Paýtagtymyzyň waspyny edip

16 Iýun 2021
619

Şu günler milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly gymmatly eseri bilen baglanyşykly dabaralar gyzgalaňly dowam edýär. Şeýle çärelere Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde-de uly ähmiýet berilýär. Harby gullukçylaryň arasynda geçirilýän şeýle dabaralarda Aşgabat baradaky ajaýyp kitap hakda giňişleýin çykyşlar edilýär. Şol çykyşlarda bu dürdäne eseriň gözel paýtagtymyz Aşgabady, döwrümizi wasp edýän gymmatly hazynadygy, onda çeper beýan edilen pikirleriň watançy ýaşlary kemala getirmekde ornunyň uludygy dogrusynda-da aýratyn bellenilip geçilýär.

Şeýle-de çäreleriň dowamynda kitabyň baý many-mazmuny — döwrümiziň keşbiniň açylyp görkezilişi, onda beýan edilýän pikirler, eseriň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki gymmaty, geljekki nesiller üçin ähmiýeti dogrusynda hem gürrüň edildi. Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiziň taýsyz yhlasynyň, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan Aziýanyň merjeni — paýtagtymyz Aşgabadyň iri syýasy şäherleriň birine öwrülendigi, şonuň ýaly-da ak şäherimiziň Merkezi Aziýada ylym-bilimiň, medeniýetiň, innowasiýalaryň merkezidigi hakdaky täsirli hem delilli pikirler, edilen çykyşlaryň özenini düzdi.

Ryza NURMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.