"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýüreklerimiz alkyşlardan doludyr

— Watansöýüjilik duýgusy — mukaddes duýgy. Merdana Watan goragçylary goýnunda agzybir ýaşap, rahat dem alýan parahat Watanyna bolan söýgüsini, ýurt goragynda sak durup kämilleşdirýärler. Hormatly Prezidentimiz eziz Diýarymyzyň her daban ýerini gözüniň göreji ýaly goraýan merdana, gaýduwsyz Watan goragçylary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Döredilip berilýän şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanyp bilim alýan, zähmet çekýän, öz ukyp-başarnyklary bilen Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan ynsanlaryň ykbaly elmydama serpaýly. Çünki mertler Watany beýgeldýär, Watan bolsa mertleri! Bu ýyl maňa hem Şa serpaýynyň eýesi bolmak bagty nesip etdi. Yrylmajak yhlasyma Şa serpaýyny ýapan ykbalymdan müň keren razy. Şu pursatda biz — harby gullukçylaryň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň sportda, döredijilikde, watansöýüjilikde görkezýän şahsy göreldesine eýerip, Watan öňündäki borjumyza wepaly boljakdygymyza ynandyrýarys! Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun! Şa serpaýyňyz üçin taňryýalkasyn, Gahryman Arkadagymyz!

Garaşsyz Türkmenistan — gurýan döwlet

Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyza 30 ýyl dolýar. Hormatly Prezidentimiziň aýratyn belleýşi ýaly, mukaddes Garaşsyzlyk ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýadyna öwrüldi. Geljek ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň ýene bir taryhy senäni — 30 ýyllyk şanly senesini bellejek Türkmenistan geçen taryhy döwrüň dowamynda bu abraýly düzümiň ygtybarly hyzmatdaşy, özboluşly daşary syýasy derejesi bilen, Merkezi Aziýada parahatçylygy berkitmekde onuň hakyky daýanjy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda talyplardyr mekdep okuwçylarynyň öňünde geçen taryhy sapagynda buýsanç bilen nygtaýşy ýaly, biziň halkara başlangyçlarymyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly düzümler tarapyndan yzygiderli goldanylyp gelinýär. Şeýdip, gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde, dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi. «Biz näçe gowy işlesek, mähriban halkymyz şonça-da gowy ýaşar, Garaşsyz Watanymyzyň abraýy şonça-da belende göteriler» diýip, milli Liderimiz aýratyn nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan üstünlikler ýüreklerimizde guwanç, buýsan

Şanly toýuň şanyna

Şu ýylyň 21-nji, 22-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi guraldy. «Beýik Garaşsyzlygyň şöhratly 30 ýylynyň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasiýa taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornuny barha berkitmekde belent sepgitlere ýetildi» diýlip, hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýdylýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly pähim-paýhasy bilen geçirilen bu sergi uly üstünlige beslendi. Sergide milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikler, ýurdumyzyň döwlet we hususy pudagynda öndürilen we içerki bazarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda hem uly isleg bildirilýän önümler görkezildi. Forumyň çäklerinde täze önümleri, maýa goýum taslamalaryny, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň iri kärhanalarynyň ösüş maksatnamalarynyň geljekki ugurlaryny hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümlerini tanyşdyrmak boýunça mahabat çäreleri-de ýaýbaňlandyryldy.

