Hemmäni çagyryp edermenlige

2 Iýun 2021
883

Ata Watanyny, ene topragyny jany-teni bilen söýýän, ähtine wepaly, şir ýürekli nesilleri kemala getirmekde peder terbiýesiniň, ruhy baýlygyň hem-de milli däp-dessurlarymyzyň uly orun tutýandygyny bilmeýän ýokdur. Olar ynsan, ata-ene, perzent gatnaşyklaryndaky mähribanlygy çuňlaşdyryp, hoşniýetliligi ýokarlandyrýar, üstünlikleriň ak ýoluna atarýar. Aslynda dünýä inmek, ýaşamak bagtdyr. Bu bagta ýetirýän ynsanlar bolsa, elbetde, ata-eneňdir. Ataň saýasynda, eneň gujagynda ýaşan günleriň ömrüň iň bagtly, durmuşyň iň datly pursatlarydyr. Diýmek, sagdyn düşünjä görä, perzent özüniň jahanda peýda bolmagynyň sebäpkärine, öz aslyna hormat we sarpa goýmalydyr, onuň asly bolsa, elbetde, ata-enedir.

Ýaşuly nesle, onda-da ata-eneňe hormat goýmak biziň durmuşymyzyň iň ýokary ahlak gymmatlyklarynyň we hukuk kanunlarynyň biridir. Atalarymyzyň paýhasynda ata-ene we perzent, dogan-garyndaş gatnaşyklaryna — sylaşyga, hormat-sarpa uly orun berilýär. «Ataň barka dost gazan, atyň barka ýol», «Enem-atam — şirin dilli ussadym», «Kümşüň-gyzylyň könesi bolmaz, atanyň-enäniň–— bahasy» ýaly nakyllardyr atalar sözlerinde ata-ene mukaddesligi hakynda durmuş hakykaty görkezilýär.

Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň harby-lukmançylyk fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.