Iň halaýan günüňiz hakynda

28 Iýul 2021
713

Her günüň özboluşly bir aýratynlygynyň bolşy ýaly, onuň adama täsiri-de dürli-dürlüdir. Meselem, adamlaryň käbiri aýlaryň belli bir senelerini ýa-da hepdäniň haýsy-da bolsa bir gününi saýlap, şol güni özi üçin şowly hasaplaýar. Psihologiki seljermelerde bellenilişi ýaly, adamyň keýpine onuň halaýan güni hem özboluşly täsirini ýetirýär. Halaýan günüňiziň ýörelgesi we gündelik durmuşdaky üstünlikleriňize, şeýle hem häsiýet aýratynlygyňyza ýetirýän täsiri barada käbir syrlary öwrenmek isleseňiz, bu psihologiki seljerme size anyk netijeleri berip biler!

Hepdäniň ilkinji güni bolan duşenbäni adamlaryň käbiri biraz kyn gün hasaplaýar. Aslynda, duşenbe adamda täze pikirleri döredip, iş meýilnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mümkinçilik döredýär. Psihologlar duşenbe gününiň ýaltalygy ýeňip geçmek üçin iň amatly gündügini maslahat berýärler. Duşenbäni halaýan adamlarda öňdengörüjilik, maksada okgunlylyk, zähmetsöýerlik we hyjuwlylyk ýaly häsiýetler jemlenendir.

Taýýarlan Rozaý BAZAROWA,
harby psiholog, maýor.