"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Harby atlar dakyldy

Ýurdumyzda uly dabaralara beslenip geçirilen Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler jaýynda Gullugyň hataryna işe täze kabul edilen we hünär taýýarlygyny üstünlikli geçen ýaş harby gullukçylara harby atlary dakmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda harby gullukçylara leýtenant harby atlary dakyldy we olara hünär taýýarlygyny üstünlikli geçendigi barada şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Gün-günden ösýän we özgerýän Türkmenistan Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, bilime, ylma uly üns berilýär. Bilim ojaklarynda berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagy ugrunda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Hawa, eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, Döwlet migrasiýa gullugynda hem harby gullukçylara sanly ulgam arkaly okuw sapaklary dowamly okadylýar. Ine, şol gün hem Gullugymyzyň hataryna işe kabul edilen ýaş harby gullukçylaryň birnäçesi nobatdaky leýtenant harby adyna eýe boldy. Biz hem hünär taýýarlyk okuwlaryny üstünlikli geçip, leýtenant harby adyna we şahadatnamalara eýe bolan ýoldaşlarymyzyň ählisini tüýs ýürekden gutlaýarys!

Iň kämil mekdep

Golaýda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýazky möwsüminde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň düzüminde çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlan esgerleri ätiýaçlyga ugratmak dabarasy geçirildi. Ilki bilen, çagyryş boýunça harby gullugy üstünlikli tamamlan esgerler ir säherde paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna ter gül desselerini goýdular. Soňra harby gullukçylar Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebe gelip, bu ýerdäki hormatly Prezidentimiziň atasy, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline ter gül desselerini goýdular. Şeýlelikde, bu beýik ynsany, Watanyň wepaly ogluny sarpaladylar.

Ylymly ýaşlar — röwşen geljegimiz

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Ýaş alymlaryň bäsleşigine Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Ýakup Orunow hem gatnaşyp, 2-nji orna eýe bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldy. Harby talyp ýoldaşymyzyň gazanan bu ajaýyp üstünligi geljekki harby-lukmanlaryň, ýagny fakultetiň harby talyplarynyň diňe bir okuw maksatnamasy esasynda bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň ylmy kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn hem harby-lukmançylyk ylmyny ösdürmekde, ylmy açyşlary, innowasion tejribeleri, ylmy barlaglary alyp barýandyklaryna şaýatlyk edýär. Türkmen talyp ýaşlarynyň ylymly-bilimli bolmaklary, olaryň döwür bilen aýakdaş gidip, ylym bilen yzygiderli meşgullanmaklaryny gazanmak ugrunda amala aşyrýan bimöçber işlerinde hormatly Belent Serkerdebaşymyza berk jan saglyk, uzak ömür, hemişe üstünlikleriň we rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!

Magtymguly pyragy türkmen poeziýasynyň dürdänesi

Milli terbiýe barada söhbet açylanda, ilki bilen, çeper edebiýat we ondaky beýan edilýän tematiki pikirler aňyňda janlanýar. Milli edebiýat barada söhbet edilende bolsa, ilki bilen, Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi göz öňüňe gelýär. Çünki ol türkmen edebiýatynyň ilkinji ýolgörkezijileriniň biri bolmak bilen, nusgawy poeziýanyň milli ýörelgesini, milli gahrymanyny orta çykarmagy başaran şygyr äleminiň dürdänesi, türkmeniň akyldar şahyrydyr. Şahyryň islendik şygryndaky paýhasdan doly setirleri alyp görenimizde-de, olardaky türkmeniň milli ýörelgeleriniň, terbiýe mekdebiniň, aň-düşünjesiniň şöhlelenýändigini duýmak bolýar. Milli edebiýat — terbiýäniň özenini düzüjidir, edep-terbiýe maksatly aýtgylaryň, dürdäne setirleriň toplumyny özünde jemleýän bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr. Onda dürli garaýyşdyr pikirleriň üsti bilen terbiýäniň dürli görnüşlerinden peýdalanmak, olary aýdyň ýüze çykarmak ýaly ugurlar bar.

Raýatlyk we onuň hukuk esaslary

Adamyň syýasy, ykdysady, durmuş hukuklary bilen bir hatarda onuň raýatlyga bolan hukugyny we azatlyklaryny durmuşa geçirmek, döwletiň we jemgyýetiň demokratik ýörelgelerini we hukuk esaslaryny berkitmek ýurduň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarydyr. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde yzygiderli öňe sürýän hem-de dünýä bileleşiginiň doly goldawyna we ykrar etmegine eýe bolýan oňyn başlangyçlary aýdyň şaýatlyk edýär. Raýatlyk adamyň döwlet bilen durnukly hukuk arabaglanyşygydyr. Bu ýagdaýda şahsa, döwletiň kanunçylygyna laýyklykda, hukuklaryň we borçlaryň toplumynyň berilmegi göz öňünde tutulýar. Her ýurduň içerki hukugynyň instituty hökmünde raýatlyk hukuk kadalaryň jemi bolup, şahsyň şu döwlete degişliliginiň talaplaryny, raýatlygy edinmegiň we ýitirmegiň usullaryny hem-de şertlerini, hukuk ýagdaýynyň aýratynlyklaryny düzgünleşdirýär.

Jemgyýetimiziň sagdynlygy — ýurdumyzyň abadanlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ýaşlarymyzyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirip, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky işler Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bedenterbiýe bilen her gün meşgullanmak umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Sebäbi her gün ýerine ýetirilen sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, ruhuny belende göterýär. Elmydama hereketde bolmak bolsa bedeniňi berkitmekdir. Adam bedeniniň taplanmagynda hereketiň uly ähmiýeti bar. Bu ýerde hereketlilik diýmek bilen, maşklary ýerine ýetirmek, pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, welosiped sürmek, mundan başga-da, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly peýdaly endikleri göz öňünde tutýarys. Gündelik hereketde bolmak sagdynlygy, işe ukyplylygy, adam immunitetini artdyrýar.

Har­by tür­gen­ler ýo­ka­ry ne­ti­je­le­re eýe bol­du­lar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýe hereketlerini giňişleýin wagyz etmekde hem-de ony ösen derejä ýetirmekde ähli ulgamlarda uly işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň arasynda ýygy-ýygydan geçirilýän sport bäsleşikleri bolsa, aýdanlarymyza aýdyň subutnamadyr. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby türgenleri şu ýylyň maý aýynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda guralan XII uniwersiadada üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Türgenlerimiziň fiziki häsiýetlerini ýüze çykaryp, erjellik bilen gazanan üstünlikleri barada aýdanymyzda, ýeňil atletikanyň uzynlygyna bökmek görnüşi boýunça harby talyp Kerim Abdyýew 2-nji, 4x100 estafeta görnüşi boýunça harby talyplar Allanur Hümmilow, Begenç Beşimow, Nowruz Saburow, Kerim Abdyýew dagy 2-nji, 400 metr aralyga ylgamak boýunça harby talyplar Maksat Saparow 2-nji, Abdyrahman Nurgeldiýew 3-nji orny eýelemegi başardylar.

Paýtagtymyzyň waspyny edip

Şu günler milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly gymmatly eseri bilen baglanyşykly dabaralar gyzgalaňly dowam edýär. Şeýle çärelere Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde-de uly ähmiýet berilýär. Harby gullukçylaryň arasynda geçirilýän şeýle dabaralarda Aşgabat baradaky ajaýyp kitap hakda giňişleýin çykyşlar edilýär. Şol çykyşlarda bu dürdäne eseriň gözel paýtagtymyz Aşgabady, döwrümizi wasp edýän gymmatly hazynadygy, onda çeper beýan edilen pikirleriň watançy ýaşlary kemala getirmekde ornunyň uludygy dogrusynda-da aýratyn bellenilip geçilýär. Şeýle-de çäreleriň dowamynda kitabyň baý many-mazmuny — döwrümiziň keşbiniň açylyp görkezilişi, onda beýan edilýän pikirler, eseriň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki gymmaty, geljekki nesiller üçin ähmiýeti dogrusynda hem gürrüň edildi. Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiziň taýsyz yhlasynyň, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan Aziýanyň merjeni — paýtagtymyz Aşgabadyň iri syýasy şäherleriň birine öwrülendigi, şonuň ýaly-da ak şäherimiziň Merkezi Aziýada ylym-bilimiň, medeniýetiň, innowasiýalaryň merkezidigi hakdaky täsirli hem delilli pikirler, edilen çykyşlaryň özenini düzdi.

