"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Üstünlige barýan ýol

Durmuşymyzyň manysy, bu biziň her bir günümiziň bagta beslenmegidir. Adamyň bagtly bolmagy onuň öňünde goýan maksatlarynyň üstünlikli amala aşmagydyr. Öňde goýlan maksat gündelik edýän kiçijik işlerimizden başlanýar. Diýmek, islendik işimizde üstünlik gazanmagymyz gerekdir. Üstünlige barýan ýoly birnäçe tapgyrlara bölüp bolar: Arzuw; Ynam;Erjellik; Zähmet;Irginsizlik;Umyt.

Men — geljekki serhetçi

Paýhas donuna bürenen sabaly güýz aýynda dünýä inen günümden beýläk, ykbal meni bagtdan ýetik paýly edipdir. Muňa meniň mukaddes kärleriň biri bolan Watan serhediniň goragçysy — serhetçi kesbimem aňryýany bilen güwä geçýär. Meniň bu jogapkärli käri saýlamagyma mundan birnäçe ýyl ozal mekdep döwrümde bolan bir waka sebäp bolupdy. O mahallar men Watan, Watan goragçysy diýen sözleriň manysyna-da doly akyl ýetiremokdym. Bar zat tomusky dynç alşyň öň ýanyndaky iň soňky edebiýat sapagynda başlapdy. Şol gün edebiýat mugallymymyz Aýgül Berdiýewna bize şeýle diýdi:

Ýaşlar biz

Sagdyn ösýäs, ruhumyz hem belentde,Okaýas, döredýäs beýik döwletde.Abraý alýas sportda hem sungatda,Eziz Arkadagly bagtly ýaşlar biz. Derman — topragmyzyň müň dürli oty,Mekdep — Arkadagyň pent-nesihaty,Şamçyragdyr kitaplarnyň gymmaty,Lukman Arkadagly bagtly ýaşlar biz.

Aşgabat

Aşgabadym — arşyň ajap serpaýy,Ykballara bagt nuruny gatansyň!Heňňamlaryň baky şöhraty-şany,Şu berkarar Watan içre Watansyň! Topragyňda pederleriň yzy bar,Goýnuňda parlaýar tugy Oguzlaň.Geçmişime şan sen, geljegme ygrar,Maksatly şu günüm kalbyma guýlan.

Ählumumy ösüşiň bähbidine beýik işler

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyz hem eziz Watanymyzyň taryhyna altyn sahypalar bilen girjek ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda dünýä ähmiýetli işleriň başy başlanyldy, olaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bitirilen şol işler buýsandyryjydyr. Çünki milli Liderimiz parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň, belent maksatlaryň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýandygyny alamatlandyrmak bilen, Ýer ýüzüniň ýagty geljeginiň bähbidine halkara gatnaşyklary pugtalandyrýan ajaýyp başlangyjy, ýagny 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň gazanylmagynyň özi şu ýylyň esasy ajaýyp wakasydyr.

Bagtyýarlyk döwrüniň şanly gadamlary

Geljek ýylyň martynda Garaşsyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolanyna 30 ýyl dolýar. Şu geçen döwrüň dowamynda biziň ýurdumyz bu abraýly düzümiň ygtybarly hyzmatdaşy, özboluşly daşary syýasy derejesi bilen, Merkezi Aziýada parahatçylygy berkitmekde onuň hakyky daýanjy boldy. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly eden çykyşynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny we anyk başlangyçlaryny beýan etdi. Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça has kabul ederlikli çözgütleri gözläp tapmak hem-de ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklary ösdürmekde tagallalary birleşdirmek şol başlangyçlaryň esasy maksadydyr. Parahatçylyk, agzybirlik, ynanyşmak, jebislik gadymy hem-de müdimi türkmen halkynyň baky ýol-ýörelgesidir. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Mukaddes wezipeler

Hormatly Prezidentimiz 2021-2022-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy okuw sapagynda eden täsirli çykyşynda: «Siz gadymy ýazuw çeşmelerine, meşhur taryhçylaryň işlerine nazar aýlap görüň! Olarda türkmen halkynyň adamzat taryhynyň dowamynda parahatçylyk, ynsanperwerlik däplerine ygrarly bolandygy, beýik taryhy we medeniýeti döredendigi ykrar edilýär. Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly beýik şahsyýetlerimiziň döreden kuwwatly türkmen döwletleri dünýä taryhyna altyn sahypalary ýazdy. Görogly beg, Baýram han, Soltan Jelaleddin, Keýmir kör, Gowşut han ýaly merdana gahrymanlarymyz il-ýurt üçin ata çykypdyrlar. Watan goragy ugrunda janyny orta goýan milli gahrymanlarymyzyň ömür ýollary nesiller üçin mertligiň hem-de gaýduwsyzlygyň nusgalyk mekdebidir» diýip belledi. Eziz Arkadagymyzyň bu okuw sapagynda mertlik, merdanalyk, gahrymançylyk, watansöýüjilik bilen bagly dürli taryhy şahsyýetlerimizi nusga getirmek arkaly beren täsirli gürrüňleri biz — harby gullukçylaryň ruhlaryny has hem belende göterdi. Ähli babatda nusgalyk görelde görkezýän milli Liderimiz özüniň ussat mugallymçylyk tejribesi bilen biz — harby mugallymlar üçin hem harby talyplary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegiň iň kämil usullaryny görkezýär. Alym Arkadagymyz geçiren umumy okuw sapagynda watansöýüjiligi, milliligi, taryhy şahsyýetlerimize hormat-sarpany giňişleýin wagyz

Halkara gatnaşyklaryndaky hyzmatdaşlyk

Heňňam döräli bäri ýürekdeşligi, maksada okgunly öňegidişlikleri, lebzi halallygy, goňşy halklary we dünýä döwletleri bilen ysnyşykly parahatçylyk ýörelgeleri esasynda tanalýan ýurt — biziň ata Watanymyz Türkmenistan. Garaşsyzlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza eýe bolanymyzdan soňra, birnäçe iri halkara guramalaryň edara binalarynyň öňünde ýaşyl reňkli mukaddes türkmen Tugumyzyň buýsançly parlap durmagy, bu halkara gatnaşyklarynyň häzirki wagtda hem dowamatynyň dowamdygyny dünýä äşgär edýär. Şeýle iri halkara hyzmatdaşlyklaryň özeninde bolsa, ýurdumyzyň ylym-bilim, medeniýet we sungat, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de halk hojalygynyň beýleki möhüm ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek, şeýle-de olary dünýä derejesinde kämilleşdirmek maksady durýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amal edilýän tutumly işleri, umumadamzat bähbitlerini nazara alýan halkara başlangyçlary saba-säher ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryna ýetirýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleri — metbugat, şeýle-de teleradioýaýlymlar häzirki zaman maglumatlar jemgyýetinde gymmatly ähmiýete eýedir. Biziň gürrüňini edýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamymyz hem dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň döwlet başyna geçen ilkinji pursatlaryndan täzeden janlanyp, özüniň ajaýyp maksatlaryna tarap aýdyň ýola düşdi. Döwlet Baştutanymyz ýur

Ynsanperwer häsiýetler — dostluk köprüsi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyzlyk şapagyny garşylap, özbaşdaklygyna gowşan mähriban halkymyz merdana pederlerimiziň arzuw-umytlaryna ýetdi. Bilşimiz ýaly, bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda bagtyýarlyk mukamy joşgunly zähmet mukamy bilen sazlaşyp, belentden-belent ýaňlanýar. Häzirki döwürde milli Liderimiziň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, umumadamzat bähbitli ýörelgeleri dünýä içre giň goldawa eýe bolýar. Dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň belende göterilmegi Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly, hoşniýetli syýasatynyň netijesidir. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň türkmene mahsus bolan özboluşly, iňňän oýlanyşykly, dünýä döwletlerine hem-de halklaryna ýakyn, düşnükli, parahatçylygy goramaga we syýasy durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty eziz Diýarymyza äleme ýaň salýan abraý getirdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk syýasaty abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň has ygtybarly täze ugurlaryny açdy. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen «Ýewropa öýüniň» açylmagy, ýurdumyzda geçirilýän köp sanly halkara maslahatlary döwlet Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň ýörelgeleriniň

Arkadagymyzyň kitaplary ýolumyza ýörelge!

Bilşimiz ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda halkymyza hormatly Prezidentimiziň ýene-de bir ajaýyp eserini ýüze sylmak bagty nesip etdi. Golaýda podpolkownik Arslan Abdullaýewiň serkerdelik edýän harby bölümi, etrap medeniýet merkeziniň döredijilik işgärleri we TMÝG-niň etrap geňeşi bilen bilelikde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynyň tanyşdyrylyş çäresini geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitabyň many-mazmuny we Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler dogrusynda etrabyň medeniýet bölüminiň başlygy Allanazar Ýazjumaýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowa, harby bölümiň terbiýeçi serkerdelerinden — uly leýtenantlar Mergen Ataýew hem-de Sona Esenmämmedowa dagynyň eden çykyşlary has-da täsirli boldy. Duşuşygyň başy harby bölümiň orkestriniň çagyryş boýunça harby gullukçylarynyň «Garaşsyzlyk — başymyzyň täji» atly edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Şeýle-de etrap medeniýet merkeziniň aýdymçylary Agamyrat Joraýewiň, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri Annamyrat Nurnepesowyň, Mawlýuda Şaýkulowanyň ýerine ýetirmeklerindäki ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlar çäräniň şowhunyny artdyrdy. Bu kitap, tutuş ilimiziň, şol sanda Watan goragçylarynyň kalbynda hem öçmejek buýsanç duýgusyny oýardy. Goý, durmuşa ornaşdyrýan beýik işleridir ajaýyp eserleri bilen bagtyýa

Gymmatly gollanma

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz giň okyjylar köpçüligine Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyny we şu gününi şekillendirýän fotosuratlary, şeýle-de Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň içinde halkymyza beren peşgeşlerini anyk maglumatlar bilen tanyşdyrýan «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly eserini sowgat etdi. Bu ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy häzirki wagtda ýurdumyzyň goşun görnüşleriniň ähli harby bölümlerinde geçirilýär. Şeýle tanyşdyrylyş dabarasynyň biri-de, TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Medeniýet öýünde professor-mugallymlaryň, serkerdeleriň we harby talyplaryň gatnaşmaklarynda dabaraly ýagdaýda geçirildi. «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitap 13 bölümden ybaratdyr. Üç dilde, ýagny türkmen, iňlis we rus dillerinde ýazylan kitapda ýurdumyzyň gysga döwrüň içinde gazanan üstünlikleri, şöhratly ýeňişleri, şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň milli kökleri, taryhy ähmiýeti ýokary ussatlyk bilen çeper beýan edilipdir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu ajaýyp kitabynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde hemişelik Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady ugurlarda eýeleýän sepgitleriniň, halkara ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýäde giňden ykrar edilýändigi açylyp görkezilýär. Kitapda ýerleşdirilen taryhy we häzirki zaman suratlar, Garaşsyz Watanymyzyň ýeten beýik sepgitleri, üstünlikleri bilen bagly teswirler bolsa, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, beýleki milletleriň

Okuw-türgenleşigi geçirildi

Ýakynda polkownik Röwşen Aýazowyň serkerdelik edýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlary müdirliginiň tabynlygyndaky harby bölümlerde wzwodlaryň gündizki we gijeki taktiki okuw-türgenleşikleri we taktiki ýörite sapaklary geçirildi. Watan goragçylarynyň meýdan taýýarlygyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen türgenleşiklerde taktiki hereketleriň dogry ýerine ýetirilişine, harby tehnikanyň başarjaň we anyk ulanylyşyna, şeýle hem howpsuzlyk çäreleriniň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi. Şeýlelikde, harby gullukçylar nyşana anyk urup, öňde goýlan wezipeleri doly we takyk ýerine ýetirmek boýunça öz ezberliklerini görkezdiler. Okuw-türgenleşikleriniň dowamynda harby bölümleriň iň göreldeli wzwodlary ýüze çykaryldy. Netijede, polkownik Rahym Geldiýewiň, podpolkownikler Arslan Abdullaýewiň, Şyhmyrat Öräýewiň, Bazargeldi Annaniýazowyň, Hojamyrat Gurbanowyň, Magtymguly Magtymgulyýewiň, Şatlyk Kerimowyň serkerdelik edýän harby bölümleri aýratyn tapawutlandylar.

Maşgala — ýaşaýşyň binýady

Geçmiş taryhymyza ser salanymyzda, türkmen halkymyzyň ähli döwürlerde hem däp-dessurlara, edim-gylymlara, ynam-ygtykatlara eýerip ýaşandygyny görmek bolýar. Maşgala — türkmeniň döwletliliginiň, agzybirliginiň, bolelin ýaşaýyş-durmuşynyň binýadydyr. Hut şonuň üçin hem biziň ýurdumyzda bu düşünjä uly ähmiýet berilýär. Maşgalada ata-enäniň orny, olaryň çaga terbiýesindäki borçlary, perzentleriň olara bolan hormat-sylagy aýrylmaz bitewüligi kemala getirýär. Şu aýdylanlara esaslanyp, häzirki wagtda maşgala düşünjesine gymmatlyk hökmünde garalyp, ol dünýä jemgyýetçiliginiň aýratyn üns merkezinde saklanýar. Maşgala hakynda ykdysadyýet, hukuk, etika, psihologiýa, pedagogika ylymlarynda öwrenilip geçilmeginiň maksady hem şu nukdaýnazara daýanýar. Bularyň her biri öz ugruna laýyklykda maşgalanyň — hereketlenişiniň degişli taraplaryny ýüze çykarýandygy mälimdir. Maşgala adam şahsyýetiniň, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň ruhy özenidir, hamyrmaýasydyr. Şol sebäpli-de maşgala Watan içre Watan hasaplanylýar. Bu, hakykatdan-da, şeýle. Çünki maşgala şahsyýet bilen jemgyýetiň özara täsirini üpjün edýän, olary birleşdirýän we höwes-islegleriniň ileri tutulmalaryny seljerýän esasy gurluşlaryň biridir. Maşgalada adam durmuşy maksatlar we gymmatlyklar, bilmeli wajyp zatlary we özüňi alyp barşyň nusgasy dogrusynda düşünje alýar. Ata-eneleriň ündewleri we düşündirmeleri, olaryň göreldesi, öýüň um

«Aşgabat» — gözelligiň nusgasy

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ajaýyp şanly seneleredir wakalara örän baý bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda eziz Diýarymyz ösüşlerden-ösüşlere tarap barýar. Hormatly Prezidentimiziň yhlasyndan, päk zähmetinden kemal tapýan şeýle ösüşlere sary ganat baglan beýik badalgalar bolsa, tutuş türkmenistanlylaryň kalbyna şatlyk hem begenç duýgularyny çaýmak bilen parahat, abadan durmuşymyzyň eşretli, bolelin, hözirli günlerini duýup ýaşamagyna sebäp bolýar. Golaýda tutuş türkmen halkynyň bähbidine gönükdirilip geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy, döwletimizi, aýratyn hem dünýä derejesinde dabaralanýan merjen şäherimiz Aşgabady has-da ösdürmekde örän wajyp meseleleri göz öňünde tutmalydygyny, şeýle-de «Dizaýn» ugrundan Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek barasynda belledi. Bu babatda alnyp barylýan işleriň aýdyň şaýady hökmünde Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň döredijilik keşbine özüniň gaýtalanmajak görküni goşan ajaýyp Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan «Aşgabat» atly binalar toplumynyň açylyş dabarasy bolup geçdi. Dabara hormatly Prezidentimiziň Şa gadamynyň düşmegi bu taryhy waka has-da aýratyn öwüşgin çaýdy.

Dil we edebiýatda çeper terjime

Edebi gatnaşyklaryň ösmeginde, çeper döredijilikde edebi täsiriň ýüze çykmagynda, milli edebiýatyň, milli ylmyň gazananlarynyň dünýä ýaýylmagynda terjime iň ygtybarly serişdeleriň biridir. Eger çeper edebiýat sungat ulgamynyň (kino, teatr, suratkeşlik, saz, binagärlik we ş.m.) wajyp bir pudagy bolýan bolsa, onda çeper terjime hem onuň aýrylmaz bir bölegidir. Çeper terjime sungaty öz gözbaşyny taryhyň iň gadymy döwürlerinden alyp gaýdýar. Gadymyýetiň wawilon, grek, rim, hindi, hytaý imperiýalarynyň medeniýeti, ylmy köp babatlarda terjimäniň üsti bilen dürli ýurtlara ýaýrapdyrlar. Gadymy grek alymlarynyň, filosoflarynyň, taryhçylarynyň, şahyrlarynyň eserleriniň köpüsi arap terjimeçileriniň hyzmaty arkaly Orta Aziýa, soňra Ýewropa ýurtlaryna ýaýrapdyr. Dürli halklaryň edebiýatynda bolup geçýän özgerişlikler, täzelikler, öňegidişlikler dünýäniň edebi ulgamyny umumylykda emele getirýär. Bu ýagdaý edebi gatnaşyklaryň, edebi täsirleriň, çeper terjimeleriň üsti bilen bolup geçýär. Şonuň üçin hem umumydünýä we milli edebi ýagdaýlary öwrenmekde ilki edebi gatnaşyklary, olaryň çeper terjime arkaly ýüze çykyşyny öwrenmek has möhümdir.

Tebigatymyzyň melhemlik hazynasy

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Türkmenistan — melhemler mekany» we başga-da birnäçe kitaplary okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Döwlet Baştutanymyzyň «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly kitaby saglyk baradaky pähim-parasatly pikirleriň parçalaryndan ybaratdyr. Bu kitabyň lukmanlaryň, lukmançylyk ylmynyň ösüşlerine goşandyny goşmakda taýsyz çeşme bolup hyzmat edýändigi buýsandyryjydyr. Milli Liderimiziň kitaplarynda, her bir dermanlyk ösümligiň giň bejeriş häsiýetnamasy we maglumatnamasy, iň esasy zatlaryň ýene biri-de, ösümliklerden dürli dermanlary, melhemleri, çaýlary, ýapgylary taýýarlamagyň usullary beýan edilýär. Bellemeli guwandyryjy aýratynlyklaryň ýene biri-de derman öndürýän kärhanalar birleşiklerinde işleriň köpüsi hormatly Prezidentimiziň köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyna esaslanylýar.

Watanperwerligiň gözbaşy

Watana bolan söýgi mukaddesdir. Çünki her kimiň Watana bolan söýgüsiniň möçberine görä zehin bulagy giňelýär. Işiň netijeli bolmagy üçin bolsa, ilkinji nobatda, Watana söýgi gerek. Diňe şol söýgi işe bolan höwesiňi artdyrýar, arzuw-islegleriňi herekete getirýär. Watanperwerlik diýen beýik düşünje hem öz gözbaşyny maşgaladan alýar. Çünki islendik birlikleriň köplüklerden düzülişi ýaly, Watan hem maşgaladan başlanýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, adamyň iň gözel häsiýetleriniň biri-de ata-enä, jemgyýete we durmuşa bolan söýgüdir. Ata-enä söýgi halkymyzyň «Ata razy — Hudaý razy, ene razy — pygamber razy», «Ata gören ýol keser, ene gören don keser» ýaly nakyllarynda hem öz beýanyny tapýar.

Iýseň miwe, ekseň saýa

Bag ekmek — tebigatyň gujagyndaky ýer depderçesine müdimilik adyňy ýazmakdyr. Bag ekene sogap, miwesini yrýa etmän ýygnana rysk ýagar eken. Bir tanap boz ýeri gür baglyga öwürmek üçin, gör, näçe zähmet çekilýär?! Agaçlaryň käbiri miwesi üçin ekilýän bolsa, kölegesi üçin ekilýän daragtlar hem bolýar. Geliň, onda hem salkyn saýaly, hemem datly miweli üzüm agajynyň käbir artykmaçlyklary barasynda gürrüň edeliň! Saglyga peýdasy

Söýgi we äht

Mekdep döwürleri bizi güýz aýlarynda okuwdan boş wagtlarymyz Arçman obasynyň gaýrasyndaky ekin meýdanlaryna pagta ýygmaga alyp giderdiler. Men ýeke özüm pagta ýygmagy gowy görerdim. Bir günem ýüzümi galdyrman pagta ýygyp ýörşüme atyzyň ileri çetine çykanymy duýman galypdyryn. Başymy galdyryp, bilimi ýazyp, daş-töweregime seredenimde gapdalymda bir gyzyň haýdap, pagta ýygyp ýörendigine gözüm düşdi. Açylan goza hanalaryndan pagtalary çalasynlyk bilen alşy bu gyzyň ökde ýygymçydygyndan habar berýärdi. Uzyn gara saçlary ýeňsesine atylyp, biline daňylan, inçesagt, ak ýüzli bu gyzyň akja ellerinden pagta hem garamtyl görünýän ýalydy. Birden ol gyz hem başyny galdyryp, maňa tarap seretdi. Onuň ahuw gözleriniň owadan bolşy ýaly, bakyşy hem örän özüne çekijidi. Men oňa söz gatdym:

Sandykdaky sowgat

Goňşymyzyň iki sany ogly bar. Olara «Ulalanyňda kim bolasyň gelýär?» diýen sowaly kimiň näwagt berýändigine seretmezden, birisi-hä Ronaldo, beýlekisem mugallym boljakdygyny tekrarlaýar. Kiçijik «Ronaldonyň» eli hemişe pökgüli, kiçijik «mugallym» bolsa şo-ol kitap-depderi bilen gümra... Iki doganyň dünýägaraýşynyň asman bilen zemin ýaly parhly bolmagy adaty ýagdaý. Ýöne, kaka, seniň şeýle aradaşlykdaky dört dünýäniň dördüsiniň islegini-de gözünden aňlaýşyňa men haýran. Ýüregiňdäki Ýer togalagyndanam uly söýgiň salgy berdimi-kä ýa?!