Hyzmatdaşlygyň aýdyň ýolunda

2 Iýun 2021
690

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerimizdäki hoş habarlar buýsanjymyza buýsanç goşýar. Ine, şeýle hoş habarlaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň döşe dakylýan altyn nyşany bilen sylaglanmagydyr. Bu ýokary sylag meşhur teleradiokompaniýanyň žurnalisti bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyza gowşuryldy.

Media ulgamynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biri — «Mir» döwletara teleradiokompaniýasy umumy habarlar giňişligini saklamak hem-de GDA-da habarlary halkara derejede alyşmak maksady bilen 1992-nji ýylda döredildi. Biziň ýurdumyz bu kompaniýa millionlarça tomaşaçysy bolan, ýurtlaryň we halklaryň arasynda syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýän öňdebaryjy teleradiokompaniýalaryň biri hökmünde garaýar.

«Esger».