"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Watanyň başlanýan ýerinden Gökderä

Ýurdumyzda ýaş nesiller baradaky alada birjik-de ünsden düşürilenok. Munuň şeýledigine diňe bir uly ýaşdaky adamlar däl, çagalaryň hut özleri-de aýdyň göz ýetirýärler. Olaryň çagalygyň şat we sapaly çagyny şadyýanlykda geçirmekleri üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan zerur bolan mümkinçilikleriň ählisi döredilýär. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümlerini ýatda galyjy, täsirli geçirmekleri üçin hem uly aladalar edilýär. Tomus paslynyň gelmegi bilen gojaman Köpetdagyň Gökdere jülgesindäki çagalaryň sagaldyş we dynç alyş merkezleri-de bagtyýar nesillerimize gujagyny giňden açýar. Bu günler onuň goýnunda ýurdumyzyň çar künjünden dynç almaga gelen bagtyýar çagalaryň gülki sesleri çasly akýan çeşme-çaýlaryň hem dürli guşlaryň saýraşýan sesleri bilen garyşyp, ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän ildeşlerimiziň körpeje balalary bilen bir hatarda, Watanymyzyň dost-doganlyk serhedinde gulluk edýän merdana serhetçilerimiziň çagalary-da dynç alýarlar. Biz olaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, körpejeleriň ýürek arzuwlaryny okyjylara ýetirmegi müwessa bildik: — Golaýda kakam işden geldi-de bizi Gökderä dynç almaga ugratjakdygy baradaky hoş habary buşlady. Biz muňa diýseň begendik. Geçen ýyl «Altyn Ýyldyz» sagaldyş we dynç alyş merkezine maşgalamyzdan bir men gidipdim. Bu ýyl ejemdir kakam maňa jigim Altynaýy hem ýoldaş etdil

Türkmen türgeniniň ýeňiş medaly

27-nji iýulda Ýaponiýadan şatlykly habar gelip gowuşdy — Olimpiýa oýunlarynyň medalyny taryhda ilkinji gezek Türkmenistana getiren Polina Gurýewa XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň agyr atletika boýunça ýaryşlarynda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler. Milli ýygyndy toparymyzyň bu iri ýaryşlara gatnaşmagy biziň türgenlerimiziň ýeňiş gazanyp, ata Watanymyzyň ýaşyl Tugunyň belende galdyryljakdygyna bolan ynamy has-da berkidýär. Ine-de, ilkinji üstünlik! Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladasyndan ruhlanan türgenler dünýä derejesindäki üstünlikler bilen ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmaga çalyşýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik etjek sport wekiliýetiniň agzalaryna iberen Ýüzlenmesinde bellenilişi ýaly, sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr. Türgenlerimiziň halkara derejede geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri jemgyýetimizde eziz Watanymyza bolan söýgini terbiýeleýär, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da pugtalandyrýar.

Ynsan kalbynyň aýnasy

Ýaňyýakynda polkownik Amangeldi Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň tabynlygyndaky maýor Şyhnazar Orazowyň serkerdelik edýän harby bölüminde «Kitap — ynsan göwnüniň aýnasy» atly kitap sergisi guraldy. Oňa etrabyň merkezi kitaphanasynyň müdiri Sülgün Annameňliýewa, kitaphana işgäri Orazgül Hudaýnazarowa, etrabyň 15nji orta mekdebiniň mugallymy Miwe Sähedowa dagy gatnaşdylar. Sergide Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymlybilimli, kämil dünýägaraýyşly, öz hünärlerine ezber, watansöýüji nesiller bolup ýetişmekleri üçin edýän atalyk aladalary barada täsirli gürrüň edildi. Soňra sergä gatnaşanlar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk hakynda söhbet etmek bilen, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimize öz hoşallyklaryny bildirdiler. Begenç ROZYPÄLWANOW,kapitan.

