Kitap — egsilmeýän hazyna

30 Iýun 2021
714

Ýurdumyzda ylmyň, bilimiň ösýän bagtyýarlyk döwründe kitaplaryň ähmiýeti has-da artýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki döwürde sanly tehnologiýalar ulgamyň ýokary derejedäki tejribelerini peýdalanyp, harby gullukçylara Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň kitap neşirleri bilen yzygiderli tanyşmaga mümkinçilikler döredildi. Ýakynda polkownik Jepbar Akyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary Tuwakgül Gylyjowanyň, Bibi Mämmedowanyň, şäher kitaphanalar ulgamynyň şahamçasynyň müdiri Züleýha Haýdarowanyň gatnaşmaklarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilip, halk köpçüligine ýetirilýän täze kitaplaryň hem-de neşirleriň many-mazmunyny we terbiýeçilik ähmiýetini harby gullukçylara giňişleýin düşündirmek we her bir Watan goragçysynda giň dünýägaraýşy ösdürmek maksady bilen täze kitaplaryň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.

Geçirilen çärede ýurdumyzda çap edilýän dürli kitaplardyr çeper edebiýatlaryň harby gullukçylaryň durmuşyndaky gymmatly ähmiýeti, şeýle hem döwletimizde neşir edilýän gazet-žurnallar bilen birlikde, sanly tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde giň gerime eýe bolan elektron kitaplaryň mümkinçilikleri barada täsirli çykyşlar edildi. Şeýle hem, harby bölümde kitap sergisi guraldy. Çykyşlar we sergide görkezilen täze kitaplar Watan goragçylarynda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan harby gullukçylar şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren, her bir okyjyda kitaba bolan uly söýgini döredýän, şeýle-de, ajaýyp eserlerini halkymyza sowgat edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

Batyr ANNAGURDOW,
maýor.