Berkden tutup bilimleriň binýadyn, Watan öňe barýar gowşatman badyn

Gijelerine asmandaky ýyldyzlar deýin ýaldyraýan, gündizlerine bolsa erkana asmanyň astynda lowurdap parlaýan Garaşsyz Diýarymyzyň her bir güni şatlykly pursatlara beslenip, ata-baba arzuwlap gelnen döwletli ýurdumyz özüniň bedew batly, berk binýatly ösüşleri bilen Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly dabara hem gyzgyn mähir bilen garşylaýar. Mizemezlige eýerilen şeýle ajaýyp döwrümizde ählimizi bir saçagyň başyna jem eden hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň, halkymyzyň öňündäki bitirýän sogaplara ýugrulan işleri geljegimiziň aýdyň şuglalanmagyna, parahat asmanymyzyň astynda, ajaýyp ýurdumyzyň gujagynda erkana ýaşap, döredip gurmagymyza gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň geljegi, Garaşsyz döwletimiziň ösüşleri üçin bize, ylaýta-da, ýaşlara uly ynam bildirýär. Göwünlerimize özüniň sahawaty bilen adamkärçiligiň tohumyny sepen hormatly Prezidentimiz halk bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri bitirmek bilen, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýar.

Esger kalbynyň joşguny

Ýaňy-ýakynda podpolkownik Muhammetberdi Kakajanowyň serkerdelik edýän harby bölüminde Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar Watan goragçylary» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde toparlar özleriniň gulluk edýän goşun görnüşlerini, harby gulluga bolan buýsançlaryny, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleri, esger kalbynyň joşgunlaryny aýdymlaryň hem-de goşgularyň üsti bilen çeper beýan etdiler. Bäsleşikde aýratyn tapawutlanan toparlar harby bölümiň serkerdesi tarapyndan Hormat hatlary bilen sylaglanyldy. Ahmet NAZAROW, maýor.

Garawul gullugynyň ezberleri

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlary müdirliginiň tabynlygyndaky podpolkownik Bazargeldi Annaniýazowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň podpolkownik Oraz Hudaýberdiýewiň serkerdelik edýän motoatyjylyk batalýonynyň garawul gullugynyň şahsy düzüminiň söweşjeň ruhuny galdyrmak we olaryň arasyndan garawul gullugynyň ezberlerini ýüze çykarmak maksady bilen, bäsleşik geçirildi. «Garawul gullugynyň ussady» atly bäsleşigiň meýilnamasyna laýyklykda şahsy düzüm göz öňünde tutulan ähli wezipeleri bökdençsiz ýerine ýetirmegi başardy. Bäsleşikde esger Şerhan Jumakulow çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda has-da tapawutlandy. Bäsleşigiň dowamynda garawul gullugyna gatnaýan serkerdeleriň arasynda hem ussatlary ýüze çykarmak boýunça özara bäsleşik guraldy. Bäsleşigiň dowamynda motoatyjylyk bölünmelerden garawul gullugyna gatnaýan serkerdeleriň bilim derejeleri hem-de garawul gullugynyň alnyp barylýan wagty garawulyň düzümini başarjaňlyk bilen dolandyrmak, söweşjeň wezipäni ýerine ýetirmek we gullugy gurnamak boýunça alnyp barylýan işler seljerildi. Bäsleşigiň jemleri boýunça uly leýtenant Kemal Aşyrow «Iň ökde garawul serkerdesi» diýen ada eýe boldy we harby bölümiň serkerdesiniň buýrugy esasynda Hormat hata we gymmat bahaly sowgada mynasyp boldy.

Seresaplylyk — howpsuzlygyň ygtybarly ýoly

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäresi, ilkinji nobatda, ýol hereketine gatnaşyjylaryň — pyýadalaryň we awtoulag sürüjileriniň, umuman, ähli halkymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, indi her ýylyň sentýabr aýynda guralýan bu çäre hemme ýol hereketine gatnaşyjylar bilen birlikde jemgyýetçilik guramalarynyň, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň wekilleri-de taýýarlyk görýärler. Olaryň gatnaşmaklarynda welaýatymyzyň awtoulag kärhanalarynda, orta mekdeplerinde, çagalar baglarynda ýol hereketiniň düzgünleri, olary ýerine ýetirmegiň wajyplygy barada yzygiderli wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklar, söhbetdeşlikler, maslahatlar geçirilýär. Elbetde, amala aşyrylýan şeýle çäreleriň ähmiýetiniň uludygy gürrüňsizdir. Şunuň ýaly möhüm meseleleriň çözülmegine podpolkownik Geldimyrat Akyýewiň müdirlik edýän Harby awtomobil gözegçiliginiň işgärleri-de özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Pyýadalaryň borçlary

Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek wezipesi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri her günki ýetilýän sepgidi, gazanýan şan-şöhraty bilen ähli halkymyzyň ýüregine buýsanç berýär. Dünýä ülňülerine gabat gelýän ýollaryň çar ýana barha uzamagy bolsa, ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň ösmegine uly goşant bolup durýar. Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalarynyň talaplaryny bejaý etmäge diňe bir sürüjiler borçly bolman, eýsem, pyýadalar hem borçludyrlar. Sebäbi ýol hereketiniň howpsuzlygy biziň her birimize baglydyr. Howpsuz hereketi üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ilkinji nobatda, sürüjiler bilen pyýadalaryň hereketiniň sazlaşykly bolmagy hökmanydyr. Ine, şu aýdyň wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy öz maslahatlary bilen ýüzlenýär: Pyýadalar mümkin boldugyça awtoulaglaryň gatnaw böleginden peýdalanmaly däldirler, eger pyýadalar ýoluň gatnaw böleginden peýdalansalar, onda olar seresap bolmaly, zerurlyk bolmazdan herekete päsgel bermeli däl we ony saklamaly däldir.

Toý günüňde ýürek sözüm bar, Watan!

Eger-de mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazanan günümizi öz duýşuň boýunça suratlandyr diýseler, onda men ol ajaýyp güne gojaman taryhy bir günde ýigdelden gün, durmuşy bir pursatda al-elwan öwüsdiren gün, bilbilleriň heňine heň goşan, ter gülleriň reňine reň goşan, halkyň howasyny kalbyň howasy bilen deň täzelän eýýam özgerdiji gün diýerdim. Eýsem, şol beýik günden soňra halkymyzyň durmuşynyň gowulyga tarap ilik-düwme üýtgemegini, ýurdumyzyň göýa bir ganatly bedewe atlanan mysaly ösüşleriň ak ýoluna düşmegini başga nähili beýan edip bolar?! Tutuş eýýamy birje günüň üýtgedip bilmegi wagt diýlen, adama minnetsiz hökmi güýçliniň elinde sowgadyň kändiginden nyşan eken. Hakykatdanam, şol günden soňra halkymyz sanasaň sogaby kän eşretleriň eýesi boldy. Dost-doganlyk halklaryň ykrar etmegi bilen, garaşsyzlyk bagtyndan ruhlanan türkmen özbaşdak ýurt hökmünde, öz dili, öz ýoly, öz Tugy, öz Tugrasy, öz Senasy bilen dünýä çykdy.

Meger, bagtyň özi şeýle oguşýa, Garaşsyzlyk toýun toýlaýan ýurtda

Ýaşlyk — ýetginjeklikden kämillige çenli bolan aralyk. Has anygy, juwanlyk. Ýaşlykda ýaşaýyş bar, bagtyýarlyk bar, bagtyň ýürege dolup, dowamly joş almasy bar. Bu Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz barada hem şeýle. Halkymyzyň päklige we ygrarlylyga ýugrulan kalbynyň dilegleriniň wysal tapanyna şu ýyl 30 ýyl doldy. Aňymyza we ýüregimize ebedi ýazylan 1991-nji ýyl — türkmenleriň bagtyny buşlap dogan Güni ýadyňa salýan taryhy sene. Hut şol ýyldan başlap, dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolan Türkmenistan atly beýik döwlet döwletli işleri, ösüşli başlangyçlary öňe sürüp ugrady. Sebitde we dünýä derejesinde özara ylalaşylýan meselelerdir tekliplerde biziň ýurdumyzyň pikirlerine ähmiýet berlip başlanyldy. Şol pikirleriň şowly netijeleri görkezmegi bilen, ýaş döwletimiziň geljegine bildirilýän ynamlar artdy. Bildirilen ynam ynsanperwerlige, oňyn halkara gatnaşyklaryna, parahatçylyga we ylalaşyga daýanýan millet, halk, ýurt hökmünde ýaşamagymyzy dowam etmegimize ruhy hemaýat berdi. Türkmenistan döwletimiz şunuň ýaly taryhy basgançaklary geçip, aýdyň geljegine tarap ýola düşdi. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy — Türkmenistan döwletimiz üçin arzuw-umytlaryň keramata ýaran bolup gülüp bakmasy, dili alkyşly halkymyzyň göwün guşunyň ganat ýaýmasy. 30 ýaşan Watanymyz — Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy bolan abraýly ýurt, parahat mekan. Garaşsyzl

Garaşsyzlyk bagt getirdi ilime

Mukaddes Garaşsyzlygymyz we ony aňladýan her bir döwlet nyşanymyz ruhumyza ruh, şatlygymyza şatlyk goşýar. Garaşsyzlygymyz geçmişde özbaşdak döwletli bolup, öz Watanyna guwanmagy arzuw eden ata-babalarymyzyň şol arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Synmaz erkli, öçmejek arzuw-umytly, ynam-ygtykatly, sabyr-kanagatly bolup, kynçylyga baş egmedik türkmen halky özüne bolan ynamdyr yhlasy bilen döwlet Garaşsyzlygymyzy dünýä jar etdi, sanlyja ýyldan hem hemişelik Bitaraplygyny gazandy. Bu gün bolsa, ählihalk bolup saýlan öz milli Lideriniň parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda bagtyýarlyk döwrüne ýetip, depginli ösüşler bilen dünýä belentliklerini nazarlap öňe barýar. Pudaklaýyn özgertmeleri geçirip, sanlyja ýylda görlüp-eşidilmedik üstünlikleri gazanan halkymyz häzir öz ene topragynyň ýerasty, ýerüsti baýlyklarynyň eşretini görüp, bolelin ýaşaýar hem-de erkin zähmet çekip, özüniň baş baýramy bolan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanly toýuna barýar. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, Garaşsyzlygymyza guwanmak, ony goramak, 30 ýyllyk toýumyzy zähmet üstünliklerimiz bilen şöhratlandyrmak hemmämiziň borjumyzdyr. Garaşsyzlyk halkymyzyň çüwen bagty, elýetmez we tükenmez baýlygydyr, Ýer ýüzündäki belent derejämiz, abraý-mertebämizdir. Şanly toýa barýan halkymyz häzir Garaşsyzlygyň ruhy bilen ýaşaýar we bu şöhratly baýramy hormatly Prezidentimiziň sargyt edişi ýaly, ýokary derejede bellemäg

Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek

Daşardan geleniňizden soň, nahardan öň we soň, hökmany suratda elleriňi sabyn bilen gowy ýuwmalydyr. Sebäbi howply keselleriň köpüsi hapa elleriň üsti bilen geçýär. Şonuň üçin daşary çykylanda ýörite lukmançylyk agyz-burun örtügini dakynmaly, howpsuz 2 metr araçägi saklamaly, şeýle-de yssy howada her bir adam ýany bilen arassa agyz suwuny almaly we Gün şöhlesinden goranmalydyr. Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň birnäçesiniň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmitden we arassalanylmadyk suwdan geçýär. Keseller howa-damja ýoly bilen köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Her gün otaglaryň howasyny çalşyp, ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly.

