Göwünleriň ganaty

9 Iýun 2021
717

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, beýik özgertmelere beslenýär. Bagtyýar, bolelin durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan, yhlasly zähmet çekýän, döredýän we gurýan mähriban halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna uly guwanç hem buýsanç duýgulary, zähmet sowgatlary bilen barýar. Çünki Garaşsyzlyk özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, Garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi we milli bitewülik hakynda eden köpasyrlyk arzuwynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan mukaddeslikdir.

Eziz Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy biziň edermen halkymyz üçin bolşy ýaly, tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin hem ähmiýetli taryhy wakadyr. Berkarar Watanymyzda milli Liderimiziň bütin dünýäde öňe sürýän parahatçylyk söýüjilik syýasaty, Watanymyzyň eşretli ertirleri üçin bitirýän ägirt uly işleri kalbyňda döredijilikli zähmet çekmäge bolan hyjuwy artdyrýar. Biziň mukaddes Garaşsyzlygymyzda beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň: «Berkarar döwlet islärin» diýen arzuwy, Ýunus Emräniň: «Meniň ilim dost ilidir» diýen paýhasly sözleri öz beýanyny tapýar.

Ýagşymyrat NURYÝEW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň orunbasary, maýor.