Garaşsyz Türkmenistan — adyň dillerde dessan

2 Iýun 2021
669

Türkmenistan diňe Aziýa yklymynda däl, eýsem, tutuş Ýer togalagynda hem parahatçylygy we hoşniýetli hyzmatdaşlygy berkarar etmäge amatly şert döredýän ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi bolsa taryhda ýetmişden gowrak döwlet döreden türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan döwlet gurujylyk we dolandyryş tejribesiniň üçünji müňýyllygyň bosagasyndaky täze taryhy zamananyň talaplaryna laýyklykda özboluşly ýüze çykmasydyr.

Gadymy döwürlerden başlap türkmenleriň ata Watanynyň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda, Günbataryň hem-de Gündogaryň medeniýetleriniň sepleşýän ýerinde, dürli medeniýetleriň galtaşýan giňişliginde ýerleşendigi sebäpli, olaryň milli häsiýetiniň özboluşlylygy bilen bir hatarda, umumadamzat ähmiýetine eýe bolandygy, türkmenleriň dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan halklaryň sazlaşykly gatnaşyklaryny üpjün edýän ygtybarly halk hökmünde orta çykandygy onuň taryhyndan habarly bolan her bir adama aýan hakykatdyr.

Azat SATLYKOW,
uly leýtenant.