Türkmen-Gyrgyz gatnaşyklary

30 Iýun 2021
634

Türkmen halkynda «Gelen — döwlet» diýen örän jaýdar aýdylan söz bar. Şonuň üçin-de myhmansöýerlik, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklary türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň özenini düzýär. Şu ýylyň 27-nji, 28-nji iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanda resmi saparda boldy. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Munuň şeýledigine 27-nji iýunda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisiniň guralmagy, ol ýerde türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň geçirilmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň ýaly işewür çäreler şu ýyl Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesini dabaralandyrýan ýurdumyzyň ýeten derejesini we ägirt uly ykdysady kuwwatyny açyp görkezmek üçin netijeli çäre bolup hyzmat edýär. Işewürlik duşuşygynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny döredip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam eder.

28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Söhbetdeşler dostlukly, birek-birege ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň Baştutanlary deňhukukly, özara bähbitli, uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna ünsi çekip, onuň köpugurly mümkinçilikleriniň netijeli amala aşyrylmagynyň umumy bähbitlere we Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýändigini nygtadylar. Şeýle hem Prezidentler sebitara we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

«Esger».