Ajaýyp kitabyň şanyna

Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni taryhy wakalara we toýdur baýramlara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna barýan, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygyny uludan bellän günlerimizde hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň elimize gowuşmagy ähli türkmen halky bilen birlikde biz — merdana Watan goragçylaryna ajaýyp toý sowgady boldy. Ajaýyp kitap gözel paýtagtymyzyň beýik ösüşlerini doly açyp görkezýär. Bu kitabyň paýtagtymyzyň dürli görnüşli suratlary bilen bezelmegi, Aşgabadyň şöhratly taryhyna degişli gymmatly maglumatlaryň ýerleşdirilmegi eseriň ähmiýetini, many-mazmunyny has-da artdyrýar we baýlaşdyrýar. Golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eseri bilen baglanyşykly dabaraly çäre geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebiniň serkerdeleri, professor-mugallymlary we harby talyplary gatnaşdylar. Dabara gatnaşan Watan goragçylary täze kitap hakynda baý many-mazmunly çykyşlary etdiler. Çykyşlarda milli  Liderimiziň her bir täze eseri Watan goragçylarynyň ýankitabyna öwrülýär diýlip bellenildi.

Ylym ähli ösüşiň özenidir

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda rowaçly menziller bilen öňe barýan mähriban Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleri halkymyzy çäksiz buýsandyrýar. Ýetilen belent sepgitler, gazanylan uly üstünlikler döwletimiziň aýdyň maksatly geljeginden habar berýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ylym ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna, ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki zaman ösen ylym-bilimden habarly zehinli hünärmenleriň, inženerleriň, tehnologlaryň we alymlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem, bu ugurda kabul edilen resminamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olardan «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakynda», «Bilim hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Kanunlaryň kabul edilmegi türkmen ylmynyň aýdyň geljegini kepillendirýär.

Gün urmasyndan ägä boluň!

Gün urmasy yssy howa şertlerinde bedene ýeterlik derejede suwuň ýetmezçiligi esasynda döreýär. Adam yssy howa şertlerinde fiziki zähmet çekýän wagtynda derlemek arkaly ýitiren suwunyň bary-ýogy ýarysyny içýär. Yssy howanyň täsirinde açyk meýdan şertlerinde we daglyk ýerlerde ýokary fiziki işjeňlik ýagdaýynda çendenaşa derlemek, şeýle hem beýik ýerlere çykylanda dem alşyň ýygjamlaşmagy bilen beden suwuklygynyň köp mukdary ýitirilýär. Gün urmasynyň alamatlary köpdürlüdir. Bu ýagdaýa sezewar bolanlar dyngysyz teşnelige duçar bolýarlar. Onuň esasy aýratynlygy, ejir çekeniň teşnelik dowamlylygy, onuň ejir çeken wagtyndan köp bolmagy we işdäniň ýitmegi bilen beden agramyny ýitirýär. Ýüzüniň reňki açyk çal reňkde, dodaklary gury, gögümtil öwüsýär. Agzynyň we gözüniň nemli bardasy guraýar. Gözleri içine çöküp, derisi gurap, ýygyrt atyp, çeýeligi peselýär. Beden gyzgynlygy 37,2-37,80C ýetýär. Harby gullukçylar ýokarda agzalan alamatlaryň bardygyny gören ýa-da duýan ýagdaýlarynda lukmanlara gyssagly ýüz tutmalydyrlar.

«Ertiriň haýyrly bolsun, oglum!»

Ýantorbalarymy mähir goşup bişiren ýagly çörekleriň, etli gutaplaryň, gowy görýän süýjüdir kökelerim bilen dolduryp, bazardan meniň üçin saýlap alan kütüje egin-eşikleriňi hem salyp, demirýol menzilinde iň giçki otla mündürip, tomsuň soňky aýynda paýtagta okuwa ugradanyň häzirki ýaly ýadymda. Şol gün otlynyň ugramagyna mähetdel bagryňa basyp, maňlaýymdan öpeniňi uly dünýä çalyşmaryn. Otla münenimem şoldy welin, el telefonyma SMS habary geldi: «Oglum, sag-amanja bar. Baraňsoň jaň edeweri. Ýoluň ak bolsun! Alla ýaryň, körpäm!» SMS-i okap, ýigitligiň döwrüni boýlaýan bolsamam, gizläp oturmaýyn, gözlerimiň owasyny ýaşdan doldurdym. Senem şeýle ahwaldadyň gerek, eje?! Otluda ýatmagy hiç endik edinmändirin (muny sen gowy bilýänsiň, eje?!). Garaz, şol gün eýde-beýde Marynyň demirýol menzilinden gaýdan otly Aşgabadyň demirýol menzilinde ýüküni ýazdyrdy. Goşlarym bilen düşmek kynrag-a boldy. Ýöne seniň süýji elleriň bilen taýýarlan ýagly çörekleriňdir gutaplaryňy iýmek höwesi meni agyr goşlaryň agramyndan halas etdi. Okuwa bolan höwesimiň birki ýyl gijä galandygyna garamazdan, täze hyjuw bilen talyplyga başladym. Okuwa başlan günlerimden bäri seni uly bir täzelik bilen begendiribem bilmedim. Ogluň ynjyk häsiýetlerini özüň bilýäň-ä, eje? Ýöne sen alada etme, eje, men ýalňyz däl. Sebäbi näme diýýäňmi? Her ir säher şäherde Günüň dogşy obadakydan biraz tapawutly. Köp gatly umumy ýaşaýyş jaý

