Nusgalyk görelde kämillige badalga

8 Sentýabr 2021
1005

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynyň her bir gününde ýetilýän sepgitler, ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler biziň her birimizi çäksiz buýsandyrýar, bagtyýarlyk döwrümiziň many-mazmunyny has-da artdyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar güni hem şeýle uly taryhy ähmiýete eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ata Watanymyzyň mekdep okuwçylary we talyp ýaşlary bilen bilim-terbiýeçilik maksatly umumy okuw sapagyny geçmegi täze, 2021–— 2022-nji okuw ýylynyň ajaýyp başlangyjy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň geçiren bu sapagy ýurdumyzda nesilleriň sazlaşykly ösüşine we terbiýesine aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Gülbahar ATADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň alym kätibi.