"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Watan mukaddesligi

Watan — bize ata-babalarymyzyň bagyş eden iň uly mirasy. Şonuň üçin her bir türkmen nesli Watany hiç haçan bahasyna ýetip bolmaýan iň beýik mukaddeslige deňeýär. Watan — ynsanyň ýüreginden başlanýar. Watansöýüjilik terbiýesi bolsa maşgaladan gözbaş alýar. Sebäbi adamyň ilkinji Watany onuň enesiniň gujagy, kemala gelen ojagydyr. Biziň her birimiziň ykbalymyz Watan bilen bagly. Watan — bagtyýar ýaşaýşymyzyň şaýady. Şonuň üçin hem türkmen nesli dünýä inen gününden başlap, şulara bagly gymmatlyklary beýan edýän hüwdi bilen kemala gelýär. Kesewini dürtseň hem pyntyk ýarýan bu topraga ata-babalarymyzyň ruhy, ene-mamalarymyzyň hüwdüsi siňendir. Gadymyýetde türkmen diýen beýik milletiň göbek ganynyň damyp, önüp-örňän, döwlet tapan maşgalasynda ogul terbiýesine aýratyn üns berlipdir. Elbetde, Watan üçin, halk üçin dogumly, mert, gaýduwsyz ýigitler gerek. Göroglynyň güýç-kuwwaty, öz il-güni üçin garadangaýtmaz batyr keşbi ar-namysyny, halkyny, maşgalasyny goramaga oňa agyr ýagdaýlarda goldaw berýär. Batyrlygyň şeýle nusgalary ene topragymyzyň perzentlerini watanperwerlige çagyrýar. Watan özüniň gerçekleri bilen beýikdir. Watanyň abraýy onuň merdana ogullary bilen beýgelýär. Oguz kowmundan dörän türkmen ýigitleri mertligi, batyrlygy, garadangaýtmazlygy, ajaýyp adamkärçilik sypatlary bilen tapawutlanypdyrlar. Şonuň netijesinde bolsa, taryhyň galagoply ýyllarynda halkyň bagty ugrunda alny

Kerwen geçen ýollary yzarlap

Çagakak Aşgabat hakda oňa gidip gelenlerden köp eşiderdik. Belent-belent jaýlar, seýilgähler, çagalar üçin ýörite gurlan dynç alyş merkezler, garaz, şol ýerlerde düşülen fotosuratlar ählimiziň gözümizi eglärdi. Gezelenç edip gelen synpdaşymyzyň daşyny gallardyk. Ine, bu Ertekiler dünýäsi, bu ýeri ýadygärlik diýip gürrüň berýän ýoldaşymyza gözümiz giderdi. Içimizdenem: «Bizem dynç alşa çykanymyzda gidäýsedik» diýip hyýal ýüwürderdik. Iň bärkijesi awtobuslarda gidip barýarkaň, şähere gezelenje gelenler hatar gurap duran ýokary okuw mekdepleriniň deňesinden geçenlerinde çagajygyna ýüzlenip: «Seret, balam, geljekde senem şular ýaly bilim ojaklarynda okap, bilim almaly, ýüzüňe syl!» diýýän sözlerine örän imrinýärsiň. «Oglum paýtagtda okap ýör. Gyzymy paýtagtda işe alyp galdylar. Oglum jaý toýuny tutýar. Şony gutlamaga Aşgabada barýarys» diýlen ýaly ata-eneleriň buýsançly sözlerini köp eşidýäris. Edil şol pursat Aşgabatdaky ýaşaýyş has başgaça görünýär. Haýran galaýmaly. Duz nesibäň çekip ýaşap başlasaň, ozalky pikir ýöretmeleriň, göz öňüne getirmeleriň durmuşy bolýar duruberýär. Şäheriň ajaýyp binalaryna, köp adamly köçelerine, bäş welaýatdan gelip, dogan ýaly gatnaşýan adamlara nazar aýlanyňda bolsa göwnüň giňäp gidiberýär. Özüm-ä muňa Aşgabadyň jadylaýjy güýji diýip düşünýärin.

Yssy howadan goranyň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary hökman berjaý etmegi maslahat berýärler: Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.

