Ezber sürüjiler

15 Sentýabr 2021
772

Ýaňy-ýakynda podpolkownik Muhammetberdi Kakajanowyň serkerdelik edýän harby bölüminde kapitan Saparmurat Bazarowyň ýolbaşçylygynda ýaş sürüjiler bilen geçirilen okuw ýygnynyň çäginde sürüjiler bilen sürüş gönükmesi ýerine ýetirildi. Sürüş gönükmesi geçirilmezden öň, harby gullukçylara harby tehnika erk etmegiň inçe tärleri, päsgelçilikden geçmegiň aýratynlyklary, harby tehnikada ýüze çykýan ýagdaýlar barada görkezme okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy ýaş sürüjilerde uly täsir galdyrdy. Sürüşiň dowamynda harby gullukçylar gönükmäniň şertine laýyklykda bellenilen aralygy doly we üstünlikli geçmegi başardylar. Esger Umid Raşidow bu ýörişde beýlekilerden has tapawutlanmagy başardy.

Ahmet NAZAROW,
maýor.

Adalat HOJAKULYÝEWA,
kapitan.