"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +29... +31° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 730 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Ynsanyň barlygy — dünýäniň barlygy

Görsene, adamzadyň niçeme asyrlyk taryhy bar?! Millet, ýurt, halk, ilat, taýpa we tire, oba we şäher. Bu atlandyrmalaryň ählisiniň başyny-da, jemini-de diňe ýekeje zat — ynsan düzýär. Milleti millet, ýurdy ýurt, halky halk, ilaty ilat edýän, taýpa-tiräni, oba-şäheri düzýän-de adam. Adamsyz ne taýpa, ne-de tire, ne obadyr şäherler, millet, ýurt, halk bolan däldir. Görsene, adamzadyň durmuşda eýeleýän orny neneňsi uly?! Beýik Biribaryň saýasynda geçmişi beýgeldenem, ony galkyndyranam, hatda şu günlere ýetirip gelenem adamzat. Durmuşda adamzadyň ornunyň uly bolmagy ýöne ýere däl. Sebäbi adam özünden özgelerden — beýleki janlylardan we jansyz emläklerden örän tapawutly we şol tapawutlandyrma hem adamzady durmuşyň aýratyn bir uly bölegi edip saklaýar. Akyl ýetirmek, duýgulanmak, düşünmek, netije çykarmak, mundan başga-da, onlarça mysallar esasynda adamzadyň ukyp-başarnyk aýratynlygynyň dünýäde beýleki janlylara garanyňda has-da ýokardadygyny delillendirmek mümkin. Ýöne, elbetde, beýlekileriň orny hem pes däl.

Gelmedi

«Düýne çapar ugradylan»,Günlerden habar gelmedi.Dildara sowgat berilen,Güllerden habar gelmedi. Bolmasyn meni terk eden,Aýralyk — yşky berkider,Dogaýy salam äkiden,Ýellerden habar gelmedi.

Bagtyýarlygymyzyň beýik binasy

Hormatly Prezidentimiziň yhlasly we öndürijilikli zähmeti netijesinde ýurdumyz beýik sepgitleri eýeläp, dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öz ornuny berkitmek bilen, uly üstünlikleri gazandy. Watanymyzyň agzybir halky soňky ýyllarda zähmet ýeňişleri bilen, Gahryman Arkadagymyzyň täze taryhy eýýamynyň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasaty netijesinde belent derejä eýe bolup, bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap ynamly gadam urýar. Ýeri gelende aýtsak, milli Liderimiziň ýöredýän syýasaty has anyk durmuş ähmiýetli bolup, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar onuň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça kabul edilen Milli maksatnamasynyň talaplaryna, şähergurluşyk we beýleki maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde her ýyl ýurdumyzda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş merkezleri, şypahanalar we başga-da dürli maksatlara gönükdirilen beýleki durmuş-ykdysady desgalary ulanylmaga berilýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde 23-nji iýunda mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Kerki halkara howa menzilini, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegini hem-de bu desgalardaky döredilen döwrebap mümkinçilikleri buýsanç bilen aýtmak bolar.

Türkmen-Gyrgyz gatnaşyklary

Türkmen halkynda «Gelen — döwlet» diýen örän jaýdar aýdylan söz bar. Şonuň üçin-de myhmansöýerlik, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklary türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň özenini düzýär. Şu ýylyň 27-nji, 28-nji iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanda resmi saparda boldy. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Munuň şeýledigine 27-nji iýunda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisiniň guralmagy, ol ýerde türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň geçirilmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň ýaly işewür çäreler şu ýyl Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesini dabaralandyrýan ýurdumyzyň ýeten derejesini we ägirt uly ykdysady kuwwatyny açyp görkezmek üçin netijeli çäre bolup hyzmat edýär. Işewürlik duşuşygynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny döredip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam eder. 28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Söhbetdeşler dostlukly, birek-birege ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-gy

Türkmenistanyň energetika ulgamy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy has-da golaýlaşýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde asyrlara ýaň saljak tutumly işler, giň möçberli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Eziz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda düýpli ösüşler gazanylyp, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Dünýäniň häzirki zaman ylmynyň soňky gazananlary, kämil tehnologiýalary, sanly ulgamy ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylyp, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň dürli döwletleri hem-de dürli ulgamlarda uly tejribä we öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýar. Eziz Diýarymyzyň ykdysady we söwda hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynyň gerimi yzygiderli giňelýär we täze depgine eýe bolýar, dürli derejelerde aragatnaşyklar işjeňleşýär.