Parahatçylyga gönükdirilen ýörelge

Taryhda müdimilik ýitmejek yz galdyran ata-babalarymyz asyrlarboýy dünýäde baky parahatçylygyň berkarar bolmagynyň, döwletleri, halklary agzybirlige çagyryp, birek-birek bilen dostana gatnaşyklary ýola goýmagyň tarapdary bolupdyr. Ata-baba gelýän bu ýol-ýörelgäni yzygiderli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy parahatçylygyň, asudalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwürdi. Batly gadamlary bilen öňe barýan ýurdumyz özüniň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny gyşarnyksyz berjaý etmek arkaly, dünýä ýurtlarynyň ençemesi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Bu dostana gatnaşyklar hem pähimli pederleri parahatçylygyň küýseginde bolan halkymyzyň bütin dünýäde asudalygyň, halklar arasyndaky dost-doganlygyň dabaralanmagyna uly goşant goşýandygynyň aýdyň beýanydyr. Paýtagtymyzda hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işleri hem bu aýdanlarymyzy ýene bir gezek subut edýär. Bu hem döwletimiziň yzygiderli alyp barýan Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruna wepalydygynyň aýdyň subutnamasy bolup, Türkmenistanyň we BMG-niň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Şunuň özi hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gün-günden ilerleýändigini aňladýar.

Garaşsyzlyk — baky bagtymyz

Güneşli Diýarymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýy ýetip gelýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň belleniljek ýylynyň her bir güni toýdur dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenýär. Mähriban türkmen halkymyza maddy, medeni we ruhy gymmatlyklaryny gaýtadan dikeltmäge giň mümkinçilik beren Garaşsyzlygymyz, beýik döwrüň beýik işlerine mynasyp başlangyçdyr. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň, merdana pederlerimiziň asyrlarboýy eden arzuwlarynyň wysal bolup, bütin zemine dabaralanmasydyr. Ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmesidir, ýagty geljeginiň buşlukçysydyr. Bizi Garaşsyzlyk baýramyna golaýladýan her bir günüň göwün galkyndyryjy ýakymy durmuşymyzy gurşap aldy. Bagtyýar halkymyz Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna uly ruhubelentlik we zähmet üstünlikleri bilen barýar. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň şahsy düzümi hem bu şanly senä häzirden ýokary derejede taýýarlyk görýär. Aýratynam, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guraljak dabaraly harby ýörişe harby gullukçylarymyz ykjam taýýarlyk görüp, bu ýörişde ynamly gadam urup, milli goşunymyzyň ýeten kuwwatyny bütin dünýä äşgär etmegi maksat edinýär.

Türkmenistan Watanym

Garaşsyzlyk alyp, özbaşdak bolup,Ösüp barýar Türkmenistan Watanym.Ýurdumyň Baýdagy asmana galyp,Ösüp barýar Türkmenistan Watanym. Sergin säheriňde bilbil saýraýar,Eziz çagajyklar gülüp oýnaýar.Paýtagtyma bakyp gözüm doýmaýar,Ösüp barýar Türkmenistan Watanym.

Sähra ýollary

Men bu ýoldan näçe sapar geçdimkäm,Aşyk bolup sähralaryň kalbyna?!Dostuma däl, sähra syrym açdym kän,Ýatlamalar öwrülende salgyma. Ýollaryň şowhunyn goýup özüne,Men bu ýollaň ümsümligin saýladym. Kalbym çoýup ak ojaryň közüne,Dünýä sähra bolup nazar aýladym.

Serkerdelik ýörelgeleri

Durmuş — bu ýaşalan günlerden däl-de, ýatda galan ýakymly pursatlardan ybarat bolmaly. Käbir halatlarda göwnüňe jaý bolmaýan ýagdaýlar hem bolýar. Olary ýatda saklasak, geljekde bu ýalňyşlyklar ikilenç büdretmez. Biz diňe öz goýberen hatalarymyzdan däl-de, özgeleriň goýberen ýalňyşlyklaryndan netije çykarmagy başarmaly. Durmuş şeýle bir gysga. Adam berlen wagty tygşytly, netijeli ulanmaly. Ýitirilen wagt yzyna gaýdyp berilmeýär. Şu ýerde hytaý halkynyň pähimlerini ýatladasym gelýär: «Eşideniňden göreniň ýagşy, göreniňden — bileniň, bileniňden — döredeniň». Ine, şonda, üstünligiň bir göteriminiň şowlulyga, galan 99 göteriminiň çekýän zähmetiňe baglydygyna düşünersiň.

