Watan mukaddesligi

9 Iýun 2021
888

Watan — bize ata-babalarymyzyň bagyş eden iň uly mirasy. Şonuň üçin her bir türkmen nesli Watany hiç haçan bahasyna ýetip bolmaýan iň beýik mukaddeslige deňeýär. Watan — ynsanyň ýüreginden başlanýar. Watansöýüjilik terbiýesi bolsa maşgaladan gözbaş alýar. Sebäbi adamyň ilkinji Watany onuň enesiniň gujagy, kemala gelen ojagydyr. Biziň her birimiziň ykbalymyz Watan bilen bagly. Watan — bagtyýar ýaşaýşymyzyň şaýady. Şonuň üçin hem türkmen nesli dünýä inen gününden başlap, şulara bagly gymmatlyklary beýan edýän hüwdi bilen kemala gelýär. Kesewini dürtseň hem pyntyk ýarýan bu topraga ata-babalarymyzyň ruhy, ene-mamalarymyzyň hüwdüsi siňendir.

Gadymyýetde türkmen diýen beýik milletiň göbek ganynyň damyp, önüp-örňän, döwlet tapan maşgalasynda ogul terbiýesine aýratyn üns berlipdir. Elbetde, Watan üçin, halk üçin dogumly, mert, gaýduwsyz ýigitler gerek. Göroglynyň güýç-kuwwaty, öz il-güni üçin garadangaýtmaz batyr keşbi ar-namysyny, halkyny, maşgalasyny goramaga oňa agyr ýagdaýlarda goldaw berýär. Batyrlygyň şeýle nusgalary ene topragymyzyň perzentlerini watanperwerlige çagyrýar. Watan özüniň gerçekleri bilen beýikdir. Watanyň abraýy onuň merdana ogullary bilen beýgelýär. Oguz kowmundan dörän türkmen ýigitleri mertligi, batyrlygy, garadangaýtmazlygy, ajaýyp adamkärçilik sypatlary bilen tapawutlanypdyrlar. Şonuň netijesinde bolsa, taryhyň galagoply ýyllarynda halkyň bagty ugrunda alnyp barlan söweşlerde ýeňiş diňe türkmen gerçekleriniň tarapynda bolupdyr. Çünki şahyr aýtmyşlaýyn: «Dünýäde ýaragy güýçlüler däl-de, ýüregi güýçlüler üstün çykýar».

Akbibi ILMÄMMEDOWA,
Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň 11-nji orta mekdebiniň mugallymy.