Ýakynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümlerinde hukuk hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň çäklerinde polkownik Amangeldi Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynda welaýat harby prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi Agamämmet Mämiýewiň şeýle-de serkerdäniň orunbasary, maýor Ogulnur Hajybabaýewanyň gatnaşmaklarynda harby bölümleriň serkerdeleri we borçnama boýunça harby gullukçylary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda harby gullukçylara ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli taryhy özgertmeler, döwletimiziň kanunçylyk esaslary hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adam hukuklarynyň hemmetaraplaýyn goralýandygy barada giňişleýin gürrüň berildi.
Begenç ROZYPÄLWANOW,
kapitan.