Magtymguly pyragy türkmen poeziýasynyň dürdänesi

16 Iýun 2021
987

Milli terbiýe barada söhbet açylanda, ilki bilen, çeper edebiýat we ondaky beýan edilýän tematiki pikirler aňyňda janlanýar. Milli edebiýat barada söhbet edilende bolsa, ilki bilen, Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi göz öňüňe gelýär. Çünki ol türkmen edebiýatynyň ilkinji ýolgörkezijileriniň biri bolmak bilen, nusgawy poeziýanyň milli ýörelgesini, milli gahrymanyny orta çykarmagy başaran şygyr äleminiň dürdänesi, türkmeniň akyldar şahyrydyr. Şahyryň islendik şygryndaky paýhasdan doly setirleri alyp görenimizde-de, olardaky türkmeniň milli ýörelgeleriniň, terbiýe mekdebiniň, aň-düşünjesiniň şöhlelenýändigini duýmak bolýar.

Milli edebiýat — terbiýäniň özenini düzüjidir, edep-terbiýe maksatly aýtgylaryň, dürdäne setirleriň toplumyny özünde jemleýän bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr. Onda dürli garaýyşdyr pikirleriň üsti bilen terbiýäniň dürli görnüşlerinden peýdalanmak, olary aýdyň ýüze çykarmak ýaly ugurlar bar.

Azat ALTYÝEW,
podpolkownik.