Köňülleriň soltany Alp Arslan

28 Iýul 2021
1024

Seljuklar nesilşalygynyň beýik soltany bolan Alp Arslanyň ady uzak ýyllar geçse-de, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin Gündogar halklarynyň kalplarynyň töründäki ornuny ebedileşdirip gelýär. Seljuk begiň Mikaýyl atly oglundan bolan Çagry begiň maşgalasynda 1029-njy ýylda ogul perzent dünýä inýär. Oňa «Alp Arslan» diýip at dakýarlar. «Arslan ýeňen» diýen manyny aňladýan bu at oňa ýaş ýigitkä arslany ýeňendigi üçin dakylypdyr.

Çagalygyndan ylym-bilim taýdan gory ýetik Alp Arslan kakasy Çagry begiň ýanynda bolup, ýaşlykdan harby tilsimleri ele alýar. 1063 — 1072-nji ýyllar aralygynda Beýik Seljuk türkmen döwletine hökümdarlyk eden Alp Arslan döwlet dolandyrylyşyny işgärleriň ýerli-ýerinde goýulmagy arkaly netijeli usula öwürýär. Onuň parasatly döwlet baştutany hökmünde ýurdunda ylym-bilimi, medeniýeti, sungaty ösdürmek ugrunda alyp baran işleri halkyň söýgüsini gazanmagyna getirýär.

Şöhrat MÜLKIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.