Sungatda saýlanan serkerde

21 Iýul 2021
1034

Serhetçi serkerde bilen ýörite söhbetdeşlik taýýarlamaga baranymda, ol öz iş otagynda täze bir saz döredip oturan ekeni. «Girmäge rugsat ediň, ýoldaş maýor!» diýenime mähetdel ol edip oturan işinden ünsüni sowup, meniň bilen mähirli görüşdi. Saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň, men: «Ýoldaş maýor, sizi biynjalyk edäýdim öýdýän» diýdim. «Ýok, ýok, heýem men biynjalyk bolarynmy, gaýtam: «Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna» diýleni boldy diýip, içki begenjimi daşyma çykaryp bilmän durandyryn. Edil şu wagt täze bir saz eserini ýazyp tamamladym. Indi şuny aýdym etmek üçin maňa goşgy gerek. Men bu aýdymy Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ähli Watan goragçylarymyza sowgat etmek isleýärin. Biziň baş maksadymyz Watan goragçylarynyň ruhuny galkyndyrmak ahyry» diýip göwnühoş ýylgyrdy. Elmydama işiň bähbidini ähli zatdan ileri tutýan serkerdäniň manyly gürrüňleri mende buýsanç duýgusyny döretdi. Şundan amatly pursat tapylmasa gerek diýibem, oňa maksadymy aýan etdim. Şeýlelikde, şol göwnaçyklygy bilen «Gowy niýet bilen gelipsiň, inim, gel, geç» diýip, iş stolunyň başyna çagyrdy. Çaý başynda biziň döredijilik söhbedimiz gyzyşyp gitdi.
Harby aýdymlary joşgunly sazlaryň astynda ýerine ýetirmegiň hakyky ussady, uzak ýyllaryň dowamynda çekýän tutanýerli zähmeti bilen tanalýan Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Serhet owazlary» aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy, maýor Orazmuhammet Gündogdyýew bilen söhbetdeş bolup, onuň döredijilik-sungat ýoly bilen baglanyşykly gürrüňlerini ildeşlerimize ýetirmegi makul bildik.

— Ýoldaş maýor, sizi döredijilige iteren zat näme?

Söhbetdeş bolan Myratgeldi HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň borçnama boýunça harby gullukçysy, starşina.