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagy

Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, dünýäde esasy energetika döwletleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasyny nebitgaz pudagy düzýär. Uglewodorodlary gözlemek we çykarmak, nebitgazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň hilini we görnüşlerini artdyrmak bilen bir hatarda, döwletimiziň maýa goýumlarynyň agramly bölegi gaýtadan işleýän kuwwatlyklary, düzümi döwrebaplaşdyrmagyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmagyň paýyna düşýär. Ýurdumyzyň kuwwatly serişdeler binýady bolsa, energiýa serişdelerini durnukly ibermek üçin uzak möhletleýin şertnamalary baglaşmaga esas berýär. Her ýylda onlarça milliard kub metr möçberde tebigy gaz ugradylýan Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlige beslenýändigini aňladýar. Şeýle hem halkara gatnaşyklary tejribesinde bu taslama döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we işjeň häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şeýle-de, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem gyzgalaňly dowam edýär. Energetika ulgamynda birnäçe möhüm taslamalary amala aşyrmakda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan HHR-niň iri kompaniýalary bilen oňyn tejribe toplanyldy. Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumynyň öňünd

Dost-doganlygyň nusgalyk ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda giň gerimli we aýdyň maksatly beýik işler üstünliki durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan gözbaş alýan ajaýyp eserleri bilen bagtyýarlyk döwrümiz has-da nurlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip gelen milli däp-dessurlarymyz barada gyzykly söhbet açylýar. Şeýle hem onda dost-doganlygy, ynsany birek-birege ýakynlaşdyrmagyň asylly ýörelgeleri aýdyň ýol hökmünde häsiýetlendirilýär.

Kitap — egsilmeýän hazyna

Ýurdumyzda ylmyň, bilimiň ösýän bagtyýarlyk döwründe kitaplaryň ähmiýeti has-da artýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki döwürde sanly tehnologiýalar ulgamyň ýokary derejedäki tejribelerini peýdalanyp, harby gullukçylara Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň kitap neşirleri bilen yzygiderli tanyşmaga mümkinçilikler döredildi. Ýakynda polkownik Jepbar Akyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary Tuwakgül Gylyjowanyň, Bibi Mämmedowanyň, şäher kitaphanalar ulgamynyň şahamçasynyň müdiri Züleýha Haýdarowanyň gatnaşmaklarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilip, halk köpçüligine ýetirilýän täze kitaplaryň hem-de neşirleriň many-mazmunyny we terbiýeçilik ähmiýetini harby gullukçylara giňişleýin düşündirmek we her bir Watan goragçysynda giň dünýägaraýşy ösdürmek maksady bilen täze kitaplaryň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Geçirilen çärede ýurdumyzda çap edilýän dürli kitaplardyr çeper edebiýatlaryň harby gullukçylaryň durmuşyndaky gymmatly ähmiýeti, şeýle hem döwletimizde neşir edilýän gazet-žurnallar bilen birlikde, sanly tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde giň gerime eýe bolan elektron kitaplaryň mümkinçilikleri barada täsirli çykyşlar edildi. Şeýle hem, harby bölümde kitap sergisi guraldy. Çykyşlar we sergide görkezilen täze kitaplar Watan gor

Häzirki döwrümiziň talaby

Ýakynda podpolkownik Batyr Gaýipowyň serkerdelik edýän harby bölüminde, welaýat harby prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi Agamämmet Mämiýewiň gatnaşmagynda şahsy düzüm bilen «Häzirki döwrümiziň talaby — öňüni alyş çärelerini güýçlendirip, jenaýatçylykly hereketlere ýol bermezlikden ybaratdyr» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Duşuşygyň dowamynda harby gullukçylaryň arasynda ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça harby bölümde alnyp barylýan toplumlaýyn çäreleri berk gözegçilikde saklamak barada hem aýratyn nygtaldy. Seýitmyrat BAÝRAMOW, maýor.