Eziz Watanym!

Otuz ýyldan bäri galkynyp duran,Beýik Hak tarapyn ýalkanyp duran,Binýadyny mizemez hem berk guran,Sen meniň Watanym, eziz Watanym! Gerçekleriň saklaýarlar saklygy,Saňa söýgim — yhlasymyň haklygy.Göwünleriň ak daň deýin päkligi,Sen meniň Watanym, eziz Watanym!

Bagtly çagalygyň ýurdunda

1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde guralan dabaraly çärä gatnaşdy. Bu baýramçylyk dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, döwletimiziň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda BMG-niň esasy ýörelgelerine ygrarlylygynyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizildi. Şol gün paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda bu şanly sene mynasybetli guralan hem-de Türkmenistanda ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alnandygyny aýdyň görkezýän baýramçylyk çäreleri geçirildi. Şeýle-de körpelere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bagtly çagalygyň ýurdy we arzuwlaryň hasyl bolýan eziz Diýary bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge esasynda, ösüp gelýän ýaş nesiller ählitaraplaýyn alada bilen gurşalýar. Şonuň esasynda, sazlaşykly ösýän, beden taýdan sagdyn, ýokary bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen jemgyýetiniň ruhy gymmatlyklary, gadymdan gelýän däp-dessurlary we ahlak ýörelgeleri şol syýasatyň esasyny düzýär.

Hyzmatdaşlygyň aýdyň ýolunda

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerimizdäki hoş habarlar buýsanjymyza buýsanç goşýar. Ine, şeýle hoş habarlaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň döşe dakylýan altyn nyşany bilen sylaglanmagydyr. Bu ýokary sylag meşhur teleradiokompaniýanyň žurnalisti bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyza gowşuryldy. Media ulgamynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biri — «Mir» döwletara teleradiokompaniýasy umumy habarlar giňişligini saklamak hem-de GDA-da habarlary halkara derejede alyşmak maksady bilen 1992-nji ýylda döredildi. Biziň ýurdumyz bu kompaniýa millionlarça tomaşaçysy bolan, ýurtlaryň we halklaryň arasynda syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýän öňdebaryjy teleradiokompaniýalaryň biri hökmünde garaýar.

Bize mähribanlar — ata-ene gerek

Her maşgalanyň özüne mahsus däbi bolýar. Enem-atamyň doglan günlerini hemme doganlarymyz, ählimiz jem bolup gutlamak maşgala däbimizdi. Kakamyň 80 ýaş toýundan bir pursady ýatlamak isleýärin. Şonda doganlarym: «Kakamyza nähili sowgat etsek, ýerine düşerkä?» diýip, maňa maslahat saldylar. Kakam ruhubelent, göwnaçyk adam. Onsoň, onuň göwnüni diňe söz bilen, sungat bilen göterip, galkyndyryp boljakdy. Şoňa görä-de, birimiz goşgy bilen, birimiz saz çalyp, ýene birimiz aýdym aýdyp gutlasak, has ýerine düşer diýip pikir etdim. Ählimiz şu pikiriň daşynda jemlendik. Onsoň, her kim taýýarlyk görüp başlady. Wagtyň salymy ýok. Ine-de, kakamyň 80 ýaş toýy ýetip geldi. Gutlap başladyk.

