Itburnuň adam saglygyna peýdasy

30 Iýun 2021
1312

Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, olary öz wagtynda ýüze çykaryp bejermekde, keramatly türkmen topragynda ösýän köp sanly baý ösümlik dünýäsiniň adam saglygyna melhemlik häsiýeti barada «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Bu kitapda dürli keselleri bejermek üçin otlardan, ýapraklardan, miwelerden we dermanlyk ösümlikleriň köklerinden dermanlary taýýarlamagyň we ulanmagyň ugurlary salgy berilýär. Şeýle-de ösümlikleriň her biriniň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy giňişleýin beýan edilýär.

Ahal welaýatynda giňden ýaýran ösümlikleriň biri hem itburundyr. Itburun ösümliginiň köki, ýapragy, miwesi dermanlyk häsiýete eýe bolup, ol derman senagatynda giňden ulanylýar. Onuň miwesi bolsa azyk senagatynda çig mal hökmünde peýdalanylýar. Itburun agajyna Bäherden etrabynyň çägindäki daglyk obalarda duş gelmek bolýar. Itburun öz düzüminde adamyň saglygyna peýdaly bolan örän köp maddalary saklaýar.

Orazgül MUHAMMEDOWA,
«Arçman» şypahanasynyň lukmany.