Watan — ömrümiň manysy

Elbetde, ýaşaýan döwrümiziň, ömrümiziň manysynyň Watanda jemlenýändigine şek-şübhe bolup bilmez. Çünki durmuşymyzdaky ähli bagtly günlerimiziň şaýady-da, sebäpkäri-de Watanymyz. Geçmişiňe nazar aýlap, şu günüň nukdaýnazaryndan seredip, geljege bagtyýarlyk hökmünde miras goýasyň gelýän zatlary hakydaňda çugdamlasaň hem, barybir beriljek jogap ýene-de Watan bilen baglydyr. Biziň Watana bolan egsilmez söýgimiz nireden kemala geldikä?! Oguz han atamyzyň miras goýup giden rowaýaty, tymsallary, Dädem Gorkudyň il içinde edýän ýagşy dileg-dogalarydyr öwüt-ündewleri, Görogly begiň dünýä nusgalyk esere öwrülen keşbi, ata-enelerimiziň terbiýe mekdebidir okalan eserler, Nury Halmämmedowyň beýik simfoniýalary ýa-da Gurbannazar Ezizowyň aramyzda baky ýaşajak filosofiki pikirleri jemleýän setirleri... Megerem, şular ýaly gymmatlyklarymyz ýokardaky sowalyň jogaby bilen dahylly bolsa gerek?! Üstünden ençeme wagtyň geçendigine garamazdan, bu ägirtleriň ykbalyny wagt geçdigiçe bize golaýlaşdyrýan güýç biziň iň esasy ähmiýet bermeli hakykatymyzy özünde jemleýär. Ol — nesillerimiziň ene topragymyza bolan söýgüsi, olaryň ömrüniň manysyna deňän Watanyna bolan egsilmez yhlasy we yrylmaz yhlasyndan güýç alýan zehini.

Goşa derek (Watan, wepa, ygrar, ýürek...)

Tebigat — umumy öýi ynsanyň,Munda seniň sowallarňa jogap bar.Tebigat kanuny — seniň ynsabyň,Ýaman işe azap, haýra sogap bar! Pyşyrdysam müň manydyr diňleseň,Goýnunda millionlap taryh ýatandyr.Adam, topragyňda deňli, demlisiň,Mukaddes ýer — şu Watandyr, Watandyr!

Laçyn guşum, ganatlaryň gökde ýaý!

Ine-de, keşbinde tebigatyň we adamyň bitewülik pikirini jemleýän laçyn ýerden aýagyny üzüp, asmana uçmaga taýýar bolup dur. Bu ägirt uly guşuň şekili alyslardan hem görünýär. Oňa parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanynda «Parahatçylygyň ilçisi» diýýärler. Onuň sazlaşykly keşbi, howada gaýyp ýörene meňzeýän aerodinamiki görnüşi bilen ünsüňi özüne çekýär. Bu guşuň bagtyň bossany saýyp gonan ýeri — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan. Laçyn ýene-de sanlyja günlerden mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlajak bu ülkäni özüniň ömürlik mesgeni hasaplaýar. Ýaňy-ýakynda bolsa bu ak guşuň «höwürtgesiniň» golaýynda döwrebap seýilgähiň hem-de ýerasty geçelgeleriň açylyş dabarasynyň bolmagy laçyn guşy üçin baş baýrama iň naýbaşy sowgatlaryň biri boldy... Bu suratlandyrmalarymyzdyr gürrüňlerimiz Aşgabadyň Halkara howa menziliniň keşbi barada. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň esasy ýolagçy terminaly ganatlaryny ýaýyp uçup barýan ak guşy ýatladýar. Laçynyň şekili bolsa türkmen uçarlarynyň her birini bezeýär. Ýeri geleninde bellesek, ýokarsynda 705 inedördül metr bolan iň uly haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde «Iň uly göl» diýlip atlandyrylan binagärlik aýratynlygy üçin 2016-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen Aşgabadyň Halkara howa menzili esasy ýolagçy terminaly myhmanlarda, syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar dereje