Hemmäni çagyryp edermenlige

Ata Watanyny, ene topragyny jany-teni bilen söýýän, ähtine wepaly, şir ýürekli nesilleri kemala getirmekde peder terbiýesiniň, ruhy baýlygyň hem-de milli däp-dessurlarymyzyň uly orun tutýandygyny bilmeýän ýokdur. Olar ynsan, ata-ene, perzent gatnaşyklaryndaky mähribanlygy çuňlaşdyryp, hoşniýetliligi ýokarlandyrýar, üstünlikleriň ak ýoluna atarýar. Aslynda dünýä inmek, ýaşamak bagtdyr. Bu bagta ýetirýän ynsanlar bolsa, elbetde, ata-eneňdir. Ataň saýasynda, eneň gujagynda ýaşan günleriň ömrüň iň bagtly, durmuşyň iň datly pursatlarydyr. Diýmek, sagdyn düşünjä görä, perzent özüniň jahanda peýda bolmagynyň sebäpkärine, öz aslyna hormat we sarpa goýmalydyr, onuň asly bolsa, elbetde, ata-enedir. Ýaşuly nesle, onda-da ata-eneňe hormat goýmak biziň durmuşymyzyň iň ýokary ahlak gymmatlyklarynyň we hukuk kanunlarynyň biridir. Atalarymyzyň paýhasynda ata-ene we perzent, dogan-garyndaş gatnaşyklaryna — sylaşyga, hormat-sarpa uly orun berilýär. «Ataň barka dost gazan, atyň barka ýol», «Enem-atam — şirin dilli ussadym», «Kümşüň-gyzylyň könesi bolmaz, atanyň-enäniň–— bahasy» ýaly nakyllardyr atalar sözlerinde ata-ene mukaddesligi hakynda durmuş hakykaty görkezilýär.

«Ak şäherim Aşgabat» suratkeşleriň eserlerinde

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bagtyýar halkymyz Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly ruhubelentlik bilen belledi. Bu şanly senäniň şanyna 3-nji derejeli kapitan Tirkiş Mämmedowyň serkerdelik edýän serhet birikmesinde bölümçeleriň we serhet galalarynyň arasynda, «Ak şäherim Aşgabat» atly diwar synlamalarynyň bäsleşigi geçirildi. Geçirilen bu bäsleşik Serhet gullugymyzyň durmuşynda watançylyk ruhunyň dabaralanmasynyň nobatdaky görkezijisi boldy. Bäsleşikde tapawutlanan harby gullukçylar serhet birikmäniň serkerdesiniň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Döredijilik bäsleşigi

Golaýda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli podpolkownik Bazargeldi Annaniýazowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň çagyryş boýunça harby gullukçylarynyň arasynda «Köňülde buýsanjym sensiň, Aşgabat!» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige milli medeniýetimizden we sungatymyzdan oňat baş çykarýan, çeper söze sarpa goýýan esgerler gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Esger Nowruz Öwezdurdyýew bäsleşikde ýeňiji bolup, garnizonyň serkerdesiniň adyndan Hormat hatyna we gymmat bahaly sowgada mynasyp boldy.

Serhetçileriň sungat älemindäki üstünlikleri

Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanan günlerinde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan yglan edilen «Aşgabat bahary» atly kinofestiwalyna «Dost-doganlyk serhedi» harby gepleşiginiň döredijilik topary hem «Bagt şäheri» atly gysga göwrümli täze çeper filmi bilen gatnaşdy. Döredijilik topary bu filmi üçin Hormat haty bilen sylaglandy. Şeýle-de «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan yglan edilen «Ak şäherim Aşgabat» atly gysga metražly wideorolikleriň bäsleşigine hem Serhet gullugymyzyň «Dost-doganlyk serhedi» harby gepleşiginiň döredijilik toparynyň harby gullukçysy, kapitan Hekim Durdyýew hem paýtagtymyzy wasp edýän ajaýyp wideorolikleri bilen gatnaşyp, baýrakly 3-nji orna mynasyp boldy.

Harby talybymyzyň üstünligi

Ýakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen paýtagtymyz Aşgabat şäherini giňden wasp etmek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmak, şeýle-de ýaşlary sanly ulgamy wagyz etmäge işjeň çekmek, internet torlaryny netijeli peýdalanmaklaryny gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda döredijilik bäsleşigini geçirdi. Bu bäsleşik döredijiligiň fotosuratçylyk, nakgaşçylyk, goşgudyr makala ýazmak ýaly ugurlaryny öz içine alyp, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda örän ähmiýetli boldy. Netijede, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 2-nji ýyl harby talyby Mekan Ataballyýew bäsleşigiň makala ýazmak ugry boýunça baýrakly 3-nji orna mynasyp bolup, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatyna we ýadygärlik sowgadyna mynasyp boldy.

