilen, içeri we daşary syýasatda netijeli başlangyçlary amala aşyrýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwleti bar.

Mälikguly DURDYÝEW,
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň PÝGB-niň bellige alyş we synag bölümçesiniň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.