«10 müň sagatda geniý bolup bolar»

Halkara derejesini göterýän ýokary okuw mekdebimiz bakalawrlary taýýarlaýan uniwersitet bolansoň, okuwa kabul edilen talyplar ilkinji ýylyny dil öwreniş bölüminde iňlis dilini öwrenip geçirýär. Ýylyň dowamynda alnan synaglaryň jemi esasynda, ýokary netijeleri gazanan talyplar bakalawra geçmäge hukuk gazanýarlar. Synaglarynyň jemi pes netije görkezen talyba dil öwreniş bölümini täzeden okap, bakalawra geçmezinden öň dil bilimini kämilleşdirmäge mümkinçilik berilýär. Biz hem geçen ýyl žurnalistika hünäriniň talyplary bolup, hemmämizem dil öwreniş bölümini ýokary netijeler bilen tamamladyk. Netijeler belli bolan dessine, okuw işleri boýunça prorektorymyzyň ýygnagyndan soň, bizi bakalawrda okatjak mugallymlar bilen tanyşmaga alyp gitdiler. Şol günki pursat hiç ýadymdan çykanok: agras ýüzli, uzyn boýly, bugdaýreňk mugallym gapydan girdi. Hemmämiz ýerimizden turup, iňlis dilinde salamlaşdyk. Salamymyzy alyp, ýerine geçen mugallym iňlisçe özüni tanyşdyryp, bakalawrlara öwredilýän sapaklar barasynda gürrüň berdi. Ol biziň kafedra müdirimiz eken. Biz bilenem tanşyp bolansoň, ol öz endigine gör-ä şeýle sowal bilen ýüzlendi:

Ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklary

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga hem-de görnüşlerini köpeltmäge gönükdirilen ykdysady syýasatyna laýyklykda, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýöriteleşdirilen senagat kärhanalary ulanylmaga berildi. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän zawody, Gyýanlydaky tebigy gazy gaýtadan işläp, polietilen we polipropilen öndürýän polimer zawody, Garabogazda gurlan karbamid dökünlerini öndürýän zawody we başgalary mysal getirmek bolar. Bu iri önümçilik kärhanalary türkmen energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmakda örän möhüm orun eýeleýär. Olar Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýewropa döwletleriniň dünýä belli kompaniýalary bilen ýola goýlan ýakyn hyzmatdaşlyk esasynda durmuşa geçirildi. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyz Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryna has-da ýakynlaşmak maksadyny — iri strategiki maksatnamalary öňe sürýär. Bu ulgamda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de daşky gurşawy goramak babatyndaky ählumumy meseleleri çözmek nukdaýnazaryndan, ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek ýaly möhüm ähmiýete eýe bolan iri taslamalar üstünlikli durmuşa geç

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, öňdengörüjilikli tagallasy bilen Garaşsyz Diýarymyzyň bagtyýar nesilleri baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz hakdaky alada öwrüldi. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Gökderede, welaýat merkezlerinde, ähli şäherdir obalarymyzda mähriban çagalaryň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän şirin aýdym-sazlar, ajaýyp sahna oýunlary bilen çykyş etmekleri, döredijilik we sport bäsleşikleri, çagalaryň şadyýan gülküleriniň belentden ýaňlanmagy abadançylygyň we bagtyýarlygyň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, çagalarymyzyň bagtyýarlygy Watanymyzyň kuwwatydyr. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda bagy-bossanlyga öwrülen ajaýyp Watanymyz bu günki gün dünýä ýüzüne şugla saçýar. Ata-babalarymyz öz nesillerine, ogul-gyzlaryna arassa ahlakly terbiýe beripdirler we bu ajaýyp däp häzirki günlerde hem dowam edýär. Ösüp barýan ýaşlarda edep-terbiýäni, aň-düşünjäni berkitmek maksady bilen, pederlerimiz gadymda dürli oýunlary hem oýlap tapypdyrlar. Oýunlaryň netijesinde çagalar, bir ýandan, dynç alsalar, beýleki bir tarapdan, aň-bilimlerini kämilleşdiripdirler. Şol bir wagtyň özünde çagalarda ata Watana, durmuşa, tebigata bolan söýgi, ýaşaýşa bolan höwes hem artypdyr.