Itburnuň adam saglygyna peýdasy

Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, olary öz wagtynda ýüze çykaryp bejermekde, keramatly türkmen topragynda ösýän köp sanly baý ösümlik dünýäsiniň adam saglygyna melhemlik häsiýeti barada «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Bu kitapda dürli keselleri bejermek üçin otlardan, ýapraklardan, miwelerden we dermanlyk ösümlikleriň köklerinden dermanlary taýýarlamagyň we ulanmagyň ugurlary salgy berilýär. Şeýle-de ösümlikleriň her biriniň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy giňişleýin beýan edilýär. Ahal welaýatynda giňden ýaýran ösümlikleriň biri hem itburundyr. Itburun ösümliginiň köki, ýapragy, miwesi dermanlyk häsiýete eýe bolup, ol derman senagatynda giňden ulanylýar. Onuň miwesi bolsa azyk senagatynda çig mal hökmünde peýdalanylýar. Itburun agajyna Bäherden etrabynyň çägindäki daglyk obalarda duş gelmek bolýar. Itburun öz düzüminde adamyň saglygyna peýdaly bolan örän köp maddalary saklaýar.

Beýik şygary binýadyna öwren «Bagabat»

Baş baýlygymyzy hemişe üns merkezinde saklaýan Lukman Arkadagymyzyň saýasynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanynda ýaşaýan agzybir halkymyzyň saglygy hem abatlygy baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenini düzýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, döwlet Baştutanymyzyň işjeň syýasaty netijesinde ýurdumyz ilatyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak ugrunda belent sepgitlere ýetdi, uly üstünlikler gazandy. Bu ugurda köpugurly işler yzygiderli dowam etdirilip, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde, ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda lukmançylyk, şypahana-dynç alyş we syýahatçylyk ugruna degişli täze düzümler gurlup, ulanylmaga berildi. Biz hem, gazetimiziň şu gezekki sanynda halypa lukman Agajan Rejepow bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman «Bagabat» şypahanasy barada söhbetdeş bolduk: — 2020-nji ýylyň 6-njy noýabry saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýänler üçin ýatdan çykmajak ajaýyp günleriň biri boldy. Sebäbi şol gün hormatly Arkadagymyz mübärek Şa gadamlary bilen «Bagabat» şypahanasyny açyp, ulanmaga berdi. Şypahana toplumy bilen bir hatarda, oňa barýan döwrebap ýoluň gurlup, ulanyl

Suw we saglyk

Suw ýaşaýşyň gözbaşydyr, dirilik çeşmesidir. Onsuz ýaşaýşy göz öňüne getirip bolmaýar. Ol teşneligi gandyrýar, şeýle-de arassaçylygyň hem sagdynlygyň özenidir. Bu günki günde türkmen topragy jennetiň Erem bagyna öwrüldi. Suwdan tygşytly peýdalanyp, toprakdan gyzyl öndürýän başarjaň türkmen iliniň bereketli saçaklarynyň üsti ak bugdaýyň mele çöreginden dolup, «ak altyndan» belent-belent daglar döreýär. Bagtyýarlyk zamanasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde göm-gök bolup öwüsýän miweli we saýaly, pürli agaçlar, hoşboý ysly güller Diýarymyza görk berýär. Elbetde, bag-bakjalaryň hem gülläp gül açmagy, boý alyp ösmegi üçin-de suwuň belli bahasy ýokdur. Diýmek, ýaşaýşyň özeni suwdan ybaratdyr.

Kämillik näme?

