Bagtyýarlygymyzyň beýik binasy

30 Iýun 2021
738

Hormatly Prezidentimiziň yhlasly we öndürijilikli zähmeti netijesinde ýurdumyz beýik sepgitleri eýeläp, dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öz ornuny berkitmek bilen, uly üstünlikleri gazandy. Watanymyzyň agzybir halky soňky ýyllarda zähmet ýeňişleri bilen, Gahryman Arkadagymyzyň täze taryhy eýýamynyň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasaty netijesinde belent derejä eýe bolup, bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap ynamly gadam urýar.

Ýeri gelende aýtsak, milli Liderimiziň ýöredýän syýasaty has anyk durmuş ähmiýetli bolup, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar onuň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça kabul edilen Milli maksatnamasynyň talaplaryna, şähergurluşyk we beýleki maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde her ýyl ýurdumyzda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş merkezleri, şypahanalar we başga-da dürli maksatlara gönükdirilen beýleki durmuş-ykdysady desgalary ulanylmaga berilýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde 23-nji iýunda mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Kerki halkara howa menzilini, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegini hem-de bu desgalardaky döredilen döwrebap mümkinçilikleri buýsanç bilen aýtmak bolar.

Serdar MYRADOW,
«ESGER».