Suw we saglyk

30 Iýun 2021
743

Suw ýaşaýşyň gözbaşydyr, dirilik çeşmesidir. Onsuz ýaşaýşy göz öňüne getirip bolmaýar. Ol teşneligi gandyrýar, şeýle-de arassaçylygyň hem sagdynlygyň özenidir.

Bu günki günde türkmen topragy jennetiň Erem bagyna öwrüldi. Suwdan tygşytly peýdalanyp, toprakdan gyzyl öndürýän başarjaň türkmen iliniň bereketli saçaklarynyň üsti ak bugdaýyň mele çöreginden dolup, «ak altyndan» belent-belent daglar döreýär. Bagtyýarlyk zamanasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde göm-gök bolup öwüsýän miweli we saýaly, pürli agaçlar, hoşboý ysly güller Diýarymyza görk berýär. Elbetde, bag-bakjalaryň hem gülläp gül açmagy, boý alyp ösmegi üçin-de suwuň belli bahasy ýokdur. Diýmek, ýaşaýşyň özeni suwdan ybaratdyr.

Gurbanjemal ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany.