Iň kämil mekdep

16 Iýun 2021
782

Golaýda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýazky möwsüminde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň düzüminde çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlan esgerleri ätiýaçlyga ugratmak dabarasy geçirildi. Ilki bilen, çagyryş boýunça harby gullugy üstünlikli tamamlan esgerler ir säherde paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna ter gül desselerini goýdular.

Soňra harby gullukçylar Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebe gelip, bu ýerdäki hormatly Prezidentimiziň atasy, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline ter gül desselerini goýdular. Şeýlelikde, bu beýik ynsany, Watanyň wepaly ogluny sarpaladylar.

Rüstem KULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň serkerdesi, maýor.