Garaşsyzlyk — baky bagtymyz

9 Iýun 2021
714

Güneşli Diýarymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýy ýetip gelýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň belleniljek ýylynyň her bir güni toýdur dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenýär. Mähriban türkmen halkymyza maddy, medeni we ruhy gymmatlyklaryny gaýtadan dikeltmäge giň mümkinçilik beren Garaşsyzlygymyz, beýik döwrüň beýik işlerine mynasyp başlangyçdyr. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň, merdana pederlerimiziň asyrlarboýy eden arzuwlarynyň wysal bolup, bütin zemine dabaralanmasydyr.

Ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmesidir, ýagty geljeginiň buşlukçysydyr. Bizi Garaşsyzlyk baýramyna golaýladýan her bir günüň göwün galkyndyryjy ýakymy durmuşymyzy gurşap aldy. Bagtyýar halkymyz Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna uly ruhubelentlik we zähmet üstünlikleri bilen barýar. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň şahsy düzümi hem bu şanly senä häzirden ýokary derejede taýýarlyk görýär. Aýratynam, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guraljak dabaraly harby ýörişe harby gullukçylarymyz ykjam taýýarlyk görüp, bu ýörişde ynamly gadam urup, milli goşunymyzyň ýeten kuwwatyny bütin dünýä äşgär etmegi maksat edinýär.

Agajan NIÝAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, kapitan-leýtenant.