«Altyn ýyldyz» — altyn geljegimiziň kepili

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Mähriban çagalarymyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän şirin owazly aýdymlary, joşgunly sazlary belentden ýaňlanýar, şadyýan gülküleri zemini doldurýar.

Hu­kuk hep­de­li­gi geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümlerinde hukuk hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň çäklerinde polkownik Amangeldi Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynda welaýat harby prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi Agamämmet Mämiýewiň şeýle-de serkerdäniň orunbasary, maýor Ogulnur Hajybabaýewanyň gatnaşmaklarynda harby bölümleriň serkerdeleri we borçnama boýunça harby gullukçylary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda harby gullukçylara ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli taryhy özgertmeler, döwletimiziň kanunçylyk esaslary hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adam hukuklarynyň hemmetaraplaýyn goralýandygy barada giňişleýin gürrüň berildi. Begenç ROZYPÄLWANOW, kapitan.

Ýürek mähri siňen sungat

Golaýda 3-nji derejeli kapitan Tirkiş Mämmedowyň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň Medeniýet öýünde zenan harby gullukçylaryň, harby gullukçylaryň maşgalalarynyň we şäheriň zenanlar guramasynyň wekili Aky Döwletowanyň, merkezi kitaphananyň işgäri Ogulkeýik Seýidowanyň gatnaşmaklarynda hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň sünnäläp bejeren kürtesiniň, ören gülli jorabynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagyna bagyşlanan «Ýürek mähri siňen sungat» atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Arkadag Prezidentimiziň elinden dür dökülýän käbesiniň inçeden nepislik bilen keşdelän kürtesiniň hem ören jorabynyň tarypyny ýetirdiler. Dabaraly maslahat tamamlanandan soň, bu ýerde harby bölümiň «Deňiz tolkunlary» aýdym-saz we tans döredijilik toparynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Tebigaty ýangyndan goralyň!

Dynç günlerinde ýada zähmet rugsady wagtynda howanyň yssy günleri ildeşlerimiz maşgala agzalary bilen tämiz howaly, akar suwly tokaýseýilgäh zolaklarynda dynç alýarlar. Ol ýerlerde nahar bişirmek üçin ot ýakmagyň özboluşly düzgünlerini berjaý etmezden, ýangynyň ýüze çykmak howpuny döredýärler. Aşgabat şäherinde we welaýatlarda köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde ot ýakmak doly gadagan edilýär. Egerde çykgynsyz ýagdaý emele gelende, ot ýakmak üçin, çägeli ýada akar suwuň golaýynda ýerleşýän daşly ýerden peýdalanmaly. Ot ýakylmazdan öň, ot ýakyljak ýeriň 15 metr daştöweregi guran otçöplerden topraga çenli arassalanmalydyr. Ody ýarym metr çuňlukda ýada daşly ýer bolanda, töweregine daşlary örüp ýakmalydyr. Otdan peýdalanyp bolandan soň, ot suw ýada gum, çäge sepilip, doly söndürilmelidir. Köpçülikleýin dynç alyş ýerlerinde doly söndürilmedik otluçöp galyndysyny ýere taşlamak howpludyr. Şeýlede dynç alyş ýerlerinde çüýşe gaplaryny we aýna döwüklerini galdyrmaň, sebäbi şol aýna gaplaryň Günüň şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi bilen, ýangynyň döremegine sebäp bolmagy mümkin.

Göwünleriň ganaty

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, beýik özgertmelere beslenýär. Bagtyýar, bolelin durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan, yhlasly zähmet çekýän, döredýän we gurýan mähriban halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna uly guwanç hem buýsanç duýgulary, zähmet sowgatlary bilen barýar. Çünki Garaşsyzlyk özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, Garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi we milli bitewülik hakynda eden köpasyrlyk arzuwynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan mukaddeslikdir. Eziz Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy biziň edermen halkymyz üçin bolşy ýaly, tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin hem ähmiýetli taryhy wakadyr. Berkarar Watanymyzda milli Liderimiziň bütin dünýäde öňe sürýän parahatçylyk söýüjilik syýasaty, Watanymyzyň eşretli ertirleri üçin bitirýän ägirt uly işleri kalbyňda döredijilikli zähmet çekmäge bolan hyjuwy artdyrýar. Biziň mukaddes Garaşsyzlygymyzda beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň: «Berkarar döwlet islärin» diýen arzuwy, Ýunus Emräniň: «Meniň ilim dost ilidir» diýen paýhasly sözleri öz beýanyny tapýar.