Dillere dessandyr her bir binasy

21 Iýul 2021
684

Bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz Watanymyzda parahat, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagymyzy üpjün edýän mähriban Arkadagymyzyň döwletimizi dünýä ýurtlarynyň ösen derejesine ýetirmekdäki alyp barýan işleri örän bimöçberdir. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda örän uly öňegidişlikler amala aşyrylýar. Şu esasdan ugur alyp, ýurdumyzyň gurluşyk ulgamy tarapyndan bina edilen we gurluşygy dowam edýän desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, Garaşsyz döwletimiziň geljegi bolan mähriban çagalar üçin niýetlenen çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, durmuş ulgamyna degişli bolan beýleki desgalaryň bina edilmegine döwlet Baştutanymyz tarapyndan örän uly ähmiýet berilýär. Şeýle iri gurluşyk işleri milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatynda alyp barýan tutanýerli işleriniň Watanymyzyň, halkymyzyň ösüşine berýän uly aladasynyň subutnamasydyr.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iýul aýynyň 14-ine Arkadag Prezidentimiziň şa gadamy bilen bir günde iki sany ajaýyp binanyň ak patasy berildi. Olaryň biri Balkanabat şäherinde gurlup ulanylmaga berlen, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we onuň ýanyndaky 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabarasy, ýene-de biri hem Jebel şäherçesindäki gurluşygyna badalga berlen, dünýä ülňülerine doly gabat gelýän Halkara howa menzilidir. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolýan şähergurluşyk taslamalary döwletimiziň okgunly ösüşiniň, halkymyzyň abadan durmuşynyň, gazanylýan netijeleriň we ýetilen sepgitleriň aýdyň beýanyna öwrülýär.

Seýitmyrat SEÝIDOW,
Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk institutynyň uly mugallymy.