«Ertiriň haýyrly bolsun, oglum!»

16 Iýun 2021
1049

Ýantorbalarymy mähir goşup bişiren ýagly çörekleriň, etli gutaplaryň, gowy görýän süýjüdir kökelerim bilen dolduryp, bazardan meniň üçin saýlap alan kütüje egin-eşikleriňi hem salyp, demirýol menzilinde iň giçki otla mündürip, tomsuň soňky aýynda paýtagta okuwa ugradanyň häzirki ýaly ýadymda. Şol gün otlynyň ugramagyna mähetdel bagryňa basyp, maňlaýymdan öpeniňi uly dünýä çalyşmaryn. Otla münenimem şoldy welin, el telefonyma SMS habary geldi: «Oglum, sag-amanja bar. Baraňsoň jaň edeweri. Ýoluň ak bolsun! Alla ýaryň, körpäm!» SMS-i okap, ýigitligiň döwrüni boýlaýan bolsamam, gizläp oturmaýyn, gözlerimiň owasyny ýaşdan doldurdym. Senem şeýle ahwaldadyň gerek, eje?! Otluda ýatmagy hiç endik edinmändirin (muny sen gowy bilýänsiň, eje?!). Garaz, şol gün eýde-beýde Marynyň demirýol menzilinden gaýdan otly Aşgabadyň demirýol menzilinde ýüküni ýazdyrdy. Goşlarym bilen düşmek kynrag-a boldy. Ýöne seniň süýji elleriň bilen taýýarlan ýagly çörekleriňdir gutaplaryňy iýmek höwesi meni agyr goşlaryň agramyndan halas etdi. Okuwa bolan höwesimiň birki ýyl gijä galandygyna garamazdan, täze hyjuw bilen talyplyga başladym. Okuwa başlan günlerimden bäri seni uly bir täzelik bilen begendiribem bilmedim. Ogluň ynjyk häsiýetlerini özüň bilýäň-ä, eje? Ýöne sen alada etme, eje, men ýalňyz däl. Sebäbi näme diýýäňmi? Her ir säher şäherde Günüň dogşy obadakydan biraz tapawutly. Köp gatly umumy ýaşaýyş jaýymyzyň giň penjiresinden Günüň şöhlelerine belentden ser salmak has ýakymly. Men şol penjireden meni şu günlere getiren şäheriň ak ýollaryny, ondan gatnaýan adamlary synlap bilýärin. Olaryň ýanyna hyýalymda ylgap barýaryn. Bu gowy hä?! Şu pursatda şahyryň goşgy setirleri asmanyň ýüzüne keşdelenen ýaly bolaýýar:

Ykbal getiripdir şu günlere çen,
Diýmek, biz bagtly ýagty dünýäde.

Gurbanmyrat SARYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».