Tiz­lik ka­da­sy­nyň ta­lap­la­ry

Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Po­li­si­ýa­nyň ýol gö­zeg­çi­li­gi gul­lu­gy kö­çe-ýol he­re­ke­ti­ni ta­kyk, howp­suz gu­ra­mak bi­len bag­ly iş­le­ri ta­laba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin ýol bel­gi­le­ri­ni, ugur gör­kezi­ji­le­ri­ni we ýol-in­že­ner­çi­lik en­jam­la­ry­ny de­giş­li ýer­ler­de ýer­leş­dir­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­ri a­ma­la aşyr­ýar. Ge­rek­li ýer­le­rin­de dog­ry ýer­leş­diri­len ýol bel­gi­le­ri­dir ugur gör­ke­zi­ji­ler sü­rü­ji­niň do­lan­dy­ryp bar­ýan ula­gy­ny bel­le­ni­len tiz­lik­le­re gö­rä, ka­da­ly ýag­daý­da do­lan­dyr­ma­gyna müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len hä­zir­ki wagt­da ýol-ulag ul­ga­myn­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýol-in­že­ner­çi­lik talaplaryna laýyk gelýän ýö­ri­te ýag­ty­lan­dy­ryl­ýan hem-de ýag­ty­ly­gy yzy­na ser­pik­dir­ýän dür­li gör­nüş­dä­ki ýol bel­gi­le­ri ula­nyl­ýar. Ok­law ýa­ly gö­ni we aý­na ýa­ly te­kiz ýol­la­ryň gat­naw bö­lek­le­rin­de ýol çyz­gyt­la­ryň dog­ry çy­zyl­ma­gy bol­sa, di­ňe bir sü­rü­ji­ni ha­bar­dar et­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, ýol he­re­ke­ti­ne gat­naş­ýan py­ýa­da­nyň hem howp­suz­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar.

Mert ýigitler saýlanýar gaýraty bilen

Türkmen halky irki döwürlerden başlap, mert, edermen, är ýigitleri terbiýelemegiň we kemala getirmegiň nusgalyk mekdebini döretmegi başarypdyr. Taryhda döredilen atabeglik mekdeplerinde ylymdan, bilimden, ukypdyr başarnykdan ýüki ýetik gaýduwsyz nesilleri terbiýelemek esasy maksat bolup, diňe ýagşy we aýdyň ýola atarýan, ynsanda iň ýokary gymmatlyk hasaplanýan halkyň parahat durmuşyny üpjün etmek ýaly ynsanperwerlige ýugrulan ajaýyp häsiýetler kemala getirilipdir. Dogumdan don geýen, çyn gaýratly ýigitler bolsa Watanyň, halkyň, mukaddes topragyň goragçylarydyr. Şu meselede eždatlarymyz, aýratyn hem peder-perzent arasyndaky gatnaşyga uly üns beripdirler. Şonuň üçinem bu gatnaşyk halkymyzyň özboluşly milli pelsepesiniň, dünýägaraýşynyň, durmuş ýörelgeleriniň giden bir ulgamyny döredipdir. Halkymyz sarpa goýan bu gatnaşygyny dürli öwüşgini bilen öz edebi gymmatlyklaryna hem siňdiripdir. Onuň ilkinji çeper beýanlary öz köklerini halk döredijiligindäki hyýaly eserlerimizden, ertekidir rowaýatlarymyzdan alyp gaýdýar. Şeýlelikde, bu gatnaşyk halkymyza mahsus häsiýetleriň biri hökmünde nesilden-nesle geçip, milli häsiýetli gatnaşyklaryň esasylarynyň birine öwrülipdir. Öz ykbalyny milletiniň, döwletiniň, jemgyýetiniň, onuň her bir maşgalasynyň agzybirligi, halallygy, mertligi bilen kesgitlän halkyň tutýan islendik tutumynda özüniň ertirini alada etmegi tebigydyr. Bu gatnaşykda öz dowa