Sagdynlygyň açary

Adamyň saglygy köp derejede onuň özüne baglydyr. Sagdyn we ruhubelent bolmagyň esasy çeşmeleriniň biri-de, beden maşklary bilen meşgullanmakdyr. «Şu gün irden maşklary ýerine ýetirdim welin, özümi duýşum gowy bolaýdy» diýýän adamlara häli-şindi duşýarys. Hakykatdan-da, irden maşklary ýerine ýetirseň, bedeniňde işjeňlik duýulýar, işe ýeňil gopýarsyň we bütin günüň dowamynda ruhubelent ýagdaýda bolýarsyň. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz sporty söýmekde, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde hemişe bize görelde bolýar. Okuw ýa-da önümçilik ýerlerinde maşklaryň ýerine ýetirilmegi adamyň zähmete bolan ukybyny, iş öndürijiligini artdyrýar. Aýratyn-da, hereketi talap etmeýän işde zähmet çekýänler üçin beden maşklary örän peýdalydyr we zerurdyr. Sagdyn bolmak üçin bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek köp wagty ýa-da hökmany suratda abzallaşdyrylan sport zalyny talap etmeýär. Arassa howa, gözel tebigat we bedenterbiýe — bu üç düşünjäniň sazlaşygy ynsan sagdynlygynyň esasy çeşmeleriniň biridir. Häzirki wagtda ir säher bilen sport meýdançasynda maşklary ýerine ýetirmäge, arassa howada hereketde bolmaga hem-de işgärleriň önümçilik maşklaryny geçmeklerine giň mümkinçilikleri döredýän kärhanalaryň sanynyň artýandygy begençli ýagdaýdyr. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek babatda milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň aýdyň miwesidir.

Durnukly ösüşiň ygtybarlylygy

Gadymy hem-de müdimi türkmen halkymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk halkymyz üçin ata-babalarymyzyň milli ruhy taglymat gymmatlygydyr. Garaşsyzlyk toýy gazanan, gazanýan üstünliklerimize buýsanç döredýän, beýik geljegimize ynamy berkidýän baýramdyr. Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga we özara hormat goýulýan deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasy konsepsiýasyny durmuşa geçirmek bilen, saýlap alan ýoluna üýtgewsiz eýerýär. Birleşen Milletler Guramasy hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan, durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösüşleri gazanmaga, döwletiň demokratik we hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmelerini doly goldaýar. Bilşimiz ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. 2020-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlyk etmegiň gol çekilen çarçuwaly Maksatnamasy ýakyn geljek üçin bilelikde işlemegiň ýörelgesidir. Bu bolsa ýurdumyzyň BMG bilen gatnaşyklarynyň geriminiň has-da giňelýändigine şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynda

Obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiligini artdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Bu ugurda oba hojalygynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, azyk önümleriniň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Pudagyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, ýerlerde täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, pudaklaýyn ylmy, tohumçylygy ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Milli Liderimiz ýerleriň hasyllylygyny artdyrmagy, tohumçylyk işini kämilleşdirmegi, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmagy öňde durýan wezipeleriň möhüm ugurlary hasaplaýar.

Türkmenistan parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň ösüş ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn we döredijilikli syýasaty ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gözbaş almak bilen, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary tarapyndan doly goldanylýar. Garaşsyz döwletimizde 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyzda sebitiň we dünýä halklarynyň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasaty bu gün yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine pugta eýermek bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Munuň şeýledigine dünýä döwletleri bilen şu günki ysnyşykly söwda-ykdysady gatnaşyklarymyz hem doly şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň sebit, yklym we dünýä derejesinde halkara parahatçylygyny, abadançylygy we ynanyşmagy has-da ilerletmäge gönükdiren başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde gurama agza döwletler tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynda öz beýanyny tapdy. Dünýäde iň abraýly, halkara parahatçylygyny we abadançylygyny üpjün etmekde esasy halkara ygtyýarlyklaryna eý

Ady asyrlara aýdym Aşgabat

Ak şäherimiz Aşgabadyň Atamyrat Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk günbatar tarapynda ýerleşýän döwrebap seýilgähiň we ýerasty geçelgeleriň açylyş dabarasy boldy. Ak mermerli binalary bilen ak ertirler barasynda bagtly söhbet açýan ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň we ynanyşmagyň paýtagty hökmünde dünýä döwletleriniň ykraryýetini gazandy. Täsin binagärlik görnüşli desgalary üçin Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynda ady 11 gezek agzalýan paýtagt şäherimiz göreni haýran edýär.