Watan goragy adamyň ömründe uly mekdep bolup, her bir esger gulluk döwründe mertlik, watansöýüjilik, maksada okgunlylyk, batyrgaýlyk we erjellik ýaly häsiýetleri özünde kemala getirip, kämillige tarap aýgytly ädim ädýär. «Kämillik näme? Adam nädip kämil çykýar? Durmuşda haýsy ýollar kämillige eltýär?» diýen ýaly sowallar beýik ägirtleriň hem ömürboýy jogap gözläp giden sowallarydyr. Olar häzirlerem adamzadyň jogap gözläp ýören iň esasy sowallary. Çünki kämilligiň çägi ýok. Oýlanyp görsek, durmuşda saçyna ak düşüp, çagalyk endiklerinden saplanyp bilmedik adamlara duş gelýän wagtymyz az däldir. Emma munuň tersine, özi entek ýaş hem bolsa, durmuşda kän zady öwrenen, köp kitaplary okap, tejribe belentligine ýeten adamlara duş gelýän wagtymyz hem bolýar. Şol ýagdaýlaryň ikisinde hem «Bäh, bu adam nädip beýle bolup bildikä?» diýeniňi duýman galýarsyň. Olaryň ilkinjisi, durmuşa, daş-töweregindäkilere biperwaýlygy, jogapkärsiz çemeleşmegi bilen göze ilýän bolsa, beýlekisi ýaşynyň kiçiligine garamazdan öz akyl-paýhasy, durmuş hakda bilýänleri bilen bizi özüne çekýär.

Ene hüwdüsinden başlanýan söýgi

Ene söýgüsi — keramatly güýç. Oňa taý geljek zady näçe uzak oýlansagam tapmak mümkin däl. Çünki ol edil ylym ýaly çäksiz barlyk. Perzendiniň sallançagyny üwräp, gijäni ukusyz geçiren ene: «Ýadadym, irdim» diýmez, gaýta «Aýlanaýyn adyňdan» diýip hüwdi aýdar. Ýer togalagyny ýyladýan — bu ene mähriniň ýylysydyr. Eneleriň gasyn-gasyn elleriniň mähirden dokalan aýasynyň sypan başlaryna hatda keselem kär edip bilmez. Enäniň bagtlylygyny artdyrýan zat perzendiniň durmuşda ilhalar, Watana wepaly perzent bolup ýetişmegidir. Ene bilen perzent — olar iki ten we bir jandyr. Perzent enäniň bagrynyň parasydyr. Ýetginjeklik ýaşyna ýeten çaganyň goýberen ýalňyşlygy sebäpli ene ýüregi näçe ezilse-de, balasyna käýemez. Gaýtam: «Oglum ýigit çykyp barýar» diýip, oňa öwüt berer. Soňra mähriban ene perzendini çagyryş boýunça Watan gullugyna ugradar. Şol pursat enäniň gözleri ýaşlam bolsa, ýüregi ganatlydyr. Sebäbi ähli türkmen enesi-de perzendine näçe «Balam, balam» diýse-de, jigerbendiniň Watan ogludygyny her pursatda duýup ýaşaýar, perzendini il-gün üçin, Watan üçin kemala getirýär. Hatda özüniň ýekeje dikraram bolsa, halkyň bagty ugrunda alnyp barlan söweşlere ogluny ugradan merdana türkmen zenanlarynyň sanardan kändigine taryh gözli şaýatdyr. Şol sebäpli-de türkmen ýigitleri Watany goramagy öz öňündäki mukaddes borç, belent mertebe hasap edýär. Çünki Watana bolan beýik söýgi olaryň kalbyna ene

Kä günler

Kä günler şeýle tiz undulýar eken,Tersine, kä günler undulmaýar hiç.Säher ömür sallançagyn üwreýär,Belent maksatlara ýetilýändir giç. Ýyllara öwrülip garraýar günler,Yşk dünýäniň gözlerinde aglaýar.Ah, şu pursat gök zeminiň derdini,Gökden inýän damjalar hiç aňmaýar.

Rubagylar

Adam ogly bu dünýäge gelende,Ýaşaýşyň ugrunda ýüwrüp-ýelende,Abraýyny baýdak edip ýaşasa,Öz-özüni galdyrýandyr belende. ***

«Özüň bolmak» diýip nämä düşünýäris?!

