Arassaçylyk saglygyň girewidir

15 Sentýabr 2021
1110

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähim-paýhasdan ugur alýan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, abadançylygyny has-da ýokarlandyrmak üçin alyp barýan syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hem, il-günüň saglygydyr. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek bilen birnäçe ýokanç keselleriň, esasan hem häzirki wagtda duş gelýän ýiti respirator keselleriniň öňüni alyp bolýar. Arassaçylyk düzgünlerine — şahsy gigiýenany berjaý etmek, ýaşaýan, işleýän otaglaryň arassaçylygyny berjaý etmek baradaky aşakdaky talaplar girýär:

- Elleri elmydama arassa saklamaly, onuň üçin nahar iýmezden öň we daşardan geleniňizden, islendik bir zady elläniňizden soň, elleriňizi sabyn bilen akar suwuň aşagynda gowy ýuwmaly. Elleri zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalap durmaly;

Aýsoltan JUMAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 9-njy Saglyk öýüniň lukmany.