Raýatlyk we onuň hukuk esaslary

16 Iýun 2021
852

Adamyň syýasy, ykdysady, durmuş hukuklary bilen bir hatarda onuň raýatlyga bolan hukugyny we azatlyklaryny durmuşa geçirmek, döwletiň we jemgyýetiň demokratik ýörelgelerini we hukuk esaslaryny berkitmek ýurduň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarydyr. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde yzygiderli öňe sürýän hem-de dünýä bileleşiginiň doly goldawyna we ykrar etmegine eýe bolýan oňyn başlangyçlary aýdyň şaýatlyk edýär.

Raýatlyk adamyň döwlet bilen durnukly hukuk arabaglanyşygydyr. Bu ýagdaýda şahsa, döwletiň kanunçylygyna laýyklykda, hukuklaryň we borçlaryň toplumynyň berilmegi göz öňünde tutulýar. Her ýurduň içerki hukugynyň instituty hökmünde raýatlyk hukuk kadalaryň jemi bolup, şahsyň şu döwlete degişliliginiň talaplaryny, raýatlygy edinmegiň we ýitirmegiň usullaryny hem-de şertlerini, hukuk ýagdaýynyň aýratynlyklaryny düzgünleşdirýär.

Aýna NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jezalary ýerine ýetirmek müdirliginiň 2-nji bölüminiň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.