Jemgyýetimiziň sagdynlygy — ýurdumyzyň abadanlygy

16 Iýun 2021
877

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ýaşlarymyzyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirip, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek baradaky işler Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Bedenterbiýe bilen her gün meşgullanmak umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Sebäbi her gün ýerine ýetirilen sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, ruhuny belende göterýär. Elmydama hereketde bolmak bolsa bedeniňi berkitmekdir. Adam bedeniniň taplanmagynda hereketiň uly ähmiýeti bar. Bu ýerde hereketlilik diýmek bilen, maşklary ýerine ýetirmek, pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, welosiped sürmek, mundan başga-da, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly peýdaly endikleri göz öňünde tutýarys. Gündelik hereketde bolmak sagdynlygy, işe ukyplylygy, adam immunitetini artdyrýar.

Gurbanjemal ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany.