Ajaýyp kitabyň şanyna

16 Iýun 2021
695

Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni taryhy wakalara we toýdur baýramlara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna barýan, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygyny uludan bellän günlerimizde hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň elimize gowuşmagy ähli türkmen halky bilen birlikde biz — merdana Watan goragçylaryna ajaýyp toý sowgady boldy. Ajaýyp kitap gözel paýtagtymyzyň beýik ösüşlerini doly açyp görkezýär. Bu kitabyň paýtagtymyzyň dürli görnüşli suratlary bilen bezelmegi, Aşgabadyň şöhratly taryhyna degişli gymmatly maglumatlaryň ýerleşdirilmegi eseriň ähmiýetini, many-mazmunyny has-da artdyrýar we baýlaşdyrýar.

Golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eseri bilen baglanyşykly dabaraly çäre geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebiniň serkerdeleri, professor-mugallymlary we harby talyplary gatnaşdylar. Dabara gatnaşan Watan goragçylary täze kitap hakynda baý many-mazmunly çykyşlary etdiler. Çykyşlarda milli  Liderimiziň her bir täze eseri Watan goragçylarynyň ýankitabyna öwrülýär diýlip bellenildi.

Arslan SAPAROW,
podpolkownik.