Edep, terbiýe, görelde — mertler üçin ýörelge

21 Iýul 2021
753

Öz hünärine ezber, sagdyn, berk bedenli, ruhubelent, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek milli ýörelgelerimiziň biridir. Haçan-da her bir maşgalanyň binýady berk bolanda, kämil we sagdyn pikirli jemgyýet emele gelýär. Bu günki gün islendik türkmen maşgalasynyň öz perzendine berýän öwüdi Watany söýmek, ony gözüň göreji deýin goramakdan ybarat. Çünki ata-enäniň baş arzuwy öz perzentlerini watansöýüji, ilhalar şahsyýetler edip terbiýeläp ýetişdirmekdir. Hormatly Prezidentimiz: «Watan diýlen düşünje ynsan üçin örän mukaddesdir, bu düşünje adama ene süýdi, ata pendi bilen geçýär» diýip belleýär. Aslynda Watan, ata-ene mukaddeslikleriň naýbaşysy hasaplanylýar. Şahyr Kerim Gurbannepesowyň:

Diňe enem-atam, Watan öňünde
Üç büküldim, aýry kysmat küýsemen —

Eziz ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.