Biz durmuşda «Özüň bol», ýa-da «Hiç kime meňzejek bolmaly däl» ýaly sözlere köp gabat gelen bolsak gerek. Dogrusy, özümem şol söze göni manysynda düşünýän ekenim. Köpimiz «Özüň bolmak diýip nämä düşünýärsiň?» diýen sowala: «Hiç kime meňzemezlik ýa meňzejek bolmazlyk, öz aýratyn ýoluňy döretmek, ýa-da bolmasa, özüňden aýratyn bir şahsyýet ýasamak» diýen ýaly jogaplary berip bileris. Ýöne söze düşünilmelisi ýaly, ýagny düşündirjek bolşumdaky manyda jogap berip bilerismi? Şol esasy sowal! Okuw söhbetleriniň birinde, has dogrusy, psihologiýa ylymlarynyň doktory Baýram Basarowyň söhbedinde şu sowala beren düşündirişine «bäh» diýip galdym (Belki, diňe mende şeýle täsir galdyran bolmagy hem ahmal). Alym mugallym: «Öz mümkinçilikleriňi dolulygyna peýdalanyp başaryp, öz bolup bileniň däl-de, bolup biljek derejäňde bolmak — özüň bolmakdyr» diýip, düşündiriş beripdi.

Durnukly energetika ösüşi

Hormatly Prezidentimiz ulus-ilimizi beýik geljegimize tarap ynamly alyp barýar. Şonuň bilen birlikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan hemişelik Bitarap Watanymyz ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklary ýola goýmak bilen bir hatarda, iri halkara guramalar bilen köpugurly özara hyzmatdaşlygy-da işjeň ösdürýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýän ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň nebitgaz we senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen iri senagat desgalary gurulýar. Energetika pudagynda däp bolan strategik gatnaşyklary saklamak bilen bir hatarda, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta-Gündogar ugurlary boýunça energetika hyzmatdaşlygyny has-da giňeldýär. Şeýle-de dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendir. Şoňa görä-de, köpugurly gaz geçiriji ulgamy döretmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.

Şa­han­daz­ illi türkmenim

Küý­se­gi saz, di­re­gi söz bo­lan pe­der­le­ri­miz heň­ňam­la­ra uza­jak, üs­tün­den dö­wür­ler aşyp, kö­nel­me­jek me­de­ni mi­ra­sy ne­sil­le­ri­niň kal­by­na guý­ma­gy ba­şa­ryp­dyrlar. Şa­han­daz­lyk, sa­hy­lyk, ha­lal­lyk, mert­lik, gaý­duw­syz­lyk, myh­man­sö­ýer­lik ýa­ly asyl­ly hä­si­ýet­le­ri ýol-ýö­rel­ge edi­nen da­nyş­ment hal­ky­my­zyň ba­ran ýe­ri gür bag­lyk, ba­san ýe­ri gül­zar­lyk bo­lup­dyr. Geç­mi­şe ser sal­saň, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň baý dur­muş tej­ri­be­sin­de ýer­lik­li aý­dy­lan sö­züň, pa­ra­hat­ly­ga gö­nük­di­ri­len sa­zyň gy­ly­jyň güý­jün­den-de rüs­tem ge­len­di­gi­ni in­kär edip bol­ma­jak, kän-kän del­i­lle­riň üs­ti bi­len my­sal ge­tir­se bo­lar. Ylaý­ta-da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Pa­ra­hat­çylyk sa­zy, dost­luk, do­gan­lyk sa­zy», «Ile döw­let ge­ler bol­sa...» ýa­ly dür­dä­ne ki­tap­la­ry­na ýüz­le­näý­me­li. Yk­dy­sa­dy­ýet ze­rur se­riş­de­le­ri sarp edip, me­de­ni­ýe­tiň ös­me­gi­ne ön­jeý­li go­şant goş­ýan bol­sa, me­de­ni­ýet hem öz ge­ze­gin­de köp­ta­rap­la­ýyn döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ro­waç­lan­ma­gyna iter­gi berip, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­me­gi­ne taý­syz gol­daw döred­ýär. Şol se­bäp­li-de ýur­du­myz­da «Türk­me­nis­tan­da Me­de­ni­ýet ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň 2019 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy» «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan