Durnukly energetika ösüşi

23 Iýun 2021
852

Hormatly Prezidentimiz ulus-ilimizi beýik geljegimize tarap ynamly alyp barýar. Şonuň bilen birlikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan hemişelik Bitarap Watanymyz ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklary ýola goýmak bilen bir hatarda, iri halkara guramalar bilen köpugurly özara hyzmatdaşlygy-da işjeň ösdürýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýän ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň nebitgaz we senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen iri senagat desgalary gurulýar.

Energetika pudagynda däp bolan strategik gatnaşyklary saklamak bilen bir hatarda, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta-Gündogar ugurlary boýunça energetika hyzmatdaşlygyny has-da giňeldýär. Şeýle-de dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendir. Şoňa görä-de, köpugurly gaz geçiriji ulgamy döretmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.

«Esger».