Bagtyň özüne ýetdirmeýän bagt

8 Sentýabr 2021
983

Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli baştutanlygynda her bir güni şanly ösüşlere, beýik ýeňişleredir toý-baýramlara beslenýän eziz ýurdumyz ähli ulgamlarda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň belleniljek aýynyň ilkinji gününde eziz Watanymyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçirildi. Täze okuw ýylynyň başlanmagy ylma-bilime teşne bolan biz — talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň ýüreklerini täze güýç, täze ruh, täze ynam bilen okamaga ruhlandyrdy.

Milli bilim ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garaýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinden hem häzirki wagtda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary hem-de ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde harby talyplaryň, harby okuwçylaryň ýokary hilli bilim-terbiýe almaklary, hünär öwrenmekleri üçin döwrebap şertler döredilýär. Harby hünärmenleriň taýýarlanylyşyna, hünär ussatlygyny artdyrmaklaryna, olara berilýän bilimiň hiline, netijeliligine aýratyn üns berilýär. Şol sanda okuw işine kompýuter, multimedia serişdeleri, internet we elektron kitaphana ulgamlary giňden ornaşdyrylýar, sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanylýar. Şeýle göwün göteriji işleriň netijesinde eziz Watanymyzda harby bilim, harby sungat hem döwür bilen deň gadam urýar.

Toýlymyrat BEGMYRADOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyby.