Ýürek mähri siňen sungat

9 Iýun 2021
934

Golaýda 3-nji derejeli kapitan Tirkiş Mämmedowyň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň Medeniýet öýünde zenan harby gullukçylaryň, harby gullukçylaryň maşgalalarynyň we şäheriň zenanlar guramasynyň wekili Aky Döwletowanyň, merkezi kitaphananyň işgäri Ogulkeýik Seýidowanyň gatnaşmaklarynda hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň sünnäläp bejeren kürtesiniň, ören gülli jorabynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagyna bagyşlanan «Ýürek mähri siňen sungat» atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Arkadag Prezidentimiziň elinden dür dökülýän käbesiniň inçeden nepislik bilen keşdelän kürtesiniň hem ören jorabynyň tarypyny ýetirdiler. Dabaraly maslahat tamamlanandan soň, bu ýerde harby bölümiň «Deňiz tolkunlary» aýdym-saz we tans döredijilik toparynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Maýagözel TAGANGURDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, maýor.