Ýurdumyz asuda, ilimiz abat

8 Sentýabr 2021
709

Öňňin, ýagny 7-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda döwletiň howpsuzlygyny, jemgyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy. Mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary özleriniň garamagyndaky düzümlerde alnyp barlan işler, öňde durýan wezipeler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdiler.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak harby özgertmelerde ileri tutulýan wezipeleriň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga mundan beýläk-de aýratyn ähmiýet bermegiň wajypdygyny nygtap, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin möhüm çäreleri görmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

«Esger».