Gün urmasyndan ägä boluň!

16 Iýun 2021
930

Gün urmasy yssy howa şertlerinde bedene ýeterlik derejede suwuň ýetmezçiligi esasynda döreýär. Adam yssy howa şertlerinde fiziki zähmet çekýän wagtynda derlemek arkaly ýitiren suwunyň bary-ýogy ýarysyny içýär. Yssy howanyň täsirinde açyk meýdan şertlerinde we daglyk ýerlerde ýokary fiziki işjeňlik ýagdaýynda çendenaşa derlemek, şeýle hem beýik ýerlere çykylanda dem alşyň ýygjamlaşmagy bilen beden suwuklygynyň köp mukdary ýitirilýär.

Gün urmasynyň alamatlary köpdürlüdir. Bu ýagdaýa sezewar bolanlar dyngysyz teşnelige duçar bolýarlar. Onuň esasy aýratynlygy, ejir çekeniň teşnelik dowamlylygy, onuň ejir çeken wagtyndan köp bolmagy we işdäniň ýitmegi bilen beden agramyny ýitirýär. Ýüzüniň reňki açyk çal reňkde, dodaklary gury, gögümtil öwüsýär. Agzynyň we gözüniň nemli bardasy guraýar. Gözleri içine çöküp, derisi gurap, ýygyrt atyp, çeýeligi peselýär. Beden gyzgynlygy 37,2-37,80C ýetýär. Harby gullukçylar ýokarda agzalan alamatlaryň bardygyny gören ýa-da duýan ýagdaýlarynda lukmanlara gyssagly ýüz tutmalydyrlar.

Agajan AKYÝEW,
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, lukmançylyk gullugynyň maýory.