Köňülleriň soltany Alp Arslan

Seljuklar nesilşalygynyň beýik soltany bolan Alp Arslanyň ady uzak ýyllar geçse-de, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin Gündogar halklarynyň kalplarynyň töründäki ornuny ebedileşdirip gelýär. Seljuk begiň Mikaýyl atly oglundan bolan Çagry begiň maşgalasynda 1029-njy ýylda ogul perzent dünýä inýär. Oňa «Alp Arslan» diýip at dakýarlar. «Arslan ýeňen» diýen manyny aňladýan bu at oňa ýaş ýigitkä arslany ýeňendigi üçin dakylypdyr. Çagalygyndan ylym-bilim taýdan gory ýetik Alp Arslan kakasy Çagry begiň ýanynda bolup, ýaşlykdan harby tilsimleri ele alýar. 1063 — 1072-nji ýyllar aralygynda Beýik Seljuk türkmen döwletine hökümdarlyk eden Alp Arslan döwlet dolandyrylyşyny işgärleriň ýerli-ýerinde goýulmagy arkaly netijeli usula öwürýär. Onuň parasatly döwlet baştutany hökmünde ýurdunda ylym-bilimi, medeniýeti, sungaty ösdürmek ugrunda alyp baran işleri halkyň söýgüsini gazanmagyna getirýär.

Garaşsyzlyk döwrümiziň ajaýyplyklary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyz dünýäde halkara söwdanyň hem-de ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine özüniň goşýan goşandynyň gerimini barha giňeldýär. Ol Ýewropa bilen Aziýa yklymlarynyň möhüm geosyýasy çatrygynda amatly ýerleşýändiginden peýdalanyp, dünýäniň ençeme ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary amala aşyrýar, ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlyklary ösdürýär. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçýän harytlaryň, üsti ýükli ulag serişdeleriniň möçberleriniň artmagyna getirip, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini giňeldýär. Häzirki döwürde köptaraplaýynlygy bilen häsiýetlendirilýän daşary ykdysady işdäki özgerişlere baglylykda gümrük edaralarynyň döwletiň hem-de jemgyýetiň öňündäki jogapkärçiligi ýokarlanýar. Munuň özi, biz, gümrük gullugynyň işgärleriniň her biriniň gümrük gözegçiligini ata-babalarymyzyň halallyk, belent adamkärçilik, myhmansöýerlik ýol-ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, ýokary hilli amala aşyrmagyny, medeniýetliligiň aňrybaş derejesini görkezmegini talap edýär. Şunlukda döwrüň ösen talaplaryndan ugur alyp, jogapkärçiligimize dogry düşünmek bilen, işimizi talabalaýyk ýola goýmaga çalyşýarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan buýana-da ösdürilmegine öz mynasyp goşandymyzy goşmagy mukaddes borjumyz hasaplaýarys.

Içege keselleriniň öňüni almak barada maslahatlar

Howanyň gyzmagy bilen içege keselleri ýaýrap başlaýar. Sebäbi yssyda mikroblaryň köpelmegi we adam bedenine aralaşmagy üçin oňaýly şertler döreýär. Tomusda gök önümler bişýär, miweler ýetişýär. Çagalar olary agaçlaryň şahasyndan ýa-da bakjadan ýolup alyp, iýmegi halaýarlar. Şonda olar önümiň ýuwulmandygy, öz elleriniň bolsa hapadygy barada pikir etmeýärler. Bu ýagdaý içege ýokanç keselleriniň biri bolan içgeçmäniň ýüze çykmagyna itergi berýär. Lukmançylykda başgaça «hapa elleriň keseli» diýlip atlandyrylýan bu keseliň döremegine, şeýle hem hajathana barlandan soň, nahardan öň we soň, ýa-da köçeden öýe gelnende elleriň sabynlanyp ýuwulmazlygy, bişmedik miweleridir gök önümleriň iýilmegi ýa-da çig önüm iýlenden soň, dessine suw içilmegi, zaýalanan naharlaryň ýa-da hapa ýaplaryň suwunyň ulanylmagy, gap-gaçlaryň hapa saklanylmagy, keseli dörediji bakteriýalary köpçülikleýin ýaýradýan siňekleri ýok etmäge gönükdirilen çäreleriň ýerine ýetirilmezligi, umuman, arassaçylyk düzgünleriniň berk berjaý edilmezligi sebäp bolýar. Içgeçme çagalarda agyr geçýär. Näsag çaga ynjalykdan gaçyp, aglaýar, işdäsi peselýär, ukusy bozulýar, bedeniniň temperaturasy ýokarlanýar. Soňabaka ol gaýtaryp başlaýar, içi geçýär. Uly täreti ýygylaşýar, suwuk bolup, ýaşyl reňke öwrülýär. Täretinde iriň, käte gan görünýär. Ganly içgeçmede (dizenteriýa) täret tüýkülik görnüşinde bolup, onuň mukdary azalýar, nemli ýa

Gerçek ýigitlere

Ata ýurda gulluk etseňiz, esas —Watan duzy, ene süýdi bolmaly.Gül Watan mundanam gülläp öser has,Päk ýürekli jigerbendi bolmaly. Ýigidi är etjek goşant goşmasy,Gerek bolsa şirin jandan geçmesi,Arkadagymyzyň paýhas çeşmesi,Atalaryň wesýet, öwdi bolmaly.

