Ynsanyň barlygy — dünýäniň barlygy

7 Iýul 2021
575

Görsene, adamzadyň niçeme asyrlyk taryhy bar?! Millet, ýurt, halk, ilat, taýpa we tire, oba we şäher. Bu atlandyrmalaryň ählisiniň başyny-da, jemini-de diňe ýekeje zat — ynsan düzýär. Milleti millet, ýurdy ýurt, halky halk, ilaty ilat edýän, taýpa-tiräni, oba-şäheri düzýän-de adam. Adamsyz ne taýpa, ne-de tire, ne obadyr şäherler, millet, ýurt, halk bolan däldir. Görsene, adamzadyň durmuşda eýeleýän orny neneňsi uly?! Beýik Biribaryň saýasynda geçmişi beýgeldenem, ony galkyndyranam, hatda şu günlere ýetirip gelenem adamzat.

Durmuşda adamzadyň ornunyň uly bolmagy ýöne ýere däl. Sebäbi adam özünden özgelerden — beýleki janlylardan we jansyz emläklerden örän tapawutly we şol tapawutlandyrma hem adamzady durmuşyň aýratyn bir uly bölegi edip saklaýar. Akyl ýetirmek, duýgulanmak, düşünmek, netije çykarmak, mundan başga-da, onlarça mysallar esasynda adamzadyň ukyp-başarnyk aýratynlygynyň dünýäde beýleki janlylara garanyňda has-da ýokardadygyny delillendirmek mümkin. Ýöne, elbetde, beýlekileriň orny hem pes däl.

Baýmyrat MUSAÝEW,
«Esger».