Gymmatly kitaby okap

Berkarar döwlete ýeten bagtyýar halkymyz bu gün ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby hem her bir türkmen raýaty üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr Kitap — bilimiň çeşmesi, geçmişiň şuglasy, şu günüň aýdyňlygy, geljegiň bolsa ýalkymly nurudyr. Magtymguly atamyzyň: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen sözlerini kalbynyň töründe göterýän okumyş türkmen halky hemişe kitap gymmatyny bilip, ony aýap, nesilden-nesle miras galdyrýan milletdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman

Garaşsyz Türkmenistan — adyň dillerde dessan

Türkmenistan diňe Aziýa yklymynda däl, eýsem, tutuş Ýer togalagynda hem parahatçylygy we hoşniýetli hyzmatdaşlygy berkarar etmäge amatly şert döredýän ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi bolsa taryhda ýetmişden gowrak döwlet döreden türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan döwlet gurujylyk we dolandyryş tejribesiniň üçünji müňýyllygyň bosagasyndaky täze taryhy zamananyň talaplaryna laýyklykda özboluşly ýüze çykmasydyr. Gadymy döwürlerden başlap türkmenleriň ata Watanynyň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda, Günbataryň hem-de Gündogaryň medeniýetleriniň sepleşýän ýerinde, dürli medeniýetleriň galtaşýan giňişliginde ýerleşendigi sebäpli, olaryň milli häsiýetiniň özboluşlylygy bilen bir hatarda, umumadamzat ähmiýetine eýe bolandygy, türkmenleriň dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan halklaryň sazlaşykly gatnaşyklaryny üpjün edýän ygtybarly halk hökmünde orta çykandygy onuň taryhyndan habarly bolan her bir adama aýan hakykatdyr.

Ykbalyny sporta baglan serhetçi türgen

1993-nji ýylyň 17-nji fewraly. Lebap welaýatynyň Saýat etraby. Ir säheriň buşluk habary Remezan aganyň hem-de Zybagül gelnejäniň agzybir maşgalasynyň gapysyndan bagt bolup ätledi. Olaryň agzybir ojagynda ýaňlanýan bäbejigiň jägildi sesi bagtly maşgalanyň şowhunyny has-da artdy. Mähriban ojagyň gujagy baky bagtyýarlyga beslenip, daşarynyň mymyk şemaly, onuň ugruna agaçlaryň şahalarynyň ygşyldaýyşlary, guşjagazlaryň ganat kakyşlary edil buşlukçy sazyň şanyna tans edýäne meňzeýärdi. Säher bilen dünýä inen gyzjagaza uly arzuwlar, ýagşy umytlar bilen «Maýa» diýip at dakdylar. Günler aýlara, aýlar ýyllara gol berip geçip durdy. «Iki aýakly iki günde» diýlişi ýaly, Maýajyk okuw ýaşyny dolduryp, ak mekdebiň bosagasyndan ätledi. Mekdep durmuşy, mugallymlarynyň öwredýän sapaklary onuň üçin gyzyklydy. Ol özüniň bilesigelijiligi, zehinliligi, ukyp-başarnygy bilen mekdep mugallymlaryna-da özüni aldyrmagy başardy. Bir gezegem ak kagyzyň ýüzüne sport toplumda türgenleşýän bir gyzjagazyň suratyny çekip: «Menem şular ýaly türgen boljak!» diýip, boýunjagazyny burup, kakasyna özüni sport mekdebine türgenleşige äkitmegi haýyş edipdi. Kakasy Maýajygyň höwesini gijikdirmän, ony öýleriniň golaýyndaky sport mekdebine alyp barýar. Remezan aga sport mekdebiniň türgeni Aman Ýagmyrow bilen hal-ahwal soraşyp, gyzynyň woleýbol oýnamaga höwesiniň bardygyny aýdyp, oňa tälimçilik etmegini haýyş edýär.