Obam

Seň goýnuňda ösüp kemala geldim,Obam, ömür ýolum senden başlanýar.Bu gün alyslardan salama geldim,Obam, ömür ýolum senden başlanýar. Sende geçdi çagalygmyň şat döwri,Sende geçdi gaýgy-gamyň ýat döwri.Gül goýnuňda geçirsedim bir ömri,Obam, ömür ýolum senden başlanýar.

Iň halaýan günüňiz hakynda

Her günüň özboluşly bir aýratynlygynyň bolşy ýaly, onuň adama täsiri-de dürli-dürlüdir. Meselem, adamlaryň käbiri aýlaryň belli bir senelerini ýa-da hepdäniň haýsy-da bolsa bir gününi saýlap, şol güni özi üçin şowly hasaplaýar. Psihologiki seljermelerde bellenilişi ýaly, adamyň keýpine onuň halaýan güni hem özboluşly täsirini ýetirýär. Halaýan günüňiziň ýörelgesi we gündelik durmuşdaky üstünlikleriňize, şeýle hem häsiýet aýratynlygyňyza ýetirýän täsiri barada käbir syrlary öwrenmek isleseňiz, bu psihologiki seljerme size anyk netijeleri berip biler! Hepdäniň ilkinji güni bolan duşenbäni adamlaryň käbiri biraz kyn gün hasaplaýar. Aslynda, duşenbe adamda täze pikirleri döredip, iş meýilnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mümkinçilik döredýär. Psihologlar duşenbe gününiň ýaltalygy ýeňip geçmek üçin iň amatly gündügini maslahat berýärler. Duşenbäni halaýan adamlarda öňdengörüjilik, maksada okgunlylyk, zähmetsöýerlik we hyjuwlylyk ýaly häsiýetler jemlenendir.

Buzgaýmak barada

Güneşli Diýarymyzda çagalaryň söýgüli tomus pasly dowam edýär. Ýurdumyza yssy howa akymynyň aralaşmagy netijesinde buzgaýmagy iýmäge bolan isleg öňküsinden hasda artýar. Biz hem size yssy howanyň göwün küýsegi bolan buzgaýmak baradaky gyzykly maglumatlaryň birnäçesini ýetirmek isledik: Ilkinji döredilen wagty we ýeri

Arzuwlaryň hasyl bolýan diýary

Indi 30 ýyla golaý wagt bäri ýurdumyz özüniň saýlap alan we şöhratly pederlerimiziň Watany, parahatçylygy, ylalaşygy hem-de milletiň bitewüligini goramak ýaly köpasyrlyk arzuwlarynyň wysalyna öwrülen ýoly bilen, gurýar, döredýär, ynamly öňe barýar. Häzirki döwürde ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň şöhratly işler, beýik başlangyçlar, ýetilen sepgitler we uly üstünlikler bilen beslenen täze taryhyny ýazýar. Milli Liderimiz: «Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygy hem-de Bitaraplygy ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan uly güýçdür» diýýär. Döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasy bilen eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açýar. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde gadymy ata-babalarymyzyň mährinden, sahawatyndan bina bolan dost-doganlyk köprüsi barha berkeýär. Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan eziz Watanymyz dostlugyň, doganlygyň gülleýän bagtyýar mekanydyr. Bu gün mähriban halkymyz şanly baýramyň şanyna başlan toýuny her welaýatda, ýatda galyjy taryhy pursatlar bilen ýaýbaňlandyrýar. Düýn, ýagny 21-nji iýulda mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Daşoguz şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we onuň ýanynda 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle-de Daşoguz şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda 6 sany 16 öýli, 6 sany 24 öýli, 1 sany 32 öýli, 2 sany 48 öýli 4 gat

