Kämillik näme?

30 Iýun 2021
786

Watan goragy adamyň ömründe uly mekdep bolup, her bir esger gulluk döwründe mertlik, watansöýüjilik, maksada okgunlylyk, batyrgaýlyk we erjellik ýaly häsiýetleri özünde kemala getirip, kämillige tarap aýgytly ädim ädýär.

«Kämillik näme? Adam nädip kämil çykýar? Durmuşda haýsy ýollar kämillige eltýär?» diýen ýaly sowallar beýik ägirtleriň hem ömürboýy jogap gözläp giden sowallarydyr. Olar häzirlerem adamzadyň jogap gözläp ýören iň esasy sowallary. Çünki kämilligiň çägi ýok. Oýlanyp görsek, durmuşda saçyna ak düşüp, çagalyk endiklerinden saplanyp bilmedik adamlara duş gelýän wagtymyz az däldir. Emma munuň tersine, özi entek ýaş hem bolsa, durmuşda kän zady öwrenen, köp kitaplary okap, tejribe belentligine ýeten adamlara duş gelýän wagtymyz hem bolýar. Şol ýagdaýlaryň ikisinde hem «Bäh, bu adam nädip beýle bolup bildikä?» diýeniňi duýman galýarsyň. Olaryň ilkinjisi, durmuşa, daş-töweregindäkilere biperwaýlygy, jogapkärsiz çemeleşmegi bilen göze ilýän bolsa, beýlekisi ýaşynyň kiçiligine garamazdan öz akyl-paýhasy, durmuş hakda bilýänleri bilen bizi özüne çekýär.

Şemşat SAPAROWA,
kapitan.