Ýol asudalygy — il asudalygy

15 Sentýabr 2021
910

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli işler amala aşyrylýar. Şonuň bilen baglylykda ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegini gazanmak maksady bilen, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk bilen baglanyşykly podpolkownik Şirgeldi Öräýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynda, Harby awtomobil gözegçiliginiň gözegçileriniň gatnaşmagynda harby bölümleriň, edara-kärhanalaryň awtomobil gullugynyň müdirleri, tehniki barlag goýberiş nokadynyň müdirleri hem-de harby awtoulaglaryň sürüjileri bilen täsirli wagyz-nesihat çäresi guraldy. Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýollarymyzda hereketiň howpsuz bolmagyny üpjün etmekde sürüjileriň, edil şonuň ýaly-da, beýleki herekete gatnaşyjylaryň üstlerine uly jogapkärçiligiň düşýändigini belläp, ýörite taýýarlanan wideoşekilleri görkezip, peýdaly maslahatlar berdiler.

Goý, Watanymyzyň asudalygyny goraýan merdana Watan goragçylary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzyň eşretli durmuşy hem-de röwşen geljegi üçin ýadawsyz aladalar edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Süleýman AŞYRMUHAMMEDOW,
Harby awtomobil gözegçiliginiň müdiri, uly leýtenant.