Gerçek ýigitlere

28 Iýul 2021
731

Ata ýurda gulluk etseňiz, esas —
Watan duzy, ene süýdi bolmaly.
Gül Watan mundanam gülläp öser has,
Päk ýürekli jigerbendi bolmaly.

Ýigidi är etjek goşant goşmasy,
Gerek bolsa şirin jandan geçmesi,
Arkadagymyzyň paýhas çeşmesi,
Atalaryň wesýet, öwdi bolmaly.

Kuwwat MEREDOW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, esger.