Türkmenistan — dost-doganlyk ýurdy

Eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy energetika, senagat, ulag, söwda ýaly ugurlarda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge esaslanýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Hazarýaka ýurtlaryň bäşisiniň çägi Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan hem-de üstaşyr ulag, söwda geçelgeleriniň netijeli işlemegini, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýük daşalmagynyň kadalaşdyrylmagyny üpjün edýän geografik giňişlik bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn başlangyçlary ulag ulgamynda-da özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Merkezi Aziýa, Hazar sebitiniň ýurtlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol syýasy ugur bolsa, oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Biziň ýurdumyz bu ugurda yzygiderli ädimleri ätmek bilen, sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşandyny goşýar.

Edep, terbiýe, görelde — mertler üçin ýörelge

Öz hünärine ezber, sagdyn, berk bedenli, ruhubelent, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek milli ýörelgelerimiziň biridir. Haçan-da her bir maşgalanyň binýady berk bolanda, kämil we sagdyn pikirli jemgyýet emele gelýär. Bu günki gün islendik türkmen maşgalasynyň öz perzendine berýän öwüdi Watany söýmek, ony gözüň göreji deýin goramakdan ybarat. Çünki ata-enäniň baş arzuwy öz perzentlerini watansöýüji, ilhalar şahsyýetler edip terbiýeläp ýetişdirmekdir. Hormatly Prezidentimiz: «Watan diýlen düşünje ynsan üçin örän mukaddesdir, bu düşünje adama ene süýdi, ata pendi bilen geçýär» diýip belleýär. Aslynda Watan, ata-ene mukaddeslikleriň naýbaşysy hasaplanylýar. Şahyr Kerim Gurbannepesowyň: Diňe enem-atam, Watan öňünde Üç büküldim, aýry kysmat küýsemen —

Dillere dessandyr her bir binasy

Bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz Watanymyzda parahat, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagymyzy üpjün edýän mähriban Arkadagymyzyň döwletimizi dünýä ýurtlarynyň ösen derejesine ýetirmekdäki alyp barýan işleri örän bimöçberdir. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda örän uly öňegidişlikler amala aşyrylýar. Şu esasdan ugur alyp, ýurdumyzyň gurluşyk ulgamy tarapyndan bina edilen we gurluşygy dowam edýän desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, Garaşsyz döwletimiziň geljegi bolan mähriban çagalar üçin niýetlenen çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, durmuş ulgamyna degişli bolan beýleki desgalaryň bina edilmegine döwlet Baştutanymyz tarapyndan örän uly ähmiýet berilýär. Şeýle iri gurluşyk işleri milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatynda alyp barýan tutanýerli işleriniň Watanymyzyň, halkymyzyň ösüşine berýän uly aladasynyň subutnamasydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iýul aýynyň 14-ine Arkadag Prezidentimiziň şa gadamy bilen bir günde iki sany ajaýyp binanyň ak patasy berildi. Olaryň biri Balkanabat şäherinde gurlup ulanylmaga berlen, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we onuň ýanyndaky 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabarasy, ýene-de biri hem Jebel şäherçesindäki gurluşygyna badalga berlen, dünýä ülňülerine doly gabat gelýän Halkara howa menzil

Medeni gezelenç guraldy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaraly harby ýörişe ykjam taýýarlyk görülýär. Dynç günlerinde bolsa, harby ýörişe gatnaşjak çagyryş boýunça harby gullukçylar bilen dürli medeni çäreler, aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Ine, ýakynda dabaraly harby ýörişe gatnaşýan şahsy düzüm bilen Janly tebigatyň milli muzeýine hem-de «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky «Watan mukaddesligi» muzeýine gezelençler guraldy. Harby gullukçylarymyz tebigatyň gaýtalanmajak keşbinden ruhy lezzet alyp, şol tebigaty goramagy özleriniň uly borjy hökmünde kesgitlediler. Gezelenç guralan medeni ojaklar baradaky gyzykly gürrüňleri diňlän, muzeýdäki täsin gymmatlyklary synlan esgerlerde galan täsirler, olaryň watançylyk duýgularynyň kämilleşmegine ýakyndan ýardam edýär we öz ýaşaýan topragyny çuňňur öwrenmäge, tüýs ýürekden goramaga bolan höweslerini ýokarlandyrýar. Merdana ata-babalarymyzyň ruhy siňen gymmatlyklarynda bolsa, ölmez-ýitmez ylahy güýç, keremli kuwwat bar.

Şan-şöhraty dünýä dolan bedewler

Halkymyzyň geçmişini-de, şu gününi-de taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewlerimizden gaýry göz öňüňe getirmek mümkin däl. Olaryň türkmen ýigitleriniň şat gününde gardaşy, ýow gününiň syrdaşy bolandygyna halkymyzyň gahrymançylykly eserleriniň biri bolan «Görogly» eposynda türkmen toýuna gelen Görogly begiň wagty hoş bolup, ýigitlere, gelin-gyzlara garap: Bäş menzilden bedew atlar çapylsyn, Her menzilde sermes guzy gapylsyn, Beglerime agyr halat ýapylsyn, Begler, gutlaň şu gün näzlim toýuny —

Wagyz-nesihat maslahaty

Golaýda maýor Şyhnazar Orazowyň serkerdelik edýän harby bölüminde, maýorlar Serdar Rejepow, Jumamyrat Taganýazow, Baýmyrat Taňrygulyýew, Jora Hasanow dagynyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Çärede «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ikinji okuw möwsüminiň meýilnamasy esasynda harby bölümiň öňünde durýan söweşjeň wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde harby gullukçylara öz hünärlerine bolan buýsanjy, ussatlygy, kämillige tarap ymtylyşy hem-de Watana bolan çäksiz söýgini ündeýän çykyşlar edildi. Soňra şahsy düzüme möwsümleýin kesellerden goranmagyň we arassaçylyk düzgünleriniň talaplaryny pugta berjaý etmegiň wajypdygy giňişleýin düşündirilip, açyk howadaky adam saglygyna zeper ýetirip biljek tozan bölejiklerinden goranmak üçin agyz-burun örtügini ulanmagyň ähmiýeti barada wideoşekiller görkezildi. Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli harby bölümde harby gullukçylaryň gatnaşmaklarynda dabaraly ýörişe, köpçülikleýin sport we medeni-dynç alyş çäreleriniň ýokary derejede geçirilmeginde bimöçber tagallalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Begenç ROZYPÄLWANOW,kapitan.

Sungatda saýlanan serkerde

Serhetçi serkerde bilen ýörite söhbetdeşlik taýýarlamaga baranymda, ol öz iş otagynda täze bir saz döredip oturan ekeni. «Girmäge rugsat ediň, ýoldaş maýor!» diýenime mähetdel ol edip oturan işinden ünsüni sowup, meniň bilen mähirli görüşdi. Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň, men: «Ýoldaş maýor, sizi biynjalyk edäýdim öýdýän» diýdim. «Ýok, ýok, heýem men biynjalyk bolarynmy, gaýtam: «Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna» diýleni boldy diýip, içki begenjimi daşyma çykaryp bilmän durandyryn. Edil şu wagt täze bir saz eserini ýazyp tamamladym. Indi şuny aýdym etmek üçin maňa goşgy gerek. Men bu aýdymy Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ähli Watan goragçylarymyza sowgat etmek isleýärin. Biziň baş maksadymyz Watan goragçylarynyň ruhuny galkyndyrmak ahyry» diýip göwnühoş ýylgyrdy. Elmydama işiň bähbidini ähli zatdan ileri tutýan serkerdäniň manyly gürrüňleri mende buýsanç duýgusyny döretdi. Şundan amatly pursat tapylmasa gerek diýibem, oňa maksadymy aýan etdim. Şeýlelikde, şol göwnaçyklygy bilen «Gowy niýet bilen gelipsiň, inim, gel, geç» diýip, iş stolunyň başyna çagyrdy. Çaý başynda biziň döredijilik söhbedimiz gyzyşyp gitdi. Harby aýdymlary joşgunly sazlaryň astynda ýerine ýetirmegiň hakyky ussady, uzak ýyllaryň dowamynda çekýän tutanýerli zähmeti bilen tanalýan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet owazlary» aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy, maýo