Kadaly iýmitlenmek

15 Sentýabr 2021
731

Saglygyň sakasy talabalaýyk iýmitlenmäge baglydyr. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Bedene zerur önümler ýetmese, ösüş, täzeleniş düzgüni bozulýar. Iýmit bilen alynýan belok esasy orunda durýar. Dokumalar, öýjükler, beden agzalary, fiziologik maddalar — gan, limfa belogyň gatnaşmagynda täzelenýär, özgerýär, ösýär.

Uglewodlar bedende madda çalşygyny kadalaşdyrmakdan daşary güýç-gaýrat, ýylylyk çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ýag beloga, uglewoda garanyňda ýylylygy iki esseden hem agdygrak bölüp çykarýar. Bedene derwaýys suw, duz, witaminler bolup, mikroelementler ösüşi, madda hem suw-duz çalşygyny sazlaşdyrýar. Adam olaryň ählisini ýeterlik mukdarda almaly. Gün içinde dört-bäş gezek, dürli-dürli naharlardan az-azdan naharlanmaly. Gapdalyndan gök önümler, miweler iýilse, şerbetler, arassa suw içilse has-da peýdaly. Naharlananyňda hem iýmitler howlukman, oňat çeýnelip, ýuwdulmalydyr. Aşgazan mäzleriniň çykarýan şiresiniň zerur jisimleri işläp taýýarlaýşy bozulmaz ýaly, nahar wagty iş-aladalary unutmaly. Çaýy nahardan ýarym sagat geçeninden soň içmeli.

Maýa ARTYKOWA,
Aşgabat şäherindäki 14-nji Saglyk öýüniň bedenterbiýe usuly boýunça bejeriş lukmany.