Mert ýigitler saýlanýar gaýraty bilen

28 Iýul 2021
774

Türkmen halky irki döwürlerden başlap, mert, edermen, är ýigitleri terbiýelemegiň we kemala getirmegiň nusgalyk mekdebini döretmegi başarypdyr. Taryhda döredilen atabeglik mekdeplerinde ylymdan, bilimden, ukypdyr başarnykdan ýüki ýetik gaýduwsyz nesilleri terbiýelemek esasy maksat bolup, diňe ýagşy we aýdyň ýola atarýan, ynsanda iň ýokary gymmatlyk hasaplanýan halkyň parahat durmuşyny üpjün etmek ýaly ynsanperwerlige ýugrulan ajaýyp häsiýetler kemala getirilipdir. Dogumdan don geýen, çyn gaýratly ýigitler bolsa Watanyň, halkyň, mukaddes topragyň goragçylarydyr. Şu meselede eždatlarymyz, aýratyn hem peder-perzent arasyndaky gatnaşyga uly üns beripdirler. Şonuň üçinem bu gatnaşyk halkymyzyň özboluşly milli pelsepesiniň, dünýägaraýşynyň, durmuş ýörelgeleriniň giden bir ulgamyny döredipdir. Halkymyz sarpa goýan bu gatnaşygyny dürli öwüşgini bilen öz edebi gymmatlyklaryna hem siňdiripdir. Onuň ilkinji çeper beýanlary öz köklerini halk döredijiligindäki hyýaly eserlerimizden, ertekidir rowaýatlarymyzdan alyp gaýdýar. Şeýlelikde, bu gatnaşyk halkymyza mahsus häsiýetleriň biri hökmünde nesilden-nesle geçip, milli häsiýetli gatnaşyklaryň esasylarynyň birine öwrülipdir.

Öz ykbalyny milletiniň, döwletiniň, jemgyýetiniň, onuň her bir maşgalasynyň agzybirligi, halallygy, mertligi bilen kesgitlän halkyň tutýan islendik tutumynda özüniň ertirini alada etmegi tebigydyr. Bu gatnaşykda öz dowamatyny gören halkymyz onuň üsti bilen döwlet, millet bähbidini hem duýup bilmegi üçin, bu terbiýäni esasy mekdepleriň biri hasaplapdyr. Şu atalyk mekdebiniň yzlary «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly şadessanlarymyzda aýdyň görünýär. Nesilbaşymyz Oguz hanyň ata-ogul gatnaşyklaryny döwlet, il-halk bähbitli gatnaşyga öwrendigi, onuň ogullaryna berýän agzybirlik baradaky nesihatlarynda bütin çuňlugy bilen açylýar. Oguz han öz ogullary bilen gatnaşygyny dogan bilen doganyň arasyndaky gatnaşyga siňdirmegiň hem aladasyny edipdir. «Gorkut ata» şadessanynda bu gatnaşyk täze öwüşginler bilen ösdürilýär. Şadessanyň «Bugaç han Derse han oglunyň boýy», «Baý Bugra beg ogly Bamsy Birek boýy», «Gazan begiň ogly Oraz begiň tussag bolmagy» we beýleki boýlarynyň atlandyrylyşy hem tötänleýin däldir. Şeýlelik bilen bu ýörelgeler nesillere geçirilip, biziň şu günlerimize çenli ýetip gelipdir.

Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň harby-lukmançylyk fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.