Serhetçileriň sungat älemindäki üstünlikleri

2 Iýun 2021
903

Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanan günlerinde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan yglan edilen «Aşgabat bahary» atly kinofestiwalyna «Dost-doganlyk serhedi» harby gepleşiginiň döredijilik topary hem «Bagt şäheri» atly gysga göwrümli täze çeper filmi bilen gatnaşdy. Döredijilik topary bu filmi üçin Hormat haty bilen sylaglandy.

Şeýle-de «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan yglan edilen «Ak şäherim Aşgabat» atly gysga metražly wideorolikleriň bäsleşigine hem Serhet gullugymyzyň «Dost-doganlyk serhedi» harby gepleşiginiň döredijilik toparynyň harby gullukçysy, kapitan Hekim Durdyýew hem paýtagtymyzy wasp edýän ajaýyp wideorolikleri bilen gatnaşyp, baýrakly 3-nji orna mynasyp boldy.

Tahyr HOJAÝEW,
seržant.