Türkmenistan Watanym

9 Iýun 2021
761

Garaşsyzlyk alyp, özbaşdak bolup,
Ösüp barýar Türkmenistan Watanym.
Ýurdumyň Baýdagy asmana galyp,
Ösüp barýar Türkmenistan Watanym.

Sergin säheriňde bilbil saýraýar,
Eziz çagajyklar gülüp oýnaýar.
Paýtagtyma bakyp gözüm doýmaýar,
Ösüp barýar Türkmenistan Watanym.

Baýnazar BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, esger.