«10 müň sagatda geniý bolup bolar»

16 Iýun 2021
737

Halkara derejesini göterýän ýokary okuw mekdebimiz bakalawrlary taýýarlaýan uniwersitet bolansoň, okuwa kabul edilen talyplar ilkinji ýylyny dil öwreniş bölüminde iňlis dilini öwrenip geçirýär. Ýylyň dowamynda alnan synaglaryň jemi esasynda, ýokary netijeleri gazanan talyplar bakalawra geçmäge hukuk gazanýarlar. Synaglarynyň jemi pes netije görkezen talyba dil öwreniş bölümini täzeden okap, bakalawra geçmezinden öň dil bilimini kämilleşdirmäge mümkinçilik berilýär.

Biz hem geçen ýyl žurnalistika hünäriniň talyplary bolup, hemmämizem dil öwreniş bölümini ýokary netijeler bilen tamamladyk. Netijeler belli bolan dessine, okuw işleri boýunça prorektorymyzyň ýygnagyndan soň, bizi bakalawrda okatjak mugallymlar bilen tanyşmaga alyp gitdiler. Şol günki pursat hiç ýadymdan çykanok: agras ýüzli, uzyn boýly, bugdaýreňk mugallym gapydan girdi. Hemmämiz ýerimizden turup, iňlis dilinde salamlaşdyk. Salamymyzy alyp, ýerine geçen mugallym iňlisçe özüni tanyşdyryp, bakalawrlara öwredilýän sapaklar barasynda gürrüň berdi. Ol biziň kafedra müdirimiz eken. Biz bilenem tanşyp bolansoň, ol öz endigine gör-ä şeýle sowal bilen ýüzlendi:

Sülgün BAZAROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».