Ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklary

9 Iýun 2021
665

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga hem-de görnüşlerini köpeltmäge gönükdirilen ykdysady syýasatyna laýyklykda, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýöriteleşdirilen senagat kärhanalary ulanylmaga berildi. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän zawody, Gyýanlydaky tebigy gazy gaýtadan işläp, polietilen we polipropilen öndürýän polimer zawody, Garabogazda gurlan karbamid dökünlerini öndürýän zawody we başgalary mysal getirmek bolar. Bu iri önümçilik kärhanalary türkmen energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmakda örän möhüm orun eýeleýär. Olar Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýewropa döwletleriniň dünýä belli kompaniýalary bilen ýola goýlan ýakyn hyzmatdaşlyk esasynda durmuşa geçirildi.

Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyz Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryna has-da ýakynlaşmak maksadyny — iri strategiki maksatnamalary öňe sürýär. Bu ulgamda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de daşky gurşawy goramak babatyndaky ählumumy meseleleri çözmek nukdaýnazaryndan, ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek ýaly möhüm ähmiýete eýe bolan iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan esasy wezipe energiýa serişdelerini eksport etmek bilen bir hatarda, bu serişdelere artýan içerki zerurlyklary kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk senagaty ýaly esasy pudaklarynyň depginli ösüşi bilen şertlendirilendir.

